manolya
27.12.2023 13:48
Aýna bakyp darap otyr zülpüni,
Ýogsa darak derkaram däl saçyna.
Nagyşly ýakasyn ezipdir göz ýaş,
Nätsin derdi sygmasa oň içine.

Jülpüldäp -jülpūldäp gaýdýan göz ýaşda,
Biwepa söýgüniň gyzgyny bardyr.
Söýgi ýakandan soň onuň yzynda,
Agy atly ajy düzgüni bardyr.

Ol düzgünden çykan erkek ýok entek,
Aýal hak-da gürrüň edip biljekdäl,
Ýaş söýgüsi ýada düşse ,düzgüniň.
Segsen ýaşlam hötdesinden geljek däl.

Şonuň üçin aglap otyr gözel gyz.
Utulypdyr" söýgi "atly hilede.
"Gerek bolsa ömrim berjek men " diýip.
Wada beren erkeksumak nirede ???

@Kerim_Hallyýew
31
104
gurbanspr
28 Dekabr 2023
@mawy, bolya
manolya
28 Dekabr 2023
@gurbanspr, hiç boldy et indi🤪 utanyan
gurbanspr
28 Dekabr 2023
@mawy, bagyslawerin🙏
manolya
28 Dekabr 2023
@gurbanspr, hiçle ) gowy bolsaňyz boldy
gurbanspr
28 Dekabr 2023
@mawy, telefony obsiy ulansan sular yaly zatlar bolya bagyslan
manolya
28 Dekabr 2023
@gurbanspr, dogry ,dis -like basyp oýnapsyň eýgilikmi ?!
gurbanspr
28 Dekabr 2023
@mawy, Hawa önem okapdym bu gosgyny
manolya
28 Dekabr 2023
@flowers_, 🙃täzeje ýylyň bilen diýäýmesem menä 😬
manolya
28 Dekabr 2023
@flowers_, 😁sag bol!!!!!
manolya
28 Dekabr 2023
@gurbanspr, 😁aglatdymy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.