mahrisxkam
21.05.2024 11:54
Eger erkek kişi nämedir bir zatlary aýtmak isleýän bolsa, ol ony göni manysynda, has düşnükli görnüşde beýan edýär. Olar has inçe kakdyrmalary, manyly garaýyşlary, sessiz sözleşmeleri we aýallaryň pikiriçe dogry bolan inçe duýgular bilen bir zady duýdurmaga düşünmeýärler. Munuň netijesinde bolsa zat ýok ýerden jedeller hem-de düşünişmezlikler döreýär.

Has düşnükli, edil iş meselesindäki ýaly sada dilde gepleşmegi öwrenmeli.
Eger zenan has ynamly bolsa we öz isleýän zadynyň bolmagyny talap edip, onuň üçin ýerliksiz göreşmäge, hatda dawalaşmaga-da taýýar hereketleri görkezse, adamlar ony öz ýerini bilmeýän şerçi hökmünde kabul ederler. Bu ýagdaý köpçülige ýaramaýar. Erkek bolsa bu ýagdaýda öz ýerini bilmek bilen ähli zada sada göz bilen garamagy başarar.
Mundan bolsa lider bolmakda özüňi sadalyk bilen sylatmagy, köpüň seni goldamagyny başarmagy öwrenmek zerur. Emma has beter, gereginden artyk derejede hereket etmän, diňe özüňe möhüm bolan zat bilen çäklenmek ýeterlikdir.
Öz başarýan zatlarymyza kaýyl bolmagy, munuň üçin üýtgemezligi we dürli hili oýunlary oýlap tapmazlygy öwrenmeli.
18
42
mahrisxkam
21 May 2024
@tmyigit76, 😂😂 bilmedim
tmyigit76
21 May 2024
Surat häzirki döwrüň jahyl ýaşlaryna degişli. Suratdaky goşgyjygy edebiýat boýunça Buker baýragyny teklip etsek nähili bolar?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.