manolya
13.12.2023 00:01
Eý- how bu ýalançy oýny näteňet,
Geçen ömrüň göýä düýş bolup galdy.
Ataly-eneli bolandygyňa,
Ynamagyň özem iş bolup galdy.

Bu niçik ahwalat ,bu niçik oýun -
Düşünýärsiň ,ýöne bolaňok boýun.
Ýap -ýaňy ýatakda mäleýän goýun,
Gör ahyr gapyda läş bolup galdy.

Akyl ýetir ,geçme beýle çig bolup,
Ýaşa ,adam bäş gün keýpi çag bolup.
Edil ýaňja gün dogupdy çog bolup,
Seret oňa, eýýäm çäş bolup galdy.

Şol bir alada bar başynda hemmäň:
Gün-güzeran diýip atýarys hallan.
Sen neneňsi närse,
Sen näme heňňam ?
Alty dogan bardy ,bäş bolip galdy .

Hany,maýsa bolup çogýan ýylaklar...
Hany mele suwdan püre-pür kaklar .
Towşanyňka döndi arslan ỳürekler..
Ak çageler gara daş bolup galdy.

Heý,serhetiň-çägiň bolmazmy,sabyr,
Rysgal çakli boldy,ykballar agyr.
Görülen görgüdir çekilen jebir,
Bakyň , bagrymyzda baş bolup galdy.

Ötdi bahar paslym,jahyllyk ötdi..
Ýitdi,gumda goỳan yzlarym ýitdi.
Takdyr diýlen närse kejine tutdy,
Perişde peslere duş bolup galdy.

Gün aýlara,aý ýyllara ulaşdy.
Guýular gömüldi ,obalar göçdi.
Kerwen- kerwen bolup nesiller geçdi.
Düýnki syrlar bu gün paş bolup galdy.

Söýýän men ,elbetde, durmuşy söýýän.
Arman ,görüp durus ,garrady eýýam.
Bizem düýn çagadyk,gojaldyk eýýäm.
Diňe ak säherler ýaş bolup galdy.

@Berdinazar_Hudaýnazarow
30
73
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.