möjek_daýy🐺
04.03.2024 11:41
Eflatuna:

— Sen hiç haçan gamgyn görneňok. Muny nädip başarýaň? – diýýärler. Ol:

— Men elimden giden wagty halym harap boljak zatlara ýüregimi beremok – diýip jogap berýär. Adamlar oňa:

— Bu sözüňi bize düşündir – diýenlerinde, akyldar olara şu wakany gürrüň berýär:

— Bir gün Rim hökümdaryna ýakutdan edilen jam getirdiler. Onuň bahasy tas bir hazyna barabardy. Hökümdar ýanyndaky akyldarlara ýüzlenip: «Siz, heý, şular ýaly zady görüpmidiňiz?» diýdi. Olar: «Bular ýaly jam hiç bir patyşada ýokdur. Emma şu jam zerarly patyşamyza ýa garyplyk ýa-da erbet ýürek agyry ýeter» diýdiler. Patyşa: «O nähili?» diýdi. Olar: «Eger bu jam seniň eliňden gidäýse, seniň ummasyz baýlykdan mahrum bolarsyň, ony ýitireniň sebäpli-de ýüregiň agyrar» diýdiler.

Bir gün patyşa ýurdunyň adalarynyň birinde uly meýlis guramak isleýär we şol meýlise ýaňky jamyň hem getirilmegini buýurýar. Emeldarlar ýaňky gymmatbaha jamy we meýlis üçin gerek-ýarak esbaplary gämä ýükläp, ada tarap ýüzüp gelýärkäler, birden güýçli tolkun turup, gämini agdarýar. Ne mejlis galýar, ne çörek, ne-de şerap. Bu habar patyşa gelip ýetende ol gaty gynanýar. Şol jamy hernäçe gözletse-de tapyp bilmeýär. Şol wagt pelsepeçi akyldar oňa: «Gördüňmi, sen eliňden giden ýagdaýyňda garyp goýjak, ýüregiňi agyrtjak zada ýüregiňi berdiň. Her kim köňlüne gaýgy-gam aralaşmaz ýaly, elinden giderende gamlanjak, alada goýjak zadyna höwes etmeli däldir» diýýär.
50
69
möjek_daýy🐺
03.03.2024 09:33
Adamyň bir mätäç zady hoş sözdür. Hoş söz aýdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

Gowa gowy diỳiň entek dirikä!
Gerek ỳerde ỳyly bir söz güỳç bolar.
Hökman ölerine garaşyp durmaň!
Kim bilip dur, bir aỳdan soň giç bolar.

Yagşy sözler gaỳnap ỳürekden çyksyn!
Şol närseden bärde çyksa hiç bolar.
Goldaberiň bir-biregi söz bilen!
Kim bilip dur, bir hepdeden giç bolar.

Kalby çoỳuň, alkyş alyň adamlar!
Alkyşlynyň işi rowaç bolar.
Erte tapdyranok bü gün göreniň.
Şu gün çoỳuň, erte, mümkin, giç bolar.

Sahawatsyz ömür, gury bir töňňe,
Sahawatsyz ömrüň soňy puç bolar.
Goldaň bir-biregi wagtyňyz barka!
Mümkin, ỳene bir sagatdan giç bolar.
55
51
möjek_daýy🐺
02.03.2024 07:34
Köp­ler reňk­li egin-eşik­le­ri geý­me­gi ha­la­ýan hem bol­sa, kä­bir adam ge­ýim-ge­jim­ler­den ak reňk­li­si­ni saý­la­ýar. Kä­bir adam ho­wa­nyň ys­sy gün­le­ri ak egin-eşik­le­ri geý­me­gi kem gör­me­ýär. Çalt kir­le­ýän­di­gi, ha­pa ýok­dur­ýan­dy­gy se­bäp­li ak eşik­ler geý­len­de kä­bir me­se­le­ler hem ýü­ze çyk­ýar. My­sal üçin, na­har­la­nyp otu­ran wag­ty­ňyz ýa­gyň ýa-da şi­rä­niň dam­ma­gy, da­şar­da oý­nap ýö­ren ça­ga­ňy­zyň yl­gap ge­lip si­zi gu­jak­la­ma­gy bi­len ga­ra teg­mil­le­riň peý­da bol­ma­gy, ça­ýyň ýa-da ko­fe­niň dö­kül­me­gi… Şeý­le ýag­daý­lar­da ak eşi­gi­ňiz­de peý­da bo­lan teg­mil­ler­dir yz­la­ry aň­sat­lyk bi­len aý­ryp, ak ly­ba­sy­ňy­zy edil tä­ze ýa­ly edip bol­ýar. Ge­liň, ak egin-eşik­ler­dä­ki ha­pa­la­ry aýyr­ma­gyň kä­bir usul­la­ry­ny öw­re­ne­liň!
Ýag teg­mil­le­ri­ni nä­dip aýyr­ma­ly?
Geň gal­ma­ly zat­la­ryň bi­ri, ak egin-eşik­ler­dä­ki ýag yz­la­ry­ny hek bi­len aý­ryp bol­ýar. Eşi­giň ýag da­man ýe­ri­ne hek sürt­me­li, soň­ra ýum­şak çot­ga bi­len sü­pür­me­li. Mu­ny 2-3 ge­zek gaý­ta­lanyň­dan soň, eşi­gi ýuw­saň hem bol­ýar. Ga­bar­dy­jy to­z hem ýa­gyň yzy­ny aýyr­mak­da oňaý­ly se­riş­de­le­riň bi­ri­dir. 2-3 çaý çem­çe­si ga­bar­dy­jy to­zy eşi­giň ýag de­gen ýe­ri­ne se­pip, 10 mi­nut tö­we­re­gi goý­ma­ly. Soň­ra ýum­şak çot­ga bi­len çot­ga­la­ma­ly. Eger ýa­gyň yzy ça­la­rak aý­ry­lan bol­sa, on­da ak egin­ba­şa ýe­ne-de ga­bar­dy­jy toz se­pip, ýaň­ky yzy­gi­der­li­li­gi ýe­ri­ne ýe­tir­me­li. Gap-gaç ýu­wu­jy se­riş­de hem eşi­ge ýo­kan na­har ýa­gy­nyň yzy­ny aýyr­mak­da peý­da­ly­dyr. Bir­nä­çe dam­ja su­wuk sa­by­ny eşi­giň ýag da­man ýe­ri­ne sür­tüp, gyz­gyn suw­da ýuw­mak hem ak ly­bas­da­ky teg­mi­li aýyr­mak­da amat­ly usul­la­ryň bi­ri­dir.
Gy­zyl teg­mil­le­ri nä­dip aýyr­ma­ly?
Po­mi­dor ýa-da mi­we şi­re­si­niň ak egin-eşi­ge dü­şen yzy­ny aýyr­mak hem on­çak­ly kyn däl. Bu ýag­daý­da, il­ki bi­len ak ly­ba­syň gy­zyl teg­mil­li ýe­ri­ni ýuw­ma­ly. Soň­ra bir-iki çüm­mük duz se­pip, 5 mi­nut goý­ma­ly. Soň­ra «duz­la­nan» ak köý­ne­giň teg­mil­li ýe­ri­ni so­wuk suw bi­len ma­za­ly ýuw­ma­ly-da, gu­ra­ýan­ça ga­raş­ma­ly. Eger-de ça­la­ja gyz­gylt öwüs­ýän bol­sa, ýe­ne-de duz se­pip ýaň­ky yzy­gi­der­li­li­gi ýe­ri­ne ýe­tir­me­li. Gy­zyl şi­rä­niň ak köý­ne­ge ýo­kan ýe­ri ki­çi­räk no­kat gör­nü­şin­de bol­sa, kir ýu­wu­jy se­riş­de bi­len ýuw­mak ar­ka­ly hem ýa­gy aý­ryp bo­lar.
Iý­mit teg­mil­le­ri­ni nä­dip aýyr­ma­ly?
Iý­mit teg­mil­le­ri­niň kö­pü­si­ni so­wuk suw bi­len ýuw­mak ar­ka­ly aý­ryp bol­ýar. Egin-eşi­giň hi­li­ne, ma­ta­nyň gör­nü­şi­ne bag­ly­lyk­da kä­wagt teg­mil yz­la­ry aý­ryl­man bi­ler. Ak eşi­ge üw­meç, şo­ko­lad ýa­ly iý­mit ga­lyn­dy­sy de­gen bol­sa, pür­kü­ji gaba 1 bulgur suw we 3-4 dam­ja sir­ke gu­ýup, teg­mil­le­riň üs­tü­ne sep­me­li. 20-30 mi­nut ge­çen­den soň, kir ýu­wu­jy se­riş­de bi­len ma­za­ly ýuw­ma­ly.
Ko­fe we çaý teg­mil­le­ri­ni nä­dip aýyr­ma­ly?
Çaýyň ýa-da ko­fe­niň tö­tän­lik­de egin-eşi­ge dam­ma­gy gün­de­lik dur­muş­da duş ge­lin­ýän ýag­daý­la­ryň bi­ri­dir. Şeý­le ýag­daý­da ak egin­ba­şy ba­da-bat çal­şyr­ma­ly we teg­mil­ler gu­ra­man­ka akar suw­da 5 mi­nut tö­we­re­gi ýuw­ma­ly. Teg­mil­ler aý­ryl­ma­sa, su­wuk sa­byn sür­tüp, so­wuk suw­da ýuw­ma­ly.
zamanturkmenistan
51
41
möjek_daýy🐺
29.02.2024 00:03
WorldWideWeb – 1990-njy ýylda Tim Berners-Li tarapyndan döredilen dünýädäki ilkinji brauzer, soňra bu brauzer Nexus adyna öwrüldi. Emma şol döwürde iň köp ýaýran brauzer NCSA Mosaic hasaplandy.

Google dünýäde iň meşhur web sahypasydyr.

Bütin dünýäde 2,4 milliarddan gowrak adam internetden peýdalanýar.

1991-nji ýylda internet köpçülige elýeterli boldy.

Döredilen ilkinji bäş ýylda internet 50 milliondan gowrak ulanyjyny gurşap aldy.

Internet arkaly e-poçta ibermek üçin programma 1971-nji ýylda peýda boldy.

info.cern.ch – dünýäde 1991-nji ýylda peýda bolan ilkinji web sahypasy. Bu sahypany esaslandyryjy Tim Berners-Li.

1988-nji ýylda Internet Relay Chat (IRC) protokoly döredildi, onuň netijesinde hakyky wagtda aragatnaşyk gurmak mümkin boldy.

Internet ABŞ-nyň Goranmak güýçleriniň bir bölegi hökmünde 1960-njy ýylda döredildi.

Dünýäde iň çalt internet – Günorta Koreýada (ortaça tizlik – 25.3 Mbit / s), ikinji ýer: Gonkong (ortaça tizlik – 16,3 Mbit / s), üçünji ýer: Ýaponiýa (ortaça tizlik – 15 Mbit / s).

Dünýädäki iň haýal internet Liwiýada (ortaça tizligi 0,5 Mbit / s)

Her gün iberilýän 247 milliard e-poçtaň 81% -i spam.

“Facebook” döwlet bolan bolsa, ilat sany boýunça 3-nji ýerde bolardy.
53
17
möjek_daýy🐺
28.02.2024 23:45
2024-nji ýylda dünýäniň iň “güýçli” pasportlarynyň sanawynda Birleşen Arap Emirlikleriniň pasporty ilkinji orny eýeledi. Bu barada “Henley Passport Index” edarasy habar berýär. BAE-niň raýatlary 179 ýurda wizasyz baryp bilýärler, şeýle hem baryp düşensoňlar wiza, eTA we elektron wiza alyp bilýärler.

Ikinji orny 177 bal bilen Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Niderlandlar we Ispaniýa paýlaşdy.

Üçünji orunda (176 bal) Şwesiýa, Finlýandiýa, Lýuksemburg, Awstriýa we Şweýsariýa bar.

Sanawda soňky orunlary Siriýa (93-nji orun), Owganystan (92-nji orun) we Yrak (91-nji orun) eýeledi.

zamanturkmenistan

Umuman bu sanawa BMG-ä agza bolan 193 ýurduň 199 pasporty, şeýle hem, Watikan we öz pasportlary bolan sebitler (Taýwan, Makao, Gonkong, Kosowa we Palestina) gatnaşdy.
53
19
möjek_daýy🐺
25.02.2024 17:53
Bizar boldum telefonyň jaňyndan. Oglumy gününe goýuň siz
gyzlar!
Jyňňyrdap başlaýar günüň daňyndan,
Oglumy gününe goýuň siz gyzlar!

"Söýýän" diýip ony oda salýaňyz
Söýeňzogam söýen kişi bolýaňyz
Gaş kakyp,göz gypyp aklyn alýaňyz
Oglumy gününe goýuň siz gyzlar!

Agşama howlugýar sagadyn belläp
Duşuşanda berjek sowgadyn telläp
Käte urlup gelýär,dodagyn sallap
Oglumy gününe goýuň siz gyzlar!

Ugruňyzda entäp gije giç ýatýar
Düýşünde samyrdap adyňyz tutýar
Ukudan doýmanka ýene daň atýar
Oglumy gününe goýuň siz gyzlar!

Gijeler çagyryp bagyň çetine
Ýardyrýaňyz goňşyňyzyň itine
Käte bolup gelýär gyzyl etene
Oglumy gününe goýuň siz gyzlar!

Eşdiň gyzlar hijiňizem aljak däl
Gelin edip işigimden saljak däl
Balajygmy öýeräýmesem boljak däl
Oglumy gününe goýuň siz gyzlar!

yurekdesh.ru
55
128
möjek_daýy🐺
24.02.2024 12:00

Türkmen aýdym-saz sungatynda ägirt uly yz galdyran merhum halypamyz Nurmuhammet Meredow hakynda.


Halypamyz Nurmuhammet Meredow 1973-nji ýylyñ mart aýynyñ 29-nda Aşgabat şäheriniñ golaýyndaky Köşi obasynda Muhammetnur agañ hem-de Gurbanjemal gelnejäniñ döwletli ojagynda 4-nji çaga bolup dünýä inýär. Olar jemi 5 dogan 2 oglan 3 gyz. 1990-njy ýylda Aşgabat şäherindäki 20-nji orta mekdebi tamamlaýar. Halypanyñ ejesiniñ aýtmagyna görä Nurmuhammet Meredow aýdym-saza 15 ýaşynda höweslenip başlaýar 17 ýaşynda bolsa toýlara çykyp aýdym aýdyp başlaýar. Halypanyñ 3 ogly 1 gyzy bar. Ogullary Merdan, Didarmuhammet, Hezretmuhammet we mähriban gyzy Selbi.

Halypa Nurmuhammet Meredow öz döwründe we häzirki döwürde hem Türkmen sungatynda onuñ öñüne çykyp bilen aýdymçy ýokdur. Nury halypanyñ 47 albomy we 380-den gowrak aýdymlary bar. Halypanyñ köp aýdymlary hit derejesine ýetdi olardan: Anora, Faridam, Gunça, Garratma meni, Maña ogul ber Hudaýym we şolar ýaly ýene köp aýdymlary. Nury Meredow ilki Akyş Saparowyñ aýdymlaryny aýdyp toýlarda çykyş edýär.

Halypanyñ ömri gysga ekeni ol 2010-njy ýylyñ dekabr aýynyñ 5-ne agyr hassalyk zerarly ýagty dünýäni terk etdi. Halypa Nurmuhammet Meredowyñ ýatan ýeri ýagty jaýy Jennetde bolsun Hudaýjan halypa iman baýlygyny bersin.



60
109
möjek_daýy🐺
21.02.2024 08:14

Boýy 2 metr 51 santimetr bolan türkiýeli Sultan Kösem hem-de 62,8 santimetr boýly dünýäniň iň kelde aýaly, hindistanly Joti Amji ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Irwin şäherinde duşuşdylar. Kösem 2009-njy ýylda Ginnesiň rekordlar kitabyna adyny ýazdyrypdy. Şondan bäri onuň rekordyny täzelän bolmady. Iki rekordçy mundan alty ýyl ozal hem duşuşypdylar. Kösemiň eli 27,5 santimetre, dabany 36,5 santimetre deň. Rekordçylar dürli çärelere, her ýylda kitabyň tanyşdyrylyş dabaralaryna gatnaşmak üçin dünýäniň dürli ýerlerinde bolýarlar.

66
221
möjek_daýy🐺
20.02.2024 08:56
Towuk. Häzirki öý towuklary ilkinji gezek Hindistanda biziň eramyzdan 3 müň 200 ýyl ozal eldekileşdirilýär. Öý towuklary bankiw towuklaryndan gelip çykypdyrlar. Bankiw towuklary häzirki wagtda ýabany görnüşde ýaşaýarlar. Olaryň ölçegi öý towuklarynyň ölçeginden kiçiräk, aýaklary garamtyl reňkdedir. Bankiw towuklary uçmaga-da ukyplydyr. Bu towuklar tokaýlyk ýerlerde ýaşaýarlar. Bankiw towuklary öý towuklary bilen oňat çaknyşyp bilýärler.

Ördek. Ördekler biziň eramyzdan 1 müň ýyl ozal Gresiýada eldekileşdirilipdir. Ördekleriň ýabany kowmy muskus ördekleridir. Muskus ördekleri häzirki wagtda Meksika, Günorta Amerika ýerlerinde ýabany görnüşde duş gelýärler.

Gaz. Gazlar biziň eramyzdan 1 müň ýyl töweregi ozal Günorta Ýewropada eldekileşdirlipdir. Gazlar ýabany çal gazdan gelip çykypdyrlar. Ýabany çal gaz biziň günlerimizde-de ýabany görnüşde duş gelýär.
52
16
möjek_daýy🐺
19.02.2024 08:26
Türkmenistanly eminler topary FIFA-nyň emini Daşoguzdan Alybek Sapaýewden we onuň kömekçileri – Aşgabatdan Babanazar Haknazarowdan we Daşoguzdan Pälwan Pälwanowdan ybarat, eminler topary Russiýanyň we Gazagystanyň güýçli klublary – «Krasnodaryň» we «Astananyň» ýoldaşlyk duşuşygyna eminlik etdiler.

Oýun Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabide geçirildi, bu ýerde 4-nji martda başlaýan milli çempionata taýýarlygyň çäklerinde ýurdumyzdan 13 futbol emini we FIFA-nyň 2 instruktory okuw-türgenleşik ýygnanşygyny geçirýärler.

Onuň barşynda FIFA-nyň instruktorlary Allabergen Sapaýewiň we Maksat Seýitgulyýewiň ýolbaşçylygynda türkmen eminleri beden taýýarlygy bilen meşgullanýarlar, sport zalynda türgenleşýärler, oýun taglymatyny we düzgünlerini öwrenýärler, şeýle hem ýoldaşlyk duşuşyklara eminlik edýärler.

«Krasnodar» bilen «Astananyň» arasyndaky duşuşyk Gazagystanyň klubynyň hasabynda 4:2 ýeňşi bilen tamamlanan ilkinji oýun boldy. Ýeňijilerden Marin Tomasow (7), Usman Kamara (23), Maks Ebong (35) we Ramazan Karimow (66), «Krasnodardan» Kadi (38) we Jon Kordoba (47) minutlarda pökgi geçirdiler.

«Astana» Gazagystanyň çempionatynyň ýedi gezek çempiony we häzirki kümüş medalynyň eýesidir. 18 tapgyryň netijelerine görä, «Krasnodar» Russiýanyň premýer-ligasynda 38 utuk bilen ikinji orundaky «Zenitden» 2 utuk öňde barýar.

Ýeri gelende belläp geçsek, BAE-de türkmen futbol eminleriniň türgenleşigi 24-nji fewrala çenli dowam eder.

ashgabat.in
55
97