manolya
13.12.2023 00:01
Eý- how bu ýalançy oýny näteňet,
Geçen ömrüň göýä düýş bolup galdy.
Ataly-eneli bolandygyňa,
Ynamagyň özem iş bolup galdy.
Bu niçik ahwalat ,bu niçik oýun -
Düşünýärsiň ,ýöne bolaňok boýun.
Ýap -ýaňy ýatakda mäleýän goýun,
Gör ahyr gapyda läş bolup galdy.
Akyl ýetir ,geçme beýle çig bolup,
Ýaşa ,adam bäş gün keýpi çag bolup.
Edil ýaňja gün dogupdy çog bolup,
Seret oňa, eýýäm çäş bolup galdy.
Şol bir alada bar başynda hemmäň:
Gün-güzeran diýip atýarys hallan.
Sen neneňsi närse,
Sen näme heňňam ?
Alty dogan bardy ,bäş bolip galdy .
Hany,maýsa bolup çogýan ýylaklar...
Hany mele suwdan püre-pür kaklar .
Towşanyňka döndi arslan ỳürekler..
Ak çageler gara daş bolup galdy.
Heý,serhetiň-çägiň bolmazmy,sabyr,
Rysgal çakli boldy,ykballar agyr.
Görülen görgüdir çekilen jebir,
Bakyň , bagrymyzda baş bolup galdy.
Ötdi bahar paslym,jahyllyk ötdi..
Ýitdi,gumda goỳan yzlarym ýitdi.
Takdyr diýlen närse kejine tutdy,
Perişde peslere duş bolup galdy.
Gün aýlara,aý ýyllara ulaşdy.
Guýular gömüldi ,obalar göçdi.
Kerwen- kerwen bolup nesiller geçdi.
Düýnki syrlar bu gün paş bolup galdy.
Söýýän men ,elbetde, durmuşy söýýän.
Arman ,görüp durus ,garrady eýýam.
Bizem düýn çagadyk,gojaldyk eýýäm.
Diňe ak säherler ýaş bolup galdy.
@Berdinazar_Hudaýnazarow
30
73
manolya
11.12.2023 09:41
Ykbala.
Arzuwym o diýen ullakan zat däl:
Altyn däl, maşyn däl,ýa samolýot däl,
Owadan jäjek däl, ýasama at däl,
Ilkinji dilegim – kemlik den sakla.
Hemmejämiz adam – özümiz deň däl,
Kimiň düýbi çuňňur, kimiňki çuň däl.
Danadan öwrenmek beýlekä geň däl
Şeýle bolsun: Gyradeňlikden sakla.
Çagalygyň hözirinden aýyrma,
Ata ýurduň huzuryndan aýyrma.
Ömrümboýy emma emläp doýurma,
Wagty geleninde emzikden sakla.
Ene-de, ata-da bir gün gitmeli,
Soň özümiz olaň ornun tutmaly.
Gözýaşdanam halas etseň et weli,
Ýalbarýan, ýüregi doňlukdan sakla.
Işim rowaçlanyp ugrugan ýerde,
Ýolukdyrma hernä bolgusyz derde.
Asly ýeke, özi çäkli ömürde
Başganyň üstünden gülmekden sakla.
Öz ýolumda ýoldaşyma ynanman
Ýaşamaly etmäweri, eý aman!
Owalbaşda öz sazyňa guwanman,
Özgäniň sazyny çalmakdan sakla.
Bu owadan dünýä – guwanjym meniň,
Ygtybar dostlarym – daýanjym meniň.
Mukaddes baýdagym – ynanjym meniň,
Del baýdaga tagzym kylmakdan sakla.
Yzyňa göz aýla: nähili bolup
Geçdiň agyr döwrüň jahyly bolup.
Indem uly iliň şahyry bolup
Biarzy, bigadyr bolmakdan sakla.
Bir adam deregine alsalar sana,
Bolubilýär, eýsem, armanym näme?
Özgä öwüt berip danadan dana,
Soňundanam tarap çalmakdan sakla.
Başym bir, ýüzümem bolmasyn iki.
Özümi daraýyn hemmeden ilki.
Märekä baş etseň, etmäwer gülki,
Aşa ýüki arka almakdan sakla.
Garaşly etmeseň özümçe ýoga,
Taýýardyryn her dem „sag bol“ diýmäge.
Ygtyýar ber, gazanjymy iýmäge.
Azana duş etme, emgekden sakla.
Är dek çekip näme gelse başyňa;
Güýzüňden golaýlap barýaň gyşyňa…
Ýüküň bolsa ur ýene-de gerşime,
Oňa derek nähak ýumrukdan sakla
Berdinazar Hudaynazarow.
35
89
manolya
10.12.2023 22:57
Ýönekeý hakykat.
Bu eýýamda saňa beýik diýmezler
Dagyň depesine çykanyň bilen.
Ynanyň, şahyram bolup bolanok,
Diňe bir edebi lakamyň bilen.
Görgä goýup ýörmäň ýakyn-ýadyňy,
Özüňjik tap öz ýitiren zadyňy.
Il-gün saňa bermez pälwan adyny,
Özüňden ejizi ýykanyň bilen.
Dag däl-dä — bolmasa, dag göwresem bar,
Bagşy däl-dä — ýogsam ýetik sesem bar,
Bolasy ýok senden Mahmyt Esembaý,
Guwdurap bihada bökeniň bilen.
Ullakan däl zady ulaldyp bolmaz,
Aýdan-günden bölüp ýyl edip bolmaz.
Il-günüň göwresin ýyladyp bolmaz,
Ýol üstünde tezek ýakanyň bilen.
Daş depäňe gaçar ýokaryk atsaň,
Yzyňa göz aýla, öňe-de gitseň.
Kerwenbaşy bolmaz ahyr her keseden,
Boýnuna näçe jaň dakanyň bilen.
Bir agsagyň ile bildermez süri,
Çopan çaşy bolsa — şol ýaman ýeri.
Şunça yhlas edip dökseňem deri —
Depizde zat bitmez ekeniň bilen
Berdinazar Hudaýnazarow.
36
155
manolya
10.12.2023 16:23
Adam.
Täzeçe bir many aldy köp zatlar,
Köp zatlaryň öňki manysy gaçdy.
Bir ömürde meniň gören gudratym:
Adam göz öňümde çylşyrymlaşdy.
Adam adama dost diýlen sözlere
Müň bir ýerde meniň gözlerim düşdi,
Hernä, şeýle bolsun — neneň ýakymly,
Ýöne welin, adam çylşyrymlaşdy.
Dogry, şindem onuň şol öňki ady,
Dogry, şindem onuň şol öňki keşbi.
Ýöne ol — şol öňki adam däl indi,
Adam göz öňümde çylşyrymlaşdy.
Ol juda kän zada akyl ýetirip,
Öz-özünden başga bir syry açdy...
Ýöne ol — şol öňki adam däl indi,
Adam göz öňümde çylşyrymlaşdy.
Baýaky aý, ýyllar sogup barşyna
Zamana täze bir akyma geçdi.
Bähbitlisi bolsun — aýdylyşy ýaly —
Adam göz öňümde çylşyrymlaşdy.
Berdinazar Hudaýnazarow
31
78
manolya
09.12.2023 21:20
Esger hatlaryndan
Salam eziz enem şu gün men saňa,
Hat ýazyp begenji sowgat etmekçi.
Habar tutanogam diýýänsiň maňa,
Hyýalymda seň ýanyňa ýetmekçi.
Doganlam dostlarym kakamjan neneň,
Oba goňşy golam saglykmy bary.
Men seni şeýlebir küýsedim Enem,
Göremok keşbiňiz ençe wagt bäri,
Gulluga öwrenip wagtam tapdym,
Ýazara ýene bir esger hatyny.
Haty göýberdimde has ýeňil gopdum,
Bilýän sözlem çeker seň dykgatyňy.
Häzirem ýatlapjyk oturansyň belki,
Suratyma bakyp men hakda oýlap.
Menden baran haty alaňda ilki,
Begenjiňden ýaňa süýjülik paýlap.
Ýoklugymam bildirýändir kä halat,
Meniň halym ýagşy işlerim oňat.
Gaýgylanyp ýörmäň mydam geziň şat,
Allajan janyňyz goý bolsun sagat.
Ýoklugymdan käte gysýandyr içiň,
Hatlarmy gaýtalap okansyň nije.
Gaýtdym men watanym goramak üçin,
Tiz wagtdan öýe bararyn Eje.
Garşýaňmy
Joşup goşgy gazaly,
Gel tarypyň ýazaly,
Eý obamyň gözeli,
Sen maňa garaşýaňmy!
Gaýdar boldum gulluga,
Dözermiň aýralyga,
Söýgüm ýorup gowluga,
Sen maňa garaşýaňmy!
Sen elmydam aladam ,
Oýlap turýan aladaň,
Duşurar diýp Ýaradan,
Sen maňa garaşýaňmy!
Ýatlasam gözüň çekip,
Suratlaryma kän bakyp,
Ýalňyz gözýaşlar döküp,
Söýgülim garaşýaňmy!
Söýgim bolup güýjäp sen,
Geläý diýip tijäp sen,
Dertlerimi gorjap sen,
Sen maňa garaşýaňmy!
Özge oglana bakman,
Ünsi özüňe çekmän,
Tiz günden barýan hökman,
Sen maňa garaşýaňmy!
Bilýän araň daşlygyn,
Alan senä ýaşlygym,
Bar meň diýip aşygym,
Sen maňa garaşýaňmy!
Süleýman Tekäýew
31
101