mahrisxkam
26.05.2024 17:46
Näme üçindir men 20 ýaşymda durmuşa çykmadygyma ökünmeýärin. Irki ýaşda aýrylyşmak gaty ýygy duş gelýär. Köp gyzlar emosional joşgunda, ýagny diňe duşuşygy, sowgatlary we romantikany gören wagtlarynda durmuşa çykýarlar. Siz durmuşa çykýanyňyza akyl ýetirmeýärsiňiz. Siz kebelekleri duýýarsyňyz we kararyňyzyň agyrlygyna düşünmeýärsiňiz. Nähili çeýnelen ýaly eşidilsede, 20 ýaşynda köpler gündelik durmuşyň hakykatlaryna doly göz ýetirmeýärler. Maliýe kynçylyklary, düşünişmezlikler, ýoldaşyňyzyň halamaýan ugrunda ösmek islegi aýrylyşmaga sebäp bolup bolýar. 35 ýaşymda men kimdigimi we kim bolmak isleýändigimi eýýäm bilýärin, pul gazanyp bilýärin we halaýan adamlarym bilen duşuşyp bilýärin.Meniň durmuşa çykmagymy talap eden ejem bilen gürrüňdeşligim ýadymda. Şol wagt men 32 ýaşymdadym, henizem ýalňyzdym. Men ejemden we maşgalamdan üstümden basmazlygy haýyş etdim. Elbetde, men durmuşa çykyp bilerdim, ýöne geljegini meýilleşdirýän, durmuşa çykmadyk bagtly bir gyzyň bolany gowumy ýa-da çaga bilen aýrylyşan we sosial kemsidilmelere sezewar bolan gyzyň? Ejem we beýleki garyndaşlarym meniň bilen ylalaşdylar. Indi biz bu soraga gaýdyp gelmeýäris, sebäbi olar meniň diňe bir durmuşa çykan adyny almak üçin durmuşa çykmak islemeýändigime düşündiler. Meniň arzuwym - bagtly maşgala bolmak!
Dowamy ba🥰
19
100
mahrisxkam
26.05.2024 17:46
Suw (hidrogen oksidi) — binar organiki däl birleşme, himiki formulasy Н2O. Suwuň molekulasy öz aralarynda kowalent baglanyşyk bilen birleşýän iki sany hidrogen we bir sany kislorod atomyndan ybaratdyr. Ol adaty şertlerde dury suwuklyk bolup durýar, onuň reňki (kiçi göwrümde), ysy we tagamy bolmaýar. Onuň gaty ýagdaýy buz, gar ýa-da gyraw diýlip, gaz görnüşli ýagdaýy bolsa, suw bugy diýlip atlandyrylýar. Suw suwuk kristal görnüşinde hem bolup bilýär (gidrofil ýerlerde) Ýer ýüzüniň 71 %-ini (361,13 mln km2) suw (okeanlar, deňizler, köller, derýalar, buzlar) gaplap alýar. Ýerdäki suwuň takmynan 96,5 %-i okeanlarda ýerleşýär, dünýädäki suw zapasynyň 1,7 %-ini ýerasty suwlar, ýene 1,7 %-ini Antarktidanyň we Grenlandiýanyň buzluklary we buzly örtükleri, uly bolmadyk bölegini derýalardaky, köllerdäki we batgalyklardaky suwlar we 0,001 %-ini bulutlardaky suwlar emele getirýär. Ýerdäki suwlaryň uly bölegi şor bolmak bilen, ol oba hojalygy we agyz suwy üçin ýaramsyzdyr. Süýji suwuň paýy 2,5 % çemesi bolup, onuň hem 98,8 %-i buzluklarda we ýerasty suwlarda ýerleşýär. Tutuş süýji suwuň 0,3 %-e golaýy derýalarda, köllerde we atmosferada saklanýar, ondan hem az bölegi (0,003 %) bolsa, janly organizmlerde ýerleşýär.
13
34
mahrisxkam
23.05.2024 10:55
Men käwagt özümi ýalňyz duýýaryn. Şeýle pursatlar hasam men agşamlaryna ýeke galan wagtym duýulýar. Meniň joralarymyň maşgalalary we çagalary bar, meniň pikirimçe maňada çagaly bolmak wagty geldi, şonda men bagtly bolaryn. Ýöne soň, meniň çagaly tanyşlarymyň aglabasy eýýäm aýrylyşan, käbirleri özbaşdak pul gazanyp bilmeýärler, käbirleri bolsa otuz ýaşdan soň eýýäm iki ýa üç çagasy bar bolan durmuşa çykmadyk we öýlenmedik adamlar bilen sosializirleşmäge başlaýar diýip pikir edýärin. Soň bolsa men hemme zady dogry edendigime düşünýärin.Men 20 ýaşymdakam maňa durmuşa çykmak barada birnäçe teklipleri hödürlendi. Ýöne men okamak isledim we daşary ýurda gitdim. Men Günorta-Gündogar Aziýada okadym, olaryň medeniýetinde bolsa maşgala gaty giç gurulýar, şonuň üçin menem hiç hili basyş duýmadym. Öýe gaýdyp baranymda, men eýýäm 30 ýaşymdadym, gyzykly işim, köne we täze dostlarym bardy, gezelenje gitmäge we täze güýmenjeler bilen meşgullanmaga wagtym köpdi. Şeýdip, durmuşdan täzeden lezzet alyp başladym. Şeýle hem bolsa, pul gazanmagyň we syýahat etmegiň gowydygyna düşünsemem, maşgala gurmak hakynda pikir edýärdim.
Dowamy ba🤔
3
36
mahrisxkam
21.05.2024 11:54
Eger erkek kişi nämedir bir zatlary aýtmak isleýän bolsa, ol ony göni manysynda, has düşnükli görnüşde beýan edýär. Olar has inçe kakdyrmalary, manyly garaýyşlary, sessiz sözleşmeleri we aýallaryň pikiriçe dogry bolan inçe duýgular bilen bir zady duýdurmaga düşünmeýärler. Munuň netijesinde bolsa zat ýok ýerden jedeller hem-de düşünişmezlikler döreýär.
Has düşnükli, edil iş meselesindäki ýaly sada dilde gepleşmegi öwrenmeli.
Eger zenan has ynamly bolsa we öz isleýän zadynyň bolmagyny talap edip, onuň üçin ýerliksiz göreşmäge, hatda dawalaşmaga-da taýýar hereketleri görkezse, adamlar ony öz ýerini bilmeýän şerçi hökmünde kabul ederler. Bu ýagdaý köpçülige ýaramaýar. Erkek bolsa bu ýagdaýda öz ýerini bilmek bilen ähli zada sada göz bilen garamagy başarar.
Mundan bolsa lider bolmakda özüňi sadalyk bilen sylatmagy, köpüň seni goldamagyny başarmagy öwrenmek zerur. Emma has beter, gereginden artyk derejede hereket etmän, diňe özüňe möhüm bolan zat bilen çäklenmek ýeterlikdir.
Öz başarýan zatlarymyza kaýyl bolmagy, munuň üçin üýtgemezligi we dürli hili oýunlary oýlap tapmazlygy öwrenmeli.
18
42