manolya
22.01.2024 16:07
Goşgy

Ykbal! dillen sen nähili ýazylan,
NIrä alyp barýan aýakdan süýräp,
Büdür- südür ýollaryň bar kösenýän,
Teselli berýärin göwnüme, güýmäp.

Jaýryk- jaýryk ýodalarňam kän eken,
Inni ýüregimem şoňa çalym edýä,
Men bu ýerde hasrat çekip aglaýan,
Dost diýenim gapdalymda keýp edýär.

Çagajykkak şarpyk iýsek aglardyk,
Inni welin ykbal erwet silteýä,
Bölek-bölek, döwük-döwük ýüregim,
Bu gün ýyly söz ugrunda enteýä

Diýdiler: " Ýylgyryş görkün artdyrýar"
Ýylgyrýaryn sebäbimem ýok welin,
Aldaýalar menem ynanan bolýan,
Ýalan söze içim, daşym dok welin...

Närazylygym, ýok munada şükür,
Ýene menden beterlerem bar eken,
Ýöne welin juda gin saýan dünýäm,
Hakyna seretsem juda dar eken.

Awtor: Amangeldiýewa Aýna.
28
90
sazsoft
23 Yanwar 2024
🥺
manolya
22 Yanwar 2024
@garlawac_, Salam,ýok bilýän,awtor ṣeýle goýupdyr düzetmedimem ,düzetmek islemedim ol öz ýazan goşgusy meňki däl !
manolya
22 Yanwar 2024
@Di-Mentro, brawooooooooo )
ATOMIC
22 Yanwar 2024
@mawy, 🎻🎼🎼🎼🎼
manolya
22 Yanwar 2024
@Di-Mentro, skripkaçy ýigit saz çala diňläli 🎻🎶🎶🎶
manolya
22 Yanwar 2024
@Di-Mentro, hehe şol bolmagy ahmal 😜
ATOMIC
22 Yanwar 2024
Bir ýerde bylkyldaýan owadan göz diýip okapdym, suratdaky göz şolmyka
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.