mahrisxkam
26.05.2024 17:47
Käbir adamlar 30 ýaşdan soň durmuşa çykmak mümkin däl, erkekler ýaşlary has gowy görýärler diýip pikir edýärler. Öz tejribämden erkekleriň owadan, terbiýeli we akylly zenanlary has gowy görýändigini aýdyp bilerin. Rahatlyk döredip, durmuşyna baýramçylyk getirip bilýän aýallary. Elbetde, siz 20, 30 we 40 ýaşda-da ähli garaşylýan zatlary kanagatlandyryp bilersiňiz. Ýöne erkek üçin ideal bolmaga, we özüňizi ýatdan çykarmaga howlukmaň. Özbaşdak bolmaklykda hiç hili ýamanlyk ýok. Saýlan adamyňyza haýsy talaplary öňe sürýändigiňizi pikirlenip görüň, ol bu zatlary başararmy?25 ýaşyndaky gyz 35 ýaşyndaky ýaly özüne çekijidir. Tersine, 20 ýa-da 35 ýaşda-da gödek we gyzyklandyrmaýan garry aýal ýaly görünip we hereket edip bolar. Siziň içiňizde jyns duýgurlygy, gözellik we özüne çekijilik bolmalydyr. Siziň adamyňyz sizi hemişe tapar.
22
122
mahrisxkam
27 May 2024
@atasddd, 👏🏻
atasddd
27 May 2024
dogry
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.