möjek_daýy🐺
02.03.2024 07:34
Köp­ler reňk­li egin-eşik­le­ri geý­me­gi ha­la­ýan hem bol­sa, kä­bir adam ge­ýim-ge­jim­ler­den ak reňk­li­si­ni saý­la­ýar. Kä­bir adam ho­wa­nyň ys­sy gün­le­ri ak egin-eşik­le­ri geý­me­gi kem gör­me­ýär. Çalt kir­le­ýän­di­gi, ha­pa ýok­dur­ýan­dy­gy se­bäp­li ak eşik­ler geý­len­de kä­bir me­se­le­ler hem ýü­ze çyk­ýar. My­sal üçin, na­har­la­nyp otu­ran wag­ty­ňyz ýa­gyň ýa-da şi­rä­niň dam­ma­gy, da­şar­da oý­nap ýö­ren ça­ga­ňy­zyň yl­gap ge­lip si­zi gu­jak­la­ma­gy bi­len ga­ra teg­mil­le­riň peý­da bol­ma­gy, ça­ýyň ýa-da ko­fe­niň dö­kül­me­gi… Şeý­le ýag­daý­lar­da ak eşi­gi­ňiz­de peý­da bo­lan teg­mil­ler­dir yz­la­ry aň­sat­lyk bi­len aý­ryp, ak ly­ba­sy­ňy­zy edil tä­ze ýa­ly edip bol­ýar. Ge­liň, ak egin-eşik­ler­dä­ki ha­pa­la­ry aýyr­ma­gyň kä­bir usul­la­ry­ny öw­re­ne­liň!
Ýag teg­mil­le­ri­ni nä­dip aýyr­ma­ly?
Geň gal­ma­ly zat­la­ryň bi­ri, ak egin-eşik­ler­dä­ki ýag yz­la­ry­ny hek bi­len aý­ryp bol­ýar. Eşi­giň ýag da­man ýe­ri­ne hek sürt­me­li, soň­ra ýum­şak çot­ga bi­len sü­pür­me­li. Mu­ny 2-3 ge­zek gaý­ta­lanyň­dan soň, eşi­gi ýuw­saň hem bol­ýar. Ga­bar­dy­jy to­z hem ýa­gyň yzy­ny aýyr­mak­da oňaý­ly se­riş­de­le­riň bi­ri­dir. 2-3 çaý çem­çe­si ga­bar­dy­jy to­zy eşi­giň ýag de­gen ýe­ri­ne se­pip, 10 mi­nut tö­we­re­gi goý­ma­ly. Soň­ra ýum­şak çot­ga bi­len çot­ga­la­ma­ly. Eger ýa­gyň yzy ça­la­rak aý­ry­lan bol­sa, on­da ak egin­ba­şa ýe­ne-de ga­bar­dy­jy toz se­pip, ýaň­ky yzy­gi­der­li­li­gi ýe­ri­ne ýe­tir­me­li. Gap-gaç ýu­wu­jy se­riş­de hem eşi­ge ýo­kan na­har ýa­gy­nyň yzy­ny aýyr­mak­da peý­da­ly­dyr. Bir­nä­çe dam­ja su­wuk sa­by­ny eşi­giň ýag da­man ýe­ri­ne sür­tüp, gyz­gyn suw­da ýuw­mak hem ak ly­bas­da­ky teg­mi­li aýyr­mak­da amat­ly usul­la­ryň bi­ri­dir.
Gy­zyl teg­mil­le­ri nä­dip aýyr­ma­ly?
Po­mi­dor ýa-da mi­we şi­re­si­niň ak egin-eşi­ge dü­şen yzy­ny aýyr­mak hem on­çak­ly kyn däl. Bu ýag­daý­da, il­ki bi­len ak ly­ba­syň gy­zyl teg­mil­li ýe­ri­ni ýuw­ma­ly. Soň­ra bir-iki çüm­mük duz se­pip, 5 mi­nut goý­ma­ly. Soň­ra «duz­la­nan» ak köý­ne­giň teg­mil­li ýe­ri­ni so­wuk suw bi­len ma­za­ly ýuw­ma­ly-da, gu­ra­ýan­ça ga­raş­ma­ly. Eger-de ça­la­ja gyz­gylt öwüs­ýän bol­sa, ýe­ne-de duz se­pip ýaň­ky yzy­gi­der­li­li­gi ýe­ri­ne ýe­tir­me­li. Gy­zyl şi­rä­niň ak köý­ne­ge ýo­kan ýe­ri ki­çi­räk no­kat gör­nü­şin­de bol­sa, kir ýu­wu­jy se­riş­de bi­len ýuw­mak ar­ka­ly hem ýa­gy aý­ryp bo­lar.
Iý­mit teg­mil­le­ri­ni nä­dip aýyr­ma­ly?
Iý­mit teg­mil­le­ri­niň kö­pü­si­ni so­wuk suw bi­len ýuw­mak ar­ka­ly aý­ryp bol­ýar. Egin-eşi­giň hi­li­ne, ma­ta­nyň gör­nü­şi­ne bag­ly­lyk­da kä­wagt teg­mil yz­la­ry aý­ryl­man bi­ler. Ak eşi­ge üw­meç, şo­ko­lad ýa­ly iý­mit ga­lyn­dy­sy de­gen bol­sa, pür­kü­ji gaba 1 bulgur suw we 3-4 dam­ja sir­ke gu­ýup, teg­mil­le­riň üs­tü­ne sep­me­li. 20-30 mi­nut ge­çen­den soň, kir ýu­wu­jy se­riş­de bi­len ma­za­ly ýuw­ma­ly.
Ko­fe we çaý teg­mil­le­ri­ni nä­dip aýyr­ma­ly?
Çaýyň ýa-da ko­fe­niň tö­tän­lik­de egin-eşi­ge dam­ma­gy gün­de­lik dur­muş­da duş ge­lin­ýän ýag­daý­la­ryň bi­ri­dir. Şeý­le ýag­daý­da ak egin­ba­şy ba­da-bat çal­şyr­ma­ly we teg­mil­ler gu­ra­man­ka akar suw­da 5 mi­nut tö­we­re­gi ýuw­ma­ly. Teg­mil­ler aý­ryl­ma­sa, su­wuk sa­byn sür­tüp, so­wuk suw­da ýuw­ma­ly.
zamanturkmenistan
51
41
medik_
2 Mart 2024
Tomus gorersin ine cagalan esiklerini🤦🏼‍♀️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.