manolya
30.12.2023 20:01
💙 Ejem 💙
E -nçeme gijäni ýatman geçirdiň,
J-anyňdan jan berdiň mähriban ejem.
E-liňde göterip daňyň atyrdyň.
M-innetdaryn saňa mähriban ejem.❤️


Awtory näbelli

Ejemjan uzak ýaşaň , janyňyz sag bolsun !
Bizi şu günlere getirdiňiz!😊

Täze ýyldan 1 gün öňem oturulýar 😅 dogrymy aýtsam ekenomika bolýar ,hersi üçin aýra zat almaly bolanok😁
28
132
manolya
28.12.2023 15:12
Ýigit nalasy...

Allahym gözini dok et ýigidiň,
Bir nebs ýolunda dertlere salma.
Berjegem özüň aljagam özüň,
Atyny alsaňam bagtyny alma.

Köňül törini aýna görkezmez,
Gyzaran ýigidi aýnada goýma.
Allahym bagt ber her bir ýigide,
Atyny alsaňam bagtyny alma .

Ýaýrasa ýaraşar ýigit baryna,
Begençden gülsin dogasyz etme.
Dagy parçalasyn halkyň gününe,
Saçy agarman bilini bükme.

awtory şu bolaýmasa :"Gurbangeldi Satybaldyýew "
39
78
manolya
27.12.2023 13:48
Aýna bakyp darap otyr zülpüni,
Ýogsa darak derkaram däl saçyna.
Nagyşly ýakasyn ezipdir göz ýaş,
Nätsin derdi sygmasa oň içine.

Jülpüldäp -jülpūldäp gaýdýan göz ýaşda,
Biwepa söýgüniň gyzgyny bardyr.
Söýgi ýakandan soň onuň yzynda,
Agy atly ajy düzgüni bardyr.

Ol düzgünden çykan erkek ýok entek,
Aýal hak-da gürrüň edip biljekdäl,
Ýaş söýgüsi ýada düşse ,düzgüniň.
Segsen ýaşlam hötdesinden geljek däl.

Şonuň üçin aglap otyr gözel gyz.
Utulypdyr" söýgi "atly hilede.
"Gerek bolsa ömrim berjek men " diýip.
Wada beren erkeksumak nirede ???

@Kerim_Hallyýew
31
104
manolya
26.12.2023 21:31
Front ýollarynda gödek soldata
Bir gyz aşyk boldy,
Bagş etdi özün.
Söz tapmady soldat oňa diýere,
Kalbyna siňdirip bilmedi näzin.

Günleriň biri şinel atyp üstlerne
Onuňam üstünden atynyp asman.
Ýatdylar
Gödeklik hemem näziklik.
Aradaky uly serhede ýetmän.

Diňe daň çigregi ýakyp başlanda,
Gyzyň düýşleriniň üstüne basman.
Gödek soldat "ýorganyny " bölüşdi,
Gyza şinel düşdi,
Özüne asman.

@Gurbannazar_Ezizow.
33
97
manolya
24.12.2023 00:47
Dostluk we söýgi

Telim gezek aýtjak bolup, çekinip,
Telim gezek söz deregne üsgürdim.
Meniñ söýgi gaplan, dykyz kalbymdan,
Dostluk bakyşlaryñ bilen üstündiñ.

Göz aýladym, söz aýladym düşmediñ,
Gözlerim çaşardy, sözlerim peltek.
Gezip ýörün, sepilse-de tohumym,
Ony gögertmeýän, şor açan pel dek.

Hyýalymda "oýun" gurap seň bilen,
Huşum tapyp, edebime dolanýan.
Meni söýmek kyn däl, duýdursañ ýetik,
Ne-hä jeza berýän, ne-de pul alýan.

Aýyplaşma özüm aýdyp bilmänsoñ,
Kä-te senden söýgi sözne tamakin.
Men seniñ şeýlebir gylygñy söýdüm,
(birden törüm bezeseñem tama giñ)

Ah-h arzuwlañ baryn, dost deýin bakyp,
Dost deýin söz gatyp ýitirip gelýäñ.
Ne söýgimi aýdyp gursagma basýan,
Ne-de gursagymdan iterip bilýän.


Kerim Hally
38
52
manolya
23.12.2023 20:21
Ýol ugrunda iki ynsan sataşdy..."

Ýol ugrunda iki ynsan sataşdy,
Göz gözüň öňünde surata düşdi.

Ýürek gürsüldedi, ökje ýeňledi,
Gijeler gözlerE uky gelmedi.

Artdy iki kişiň mylaýym derdi,
Olar bir-birini düýşünde gördi.

Gulaklary şaňlap ýada düşdüler.
Bir-birini küýsäp, oda düşdüler.

Pynhan-pynhan ýerde duşulan çaglar
Olary il-günden gizledi baglar.

Ýüregiň öňünde ýürek açdylar,
Garaz, şeýdip juda ýakynlaşdylar.

Iki ynsan bir-birine ýar boldy,
Gyz-a gelin boldy, ýigit är boldy.

Bu ýagdaýda hepde geçdi, aý geçdi,
Gelin agraslandy, owadanlaşdy.

Edilen şert käte çyksa-da puja,
Gündiziň öýkesi ýazyldy gije.

Indi aýdaýaýyn soň bolan zadam:
Adamdan döredi ýene bir adam.

Adamdan döredi ýene bir adam,
Oňa "Ömri uzak bolsun!" diýdiler.

Toý tutuldy. Adam bary ýygnandy:
Guduraşyp, içdiler hem iýdiler.

Kinniwanja adam welin aglaýar,
Köşeşdirýär diňe enäň emmesi.
Gara çyny bilen çyrlaýar körpe,
Şady-horram galanlaryň hemmesi.

Bu neneňsi waka, niçik ahwalat?
Näme üçin aglaýar ol, gülenok?
Meger, dünýä bäş günlüjek gelenin
Çaga bilýär: Ullakanlar bilenok.

Berdinazar Hudaýnazarow.
38
189
manolya
23.12.2023 12:50
Gidene dur ,galana-da git diýme...
Galana öỳ ,gidene ýol ýaraşar...


...💙
35
93
manolya
23.12.2023 08:33
Gyzlara Maslahat!!!

Isle owadan bol isle gelşiksiz,
Ýöne Ar-namysly bolmagy başar.
Her geýen geýimiň geýme ütüksiz,
Özüňe serenjam bermegi başar.

Gyzmagyn baýlyga gör-görmege,
Goşa-goşa ýüzük dakma barmaga.
Göze sürme lak çalma dyrnaga,
Öwüt nesihatym almagy başar.

Ýöräňde bozmagyn ýeriň gaýmagyn,
Syrlaşykly geýme geýen köýnegiň.
Häsýetini alma kilçik aýnagyň,
Elmydama özüň bolmagy başar.

Deň-duşlaryň boýdaşlaryň kemsitme,
Saçyň kesip endik edip gaş ütme.
Özüňi görkezme toýda üşmekde,
Sesiňe bat bermän gülmegi başar

Her bir diýilen söze eräp bakmagyn,
Başarsaň hiç–kişiň göwnün ýykmagyn.
Yzyna düşmegin näkes akmagyň,
Ak bilen Garany bilmegi başar.

Bolmaz ýerde sözüň atyp gepleme,
Oba-içre gezip gybat çöpleme.
Günäkär ýeriňde özüň aklama,
Eden günäň boýun almagy başar.

Özüň tanat tikin-çatyn el işde,
Başyň aýlanmasyn her-bir ýeňişde.
Kim bilýär ýanarsyň ýalan durmuşda,
Ähli-zada taýyn bolmagy başar.

Begenç diýer size ýazdym namany,
Çyn sözüň köp bolsun bolman ýalany.
Belki şu sözlerden alarsyň many,
Ünüs berip diňläp uýmagy başar.

Şahyr:Begenç Orazow.
40
207
manolya
22.12.2023 23:50
Çyn söýgi....


"Täzesini çagam geýsin "
diýip 3 ýyldan bäri şol bir köwşi geýýän kakada...🩷.

Çyn söýgi....

Özüniň halaýan süýjisini
"Goỳ çagam iýsin " diýip özi iýmän
"Men halamok" diýip ýalan sözleýän ejede❤️


Biz çyn söýgini gaty daşda gözleýäs...🍃
36
100
manolya
22.12.2023 13:51
Gel, gör meni, yşk neýledi?!»


Eý, köňülde mekan eýlän,
Gel, gör meni, yşk neýledi.
Ýörem yşka nama söýläp,
Gel, gör meni, yşk neýledi.

Bu dünýä yşk diýlip gelner,
Durma, hak aşyga el ber.
Diwana görseň, meni gör,
Gel, gör meni, yşk neýledi.

Bilbil menem, kaýda gülüm,
Anyň ismin saýrar dilim,
Ýürek tygsyz dilim-dilim,
Gel, gör meni, yşk neýledi.

Gözde çyrag, tende jan bar,
Asla diýmerin: «Jahan dar».
Geňlär halymy şahandaz,
Gel, gör meni, yşk neýledi.

Aglaýan ümsüm, kä sesli,
Men ýa bu ykbal kemisli,
Şygyr derdimi egisdi,
Gel, gör meni, yşk neýledi.

Gurbanjemal, sözle haky,
Görmese, sen gözle Haky,
Ýunus yşky kalbymdaky,
Gel, gör meni, yşk neýledi.

Ýunus Emre..
40
82