manolya
26.01.2024 15:47
Degişme ýylgyrmaly 🙂 güldürýänçi däl agzyňy gatydan açyp😄 çalaja ýylgyrtýançy ;)

20. ALMALARAM GURGUNÇYLYKMY?

Aşgabatdan gezmäge gelen galamdaşlary Atajanyň melleginde ýetişdiren akly-gyzylly almalaryny görüp, haýran galypdyrlar. Atajan soň bir gün Aşgabada gezmäge baranda şahyr Saparmyrat Öwezberdiýew: ―Atajan, almalaram gurgunçylykmy?‖ diýipdir.

21. ŞAHYRYŇ ―HAN‖ BOLŞY

Atajan Annaberdi dagy çöle barýarkalar ýolda düşläpdirler. Atajany alyp barýan suw maşynyň sürüjisi: ―Atajan, han boljakmy diýipdir. Atajan: ―Aý, bol diýseň bolaýarys‖ diýipdir welin, sürüji: ―Al onda‖ diýip, kabinadan çykaran kirlije ýassygyny Atajana oklap goýberipdir.

22.GÖZÜMDEN OTLAÝ

Bir çilimkeş ýoldaşy zol-zol otluçöp sorap goýmansoň, Atajan Annaberdi: ―Otluçöp-ä gutardy, gardaş, gulagymyň düýbüne doňdur-da, çilimiňi gözümden otlaý‖ diýipdir.

23. SUWDA GÖRSEMEM HALAMOKDYM

Atajan Annaberdi dagy Aşgabatdan gelýärkä balyk iýip geçmek üçin Hanhowza sowlupdyrlar. Çym-gyzyl edilip gowrulan balykdan doly çanagy getiripdirler welin, Atajan: ―Gör-ä, muny ediberişlerini. Hiç muňa taý geljek zat dünýede ýokdur. Ysy dagam janyňy alyp barýar-a munuň‖ diýip, balyga işdämenlik bilen ýapyşypdyr. Şol mahal hem bir gylçyjak onuň bokurdagyna germelip duruberipdir. ―Ýa, bolmad-ow‖ diýip, atylyp daş çykan şahyr ep-esli salymdan soň gözlerini ýaşardyp içerik giripdir-de: ―Wah, şu balyk diýen zady suwda görsemem jynym alanokdy‖ diýipdir.

24. PARAHOR Atajan Annaberdiniň bir parahor obadaşy zol-zol ―aýdylanjanly‖ edýän ekeni. Muny gören Atajan: ―Zol ýoluna janly aýdyp, bu daýy, Para bilen yrjak bolýar Hudaýy‖ – diýen setirlerini döredipdir.

25.NERESSE ÇAGA ÝALY EDIP

Atajan Annaberdiniň garyndaşlarynyň biri onuň edýän aladasyna owlajyk getiripdir. Owlajygyň lägirip-bagyryp durşuny gören Atajan: ―Baryň, how, boşadyp goýberiň, neresse çaga ýaly edip, bu janaweri pata ýerine dagy getirmeli däl eken-ä‖ diýipdir.

26. ARZANLAŞYK BOLSA DAGY

DUÝDURAWERI Oba aktiwistleriniň biri ―Ýigrenji galyňy ýok etmek‖ maksady bilen geçirilýän ýygnanyşyga barýar ekeni. Muny gören Atajan Annaberdi: ―Obadaş, arzanlaşyk bolsa, maňa-da aýdaweri. Bizem ýene-de bir oglumyzy öýermeli‖ diýipdir.

27. HEZIL EDINÄÝER

Bazara garpyzyň ýaňy çykaýan döwürleri Atajan Annaberdi garpyz satmaga barypdyr. Bir owadan gelin ullakan, ala garpyzy pitikleşdirip, gysyşdyryp görüpdir-de: ―Şu garpyz bişenmikä?‖ diýipdir. Ýarylmadyk garpyzy bilip bolýarmy?
Şonda-da Atajan: ―Aý, bişendir-le‖ diýip, sypaýyçylyk edipdir. Ýöne gelin şonda-da garpyzy göterip gidibermän: ―Muny çig bolsa näme edeýin?‖ diýipdir. Degnasyna degen Atajan: ―Çig bolsa bara, gelin, maýdaja dogragedin, üstüne un sepip, gölejigiňe berseň, iýip hezil edinäýer‖ diýipdir.

28.SEN SERHOŞ BOLSAŇAM

Atajan Annaberdiniň serhoş goňşusy soýjak gölesiniň iki şahyndan tutup, onuň kellesini gaňyrjk bolupdyr. Muny gören Atajan Annaberdi: ―Aý, goňşy, duraweri, sen serhoş bolsaňam, göle sag ahyry‖ diýipdir.

29. GUŞUŇYZ AŞYKLYJA EKEN

Atajan Annaberdilere kakasynyň frontdaş ýoldaşy gezmäge gelipdir. Şol wagt şahyryň aýaly Gurbanjemal jyrryk gowrup duran eken. Jyrrygyň etinden gerk-gäbe bolan myhman: ―Bu nämäniň eti?‖ diýip, sorapdyr. Atajan ýylgyrypdyr-da: ―Guşuň eti‖ diýipdir. Ozal jyrryk iýip görmedik myhman elindäki süňki içgin-içgin synlapdyr-da: ―Bä, siziň guşlaryňyz aşyklyja eken-ow‖ diýipdir.
44
346
manolya
26.01.2024 09:17
"Gitme"

Men seni hiç, unutmaryn öýdüpdim,
Aslynda unutmak kyn dälem eken.
Seniň üçin gör, näçe wagt köýüpdirn,
Wagt hemmesini bejerýän eken.

Baglar unudypdyr ýapragyn güýzde,
Ýollar unudypdyr geçen öwrümin.
Kä-te asla undulmajak zatlaram,
Wagt geçse kiçeldipdir göwrümin.

Unutdym men undylmajak zatlary,
Agladym-eňredim unudyp bilmän.
Göwnüm degilen sözlere berlip,
Süýjisiniñ kalby diljegni bilmän...

Wagty gelse undulmaly söýgiler,
Wagty gelse undulmaly gaýgylar.
Ýöne hemmesini unutmalyň biz,
Unutmalyň çyndan berilen lebiz.

Unutdym men undulmajak zatlary,
Unutmasak bu durmuşda ýok many.
Geçmişimiz ajylardan dolsa-da,
Unutmalyň ol dünýäni imany...

Atamyrat.P
34
59
manolya
24.01.2024 22:07
Arheolog

Mydam geçmiş boldy onuň gözlegi,
Ol geçmişi ýer teýinden gözledi
Gazyp-agtaryşlar gitmedi yrýa
Ýykyk şäher gadymýetden sözledi:

Gündogaryň jadylaýjy sazyna
Serhoş bolup tagtda irkilýär Soltan,
Hüýr-melekler kebelek deý pyrlanyp,
Ortada asmana pürkülýär fontan,

Köşgüň aşagynda titreýär zyndan
Bendileriň ahy-nalalaryndan,
Olar mahrum bolan balalaryndan,
Olar jyda düşen lälerinden

Lowurdaýar tylla köşgüň gümmezi
Kerwen gelýär jaň sesini seçeläp,
Süýtsiz göwse başyn goýup çagalar
Aglaýarlar ellerinde ejeleň

Şäheriň içinde eňreýär durmuş,
Boş torbany miras goýup gedaýa,
Naýynjar ýaňlanar aznyň sesi
Öz gününe alkyş okap Hudaýa.

Arheolog işledikçe ony der basdy,
Çydamady ahyn diňläp geçmişiň,
Gazýan çukuryndan ol böküp çykdy,
Aşagynda galan ýale etmişiň.

Ýöne onda ahy nala galmady,
Ony kowalady eýewan çöller
Hüýt gara çukurlar oýulan göz deý
Hany sen olardan gutuljak bolda


gowja goşgy eken....


Edebiýat, принцесса04 tarapyndan
islenen ru....
27
35
manolya
24.01.2024 13:09
Alymlar kofeden has gowy gurplandyrýan miwäni anykladylar


Alymlar kofeden has gowy gurplandyrýan miwäni anykladylar.....
Irdenki bir çaşka ýakymly ysly kofe - günüňi gowy başlamagyň özboluşly adaty syry we kepilidir. Ýöne kofe hemişe ýerlikli we peýdaly däl. Irdenki gujurlylyk energiýasynyň alternatiwasy we pozitiwi barada täze geçirilen barlaga esaslanyp Nýu-Ýorkuň alymlary gürrüň berdiler.
Kornellsk uniwersitetiniň alymlary şeýle netijä geldiler, ýagny ýekeje alma özüniň uly peýdasy bilen çaşka kofeniň ýerini tutup biler. Bu barada hyser.com.ua saýty ýazýar.
Kofä garaşlylygyň onda nerw sistemasyny stimulirleýän we ukudan soň gan basyşy ýokarlandyrýan kofeiniň barlygy bilen şertlendirilýär. Muňa garamazdan, gujurlylygyň täsiri gysga wagtlyk, şol sebäpli bir ýa-da iki sagat geçenden soň adam ýadawlygy beter duýup başlaýar. Munuň şeýle bolmagynyň sebäbi şundan ybarat: kofein energiýany döretmeýär-de diňe ýadawlygyň ýüze çykmagyna garşylyk bildirýär. Biz kofe içen wagtymyz kofeiniň molekulasy merkezi nerw ulgamyna düşýär we ýadawlyk barada we dynç almagyň zerurlygy barada duýdurýan neýrotransmitteriň - adenoziniň erkin reseptorlaryna birigýär.
Alma bilen bagly ýagdaý üýtgeşik. Iňlis dilinde “An apple a day keeps the doctor away” (“Günde bir alma sizi lukmana ýüz tutmakdan saklar”) diýen aýtgy hem bar, oňa laýyklykda günde ýekeje miwe adamy ysgynsyzlykdan we ukuçyllykdan dyndyrmaga ukyplydyr. Sebäbi bir almada witaminlerden, kletçatkalardan we suwuklykdan başga-da, 13 gram şeker hem saklanýar, tiz uglewodlar bolsa beýnä çalt oýanmaga we işläp başlamaga kömek edýär. Uly şireli alma her kimiň işe barýan wagty satyn alýan kofesiniň ýerini tutup bilýär.
Şonuň üçin kofe babatda sagdyn bolmadyk garaşlylygy duýýan ýa-da newrozdan ejir çekýänler alma geçmelidirler.
Ýogsa-da, beýnä stimulirleýji täsiri bildirmek bilen käbir yslar hem adamy gujurlandyryp bilýär. Olardan iň täsirlileri – bu sitrus miweleriniň (apelsin, limon, greýpfrut we laým), narpyzyň, rozmariniň, bergamotyň, gara burç we ekwaliptiň ýagy.

Bellik ❗️.Günde bir alma sizi lukmana ýüz tutmakdan saklar. şul hakyky özim tejribede edip gördim ,gyş. paslynda howalar çalt, üýtgäp durýar ,we keseleriňem has köpelýän wagty , günde 1 alma ýetik aşgazan gowy özleşdirer ýaly . Kän dümewlemidem alma iyen wagtlarym !
26
124
manolya
24.01.2024 09:55

Wegetatiw nerw ulgamy. Gurluşyň aýratynlygy


Çetki nerw ulgamynyň esasy bölegi, nerw oýanyşlary skelet myşsalaryna geçirip, olaryň ýygrylmagyny döredýär. Olaryň kömegi bilen dürli gyjyndyryjylara jogap edip, bedeniň täsirleşmesi amala aşyrylýar.


Oňurga ýilik refleksleri şunuň ýalydyr. Emma bedende başga häsiýetli refleksler hem, mysal üçin, tüýkülik bölüp çykaryş refleksi ýüregiň we dürli mäzleriň işleriniň nerw sazlanyşygy, deriň bölünip çykmagy, gan damarlarynyň giňelip-daralmagy we ş.m duş gelýärler. Bu hadysalaryň hemmesi nerw ulgamynyň wegetatiw nerw ulgamy diýlip atlandyrylýan bölüminiň üsti bilen ýerine ýetirilýär.


Wegetatiw nerw ulgamy köp synalaryň we synalar ulgamynyň işlerini sazlaşdyrýar, ol işleri bedeniň talabyna we daşky gurşawyň şertlerine görä uýgunlaşdyrýar. Gurluşy boýunça wegetatiw nerw ulgamy hereket ediş işlerini ýerine ýetirýän nerwlerden birneme tapawutlanýar. Mysal üçin, skelet myşsalarynyň ýygrylmagyny emele getirýän oýanyş myşsalary bedenleri merkezi nerw ulgamynyň çal maddasynda ýerleşen nerw öýjükleriniň uzyn ösüntgileri boýunça geçirilýär. Wegetatiw nerw ulgamynyň merkezden daşlaşýan nerw öýjükleriniň ýerleşişleri başgaçadyr.Merkezi nerw ulgamyndan wegetatiw Nerwleriň üsti bilen synalara ýetirilýän oýanyş bir-biriniň yzynda ýerleşen iki sany nerw öýjükleriniň kömegi bilen amala aşyrylýar. Birinji nerw öýjüginiň (neýronyň) bedeni oňurga ýiliginde, ikinjiniňki bolsa nerw düwnünde ýerleşýär. Oýanyşyň birinji nerwden ikinji nerwe geçirilişi hem şol nerw düwünlerinde bolup geçýär. Şol wegetatiw merkezi nerw ulgamynyň çäginden daşda, nerw süýümleriniň synalara gidýän ýolunda ýerleşýärler. Wegetatiw nerw ulgamynyň ýene-de bir aýratynlygy, ol hem oýanyşy beýleki çetki nerwler bilen deňeşdirilende haýal geçirýär.


Wegetatiw nerw ulgamynyň bölümleri. Wegetatiw nerw ulgamy – simpatik we parasimpatik diýen bölümlerden durýar. Olaryň her biriniň hem merkezi we periferik bölümleri bar. Merkezi bölümini oňurga ýiliginde we kelle beýnisinde ýerleşen goşmaça nerwler we birinji nerw öýjükleriniň bedenleri emele getirýärler. Nerw öýjükleriniň şular ýaly toplumyna wegetatiw ýadrolary diýip at berilýär. Şol ýadrolardan aýrylyp gidýän nerw süýümleri, nerwleriň wegetatiw düwünleri, içki synalaryň diwarlaryndaky nerw birikmeler (utgaşmalar) çetki bölümine degişlidirler. Wegetatiw nerw ulgamynyň iki bölegi bir-birinden anatomik gurluşlary boýunça-da, fiziologik işjeňlikleri boýunça-da tapawutlanýarlar.


Wegetatiw nerw ulgamynyň simpatik bölümi oňurga ýiliginiň döş we bil bölekleri bilen baglanyşyklydyr. Ol ýerde birinji nerw öýjükleriniň bedenleri ýerleşýärler. Bu nerw öýjükleriniň merkezi nerw ulgamyndan gaýdýan ösüntgileri oňurga ýiliginiň öňdäki kökjagazlaryndan çykýarlar. Olar oňurga ýiliginiň iki gapdalynda zynjyrjyk görnüşinde ýerleşen simpatik düwünlerde şahalanyp gutarýarlar. Şol düwünlerde synalar bilen baglanyşykly bolan ikinji simpatik nerw öýjükleriň bedenleri ýerleşýärler.


Wegetatiw nerw ulgamynyň parasimpatik bölümi kelle beýnisiniň ortaky we süýri beýnilerinden, şeýle hem oňurga çatalba (guýmaç) ýiliginiň bölüminden gaýdýan birnäçe nerwlerden emele gelendir. Ortaky beýnidäki wegetatiw ýadrolardan çykýan nerw süýümleri görüş synalaryna barýar. Parasimpatik wegetatiw nerwleriniň arasynda kelle-süňk beýni nerwleriniň onunjy jübüti aýratyn ähmiýete eýedir. Ol süýri beýniden aýrylyp gaýdýar. Muňa azaşan nerwler diýilýär. Ol döş we garyn boşlugynyň köp synalaryny parasimpatik süýümler bilen üpjün edýär. Onuň ösüntgileri köp synalara, ýagny ýürege, aşgazana, içegä, köp sanly gan damarlaryna barýarlar. Şonuň üçin hem olara azaşan nerwler diýilýär. Guýmaç oňurga ýiliginiň bölümindäki ýadrodan çykýan parasimpatik nerwler ýogyn içegä, peşew haltajygyna, jyns synalaryna barýarlar. Simpatik nerwlerden tapawutlylykda, parasimpatik nerwler wegetatiw düwünleri merkezi nerw ulgamynyň ýanynda döretmän, synalaryň golaýynda ýa-da olaryň diwarlarynda emele getirýärler. Şeýlelikde, wegetatiw nerw ulgamynyň täsir edýän synalaryna çenli ýol elmydama iki nerw öýjükleriniň üstünden geçýär.


Wegetatiw nerw ulgamynyň ýerine ýetirýän işleri. Bedende geçýän käbir hadysalar adamyň islegine görä ýerine ýetirilmeýär. Olary adam özüçe üýtgedip bilmeýär. Şeýle hadysalara tüýküligiň ýa-da deriň bölünip çykmagy, ýüregiň işleýşi, iýmitiň siňdirilişi, gan damarlarynyň daralypgiňelmegi we ş.m. degişlidirler. Şular ýaly hadysalary bedeniň talabyna görä sazlaşdyrmaklyk wegetatiw nerw ulgamynyň esasy wezipesidir. Içki synalaryň köpüsi şu nerwler bilen üpjün edilendir. Wegetatiw nerw ulgamyna awtonom (grekçe öz-özüňi dolandyrýan) nerwler hem diýilýär.


Wegetatiw nerw ulgamynyň bölümleriniň gatnaşmagynda, bedende gapma-garşylykly işler amala aşyrylýar. Mysal üçin, simpatik nerw tarapyndan geçirilýän oýanyş ýüregiň işini güýçlendirýär, parasimpatik nerw bolsa ýüregiň ýygrylyp-ýazylmagyny gowşadýar. Gan damarlarynyň daralmagy, simpatik nerwleriň, giňelmegi bolsa parasimpatik nerwleriň täsir etmekleri netijesinde bolup geçýär. Wegetatiw nerw ulgamy başga-da birnäçe synalaryň işine täsir edýär. Wegetatiw nerw ulgamynyň simpatik nerwleriniň ösüntgileriniň süňk myşsalaryna-da barýandygyny barlaglar görkezdi. Emma olaryň üsti bilen barýan oýanyşlar myşsalaryň işine gatnaşmaýarlar. Olar süňk myşsalarynda geçýän madda çalşygyny sazlaşdyrýarlar.


Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 8-nji synplar üçin “Biologiýa” dersi boýunça okuw kitaby


Ylymly .com

35
134
manolya
23.01.2024 21:27
Gülüm saňa seredip gara gözüm doýmady,
Gara gözüm doýmady

Mende dörän bu söýgi hat ýaz diýip goýmady,
Hat ýazyp diýip goýmady

Gaty görme gözel gyz menä seni söýýärin,
Sözümde durjagyma saňa wada berýärin,
Saňa wada berýärin

Menden başga birine seni söýýän diýdiňmi?
Seni söýýän diýdiňmi?

Sözüňde durjagyňa oňa wada berdiňmi?
Oňa wada berdiňmi?

Beýle bolsa gözel gyz men azara galmaýyn, iki gülüň arasynda biten tiken bolmaýyn,
Biten tiken bolmaýyn
28
100
manolya
23.01.2024 00:46
Aglama!
Dert dogmaň bagryny elek deý eläp,
Ýatybersin hesret çekip igleme.
Uzak gije başujymy eýeläp,
Mähribanym, maňa bakyp aglama!

Soňky günler tebil tapyp joşamok,
Günleň dükürdisi gulagmy deşýär.
Bu adamlaň arasynda ýaşamak,
Eje, maňa kyn düşýär.

Arzym bardyr, gama batman sen şu hal,
Didelerňi didelerme dik hany.
Bäş çagaň içinde juda bikemal
Doglanym üçinem bagyşla meni!

Seret, bilbil owaz edýär bag içre,
Huşy göçen söwütleri güýmeýär.
Baga gonup gelen bir süri serçe,
Arman, ony saýramana goýmaýar.

Ynha, geçip giden iki müçede
Ömri biweç pursatlara çüýledim
Hem ýaşlygy al-arwahyň köçede
Maňa salan aly hasap eýledim.

Soňky günler tebil tapyp joşamok,
Günler bolsa dert üstüne dert goşýar.
Bu adamlaryň arasynda ýaşamak,
Eje, maňa kyn düşýär!

Şähribossan GELDIMÄMMEDOWA.
29
55
manolya
22.01.2024 23:17
Alymlar kartoşkanyň doly DNK-syny kesgitlediler

Adamyň doly DNK yzygiderliligi mundan 20 ýyl ozal çözüldi. Gyzykly tarapy, kartoşkanyň genomy adamlaryňka garanyňda has uly we çylşyrymly. Ony aýdyňlaşdyrmak üçin ösümlikleriň tozgajyklaryny ulanmaly bolduk.

Esasy mesele, kartoşkanyň genomynyň tetraploid bolmagy we adamlarda bolşy ýaly onda iki däl-de, dört sany hromosomyň bolmagydyr. Her gen dört sany nusgada hereket edýär, şonuň üçin olardan islenýän alamaty döretmek gaty kyn. Bu, elbetde, täze görnüşleri köpeltmegi has kynlaşdyrýar.

Häzirki wagtda alymlar kartoşka hromosomlarynyň bir toplumynda takmynan 3,1 milliard esasy jübütiň bardygyny anykladylar. Gözlegçiler, umuman alanyňda, 38214 gen tapdylar. Bu işiň netijesinde kartoşkanyň täze, has çydamly we bol hasylly görnüşlerini ösdürip bolar.

Ogulbeg ATAJAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutynyň talyby
30
122
manolya
22.01.2024 16:07
Goşgy

Ykbal! dillen sen nähili ýazylan,
NIrä alyp barýan aýakdan süýräp,
Büdür- südür ýollaryň bar kösenýän,
Teselli berýärin göwnüme, güýmäp.

Jaýryk- jaýryk ýodalarňam kän eken,
Inni ýüregimem şoňa çalym edýä,
Men bu ýerde hasrat çekip aglaýan,
Dost diýenim gapdalymda keýp edýär.

Çagajykkak şarpyk iýsek aglardyk,
Inni welin ykbal erwet silteýä,
Bölek-bölek, döwük-döwük ýüregim,
Bu gün ýyly söz ugrunda enteýä

Diýdiler: " Ýylgyryş görkün artdyrýar"
Ýylgyrýaryn sebäbimem ýok welin,
Aldaýalar menem ynanan bolýan,
Ýalan söze içim, daşym dok welin...

Närazylygym, ýok munada şükür,
Ýene menden beterlerem bar eken,
Ýöne welin juda gin saýan dünýäm,
Hakyna seretsem juda dar eken.

Awtor: Amangeldiýewa Aýna.
28
90
manolya
22.01.2024 00:51
Habardar boluň !
Halkara Žautykow olimpiadasy geçirildii


Golaýda, ýagny 8 — 13-nji ýanwar aralygynda Almaty şäherinde (Gazagystan) matematika, fizika we informatika boýunça XX Halkara Žautykow olimpiadasy geçirildi. Onda türkmenistanly mekdep okuwçylary öz bilimlerini görkezdiler. Bu olimpiýadada jemi 344 medal gowşuryldy. Olaryň arasynda türkmenistanly mekdep okuwçylary 1 kümüş we 7 bürünç medal gazandylar.

Olimpiýada Gazagystan Respublikasynyň Bilim ministrliginiň we Almaty Akimatynyň garamagyndaky «Daryn» respublikan ylmy we amaly merkeziniň howandarlygynda, Respublikan fizika we matematika mekdebiniň esasynda geçirildi.

Ýeri gelende belläp geçsek, olimpiada dünýäniň 16 ýurdundan: Gazagystandan, Russiýadan, Ukraina, Belarussiýadan, Azerbaýjandan, Gruziýadan, Ermenistandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Bolgariýadan, Rumyniýadan, Serbiýadan, Hindistandan, Indoneziýadan we Mongoliýadan 700-den gowrak mekdep okuwçysy gatnaşdy.

Aýna ATAGELDIÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.
28
72