möjek_daýy🐺
25.02.2024 17:53
Bizar boldum telefonyň jaňyndan. Oglumy gününe goýuň siz
gyzlar!
Jyňňyrdap başlaýar günüň daňyndan,
Oglumy gününe goýuň siz gyzlar!

"Söýýän" diýip ony oda salýaňyz
Söýeňzogam söýen kişi bolýaňyz
Gaş kakyp,göz gypyp aklyn alýaňyz
Oglumy gününe goýuň siz gyzlar!

Agşama howlugýar sagadyn belläp
Duşuşanda berjek sowgadyn telläp
Käte urlup gelýär,dodagyn sallap
Oglumy gününe goýuň siz gyzlar!

Ugruňyzda entäp gije giç ýatýar
Düýşünde samyrdap adyňyz tutýar
Ukudan doýmanka ýene daň atýar
Oglumy gününe goýuň siz gyzlar!

Gijeler çagyryp bagyň çetine
Ýardyrýaňyz goňşyňyzyň itine
Käte bolup gelýär gyzyl etene
Oglumy gününe goýuň siz gyzlar!

Eşdiň gyzlar hijiňizem aljak däl
Gelin edip işigimden saljak däl
Balajygmy öýeräýmesem boljak däl
Oglumy gününe goýuň siz gyzlar!

yurekdesh.ru
55
128
isimsiz
26 Fewral 2024
Ben suçsuzum,masumum ben teyzeeeee 😂
angelface
25 Fewral 2024
Xex 🤣😅😂 bolia houu goijakk
möjek_daýy🐺
25 Fewral 2024
@flowers_, gelneje bolmanam ozunden önen adam yakyn bolara:)
flowers_
25 Fewral 2024
Behh ogluny gelninden gowy görjek gaýynene eken)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.