manolya
07.12.2023 21:45
MEN SENIŇ DÜNÝÄŇDE GALASYM GELÝÄR

Men seniň dünýäňde galasym gelýär,
Hem ganasym gelýär yssy mähriňden.
Öçügsi umytlam biraz janlanýar,
«Seni ýitirmerin» diýen ähtiňden.

Men seniň dünýäňde galasym gelýär,
Ornaşasym gelýär seniň ýadyňa.
Sen bolmasaň kim ýetişer, ezizim,
Duman örten duýgularmyň dadyna?

Men seniň dünýäňde galasym gelýär,
Duýdurasym gelýär bir ýerde barym.
Hem aýdasym gelýär Aýyň astynda,
Hiç kese dözmedik sözlermiň baryn.

Men seniň dünýäňde galasym gelýär,
Mende göwnüň ýokdugyny bilsem-de.
Ýöne garaş. Bir gün sensiz günleriň
Perdesini ahyrsoňy böwserin-de,
Ýaşaryn söýgini süňňüme öwrüp,
Her eşdemde howsalamy artdyran—
adyň ýöňkemede menlige öwrüp.


Altyngözel Amanmämmedowa.
31
151
gurbanspr
8 Dekabr 2023
@mawy, çyndanam bu goşgusy has gowy eken.
jems
7 Dekabr 2023
Gowy gosgy malades
tmyigit76
7 Dekabr 2023
@awgust, 😅😅+
tmyigit76
7 Dekabr 2023
@gulia_maksatmyradowna, bildiriş diýen postunda aýtdy seretýän ýok dp o wagty edil beýle däldi. A hazir şeýle
nabat_
7 Dekabr 2023
Bilesigeliji hem şu adminiñ progymy
paradisem
7 Dekabr 2023
@tmyigit76, hawwa kanun boyun 24 sagadyn icinde diyyade yone ondan gecyada
paradisem
7 Dekabr 2023
@gulia_maksatmyradowna, wahey aslynda 24 sagadyn icinde tassyklanar diyya sol bolmaly velin senki 48 sagady aşdymy menkem duynin su wagt goyulaan zat dur paherjik garaşyp
paradisem
7 Dekabr 2023
@gulia_maksatmyradowna, mem cykdyma ondan
paradisem
7 Dekabr 2023
@gulia_maksatmyradowna, wahey okasym geldida
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.