manolya
10.12.2023 22:57
Ýönekeý hakykat.

Bu eýýamda saňa beýik diýmezler
Dagyň depesine çykanyň bilen.
Ynanyň, şahyram bolup bolanok,
Diňe bir edebi lakamyň bilen.

Görgä goýup ýörmäň ýakyn-ýadyňy,
Özüňjik tap öz ýitiren zadyňy.
Il-gün saňa bermez pälwan adyny,
Özüňden ejizi ýykanyň bilen.

Dag däl-dä — bolmasa, dag göwresem bar,
Bagşy däl-dä — ýogsam ýetik sesem bar,
Bolasy ýok senden Mahmyt Esembaý,
Guwdurap bihada bökeniň bilen.

Ullakan däl zady ulaldyp bolmaz,
Aýdan-günden bölüp ýyl edip bolmaz.
Il-günüň göwresin ýyladyp bolmaz,
Ýol üstünde tezek ýakanyň bilen.

Daş depäňe gaçar ýokaryk atsaň,
Yzyňa göz aýla, öňe-de gitseň.
Kerwenbaşy bolmaz ahyr her keseden,
Boýnuna näçe jaň dakanyň bilen.

Bir agsagyň ile bildermez süri,
Çopan çaşy bolsa — şol ýaman ýeri.
Şunça yhlas edip dökseňem deri —
Depizde zat bitmez ekeniň bilen

Berdinazar Hudaýnazarow.
36
155
nabat_
10 Dekabr 2023
@tim_, yol siziñ diyeninize genich dusinmedi oytyan
nabat_
10 Dekabr 2023
Ol dogry aytdy sizz düşunip bilmedik bolaymañ mnä düsinnim🤔
angelface
10 Dekabr 2023
@mawy, govyrqk ozin😊
angelface
10 Dekabr 2023
Hello🙋 name etyaniz
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.