manolya
23.12.2023 20:21
Ýol ugrunda iki ynsan sataşdy..."

Ýol ugrunda iki ynsan sataşdy,
Göz gözüň öňünde surata düşdi.

Ýürek gürsüldedi, ökje ýeňledi,
Gijeler gözlerE uky gelmedi.

Artdy iki kişiň mylaýym derdi,
Olar bir-birini düýşünde gördi.

Gulaklary şaňlap ýada düşdüler.
Bir-birini küýsäp, oda düşdüler.

Pynhan-pynhan ýerde duşulan çaglar
Olary il-günden gizledi baglar.

Ýüregiň öňünde ýürek açdylar,
Garaz, şeýdip juda ýakynlaşdylar.

Iki ynsan bir-birine ýar boldy,
Gyz-a gelin boldy, ýigit är boldy.

Bu ýagdaýda hepde geçdi, aý geçdi,
Gelin agraslandy, owadanlaşdy.

Edilen şert käte çyksa-da puja,
Gündiziň öýkesi ýazyldy gije.

Indi aýdaýaýyn soň bolan zadam:
Adamdan döredi ýene bir adam.

Adamdan döredi ýene bir adam,
Oňa "Ömri uzak bolsun!" diýdiler.

Toý tutuldy. Adam bary ýygnandy:
Guduraşyp, içdiler hem iýdiler.

Kinniwanja adam welin aglaýar,
Köşeşdirýär diňe enäň emmesi.
Gara çyny bilen çyrlaýar körpe,
Şady-horram galanlaryň hemmesi.

Bu neneňsi waka, niçik ahwalat?
Näme üçin aglaýar ol, gülenok?
Meger, dünýä bäş günlüjek gelenin
Çaga bilýär: Ullakanlar bilenok.

Berdinazar Hudaýnazarow.
38
189
gurbanspr
24 Dekabr 2023
@mawy, gowy goşgy👏👍👍👍
manolya
23 Dekabr 2023
@zoluska, surat bolsa tersi ))
sazsoft
23 Dekabr 2023
❤️
zoluska
23 Dekabr 2023
Söýgi🥀
gadamlyadim
23 Dekabr 2023
Sagbol👍
gadamlyadim
23 Dekabr 2023
Gosgyn govy eken 👍
susom
23 Dekabr 2023
@alone_girl_05, salam aklm
susom
23 Dekabr 2023
salaaam
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.