möjek_daýy🐺
14.03.2024 05:36
Salam. Yenede
@oktyabr_03den
gulkili kartinkajyklar, gorun hany belki yylgyrarsynyz😉
44
231
2
möjek_daýy🐺
12.03.2024 09:00
yenede gulkili kartinkajyklar...😉 (ote gecyani bolsa bagyshlarsynyz)
48
241
4
möjek_daýy🐺
11.03.2024 22:07
gulmek omurden - gulmesen ozunden...😉
50
292
15
möjek_daýy🐺
11.03.2024 13:11
herhilije kartinkalar, belki guldurmegi mumkin
42
188
4
möjek_daýy🐺
10.03.2024 09:01
1876-njy ýylyň 10-njy martynda Aleksandr Graýam Bell tarapyndan ilkinji şowly telefon synagy geçirilýär. Şol döwürler sesi uzak aralyga ibermek üçin dürli synanyşyklar edilýärdi. Uzak aralyga hat ibermäge mümkinçilik berýän elektrik telegrafynyň oýlanyp tapylanyna 40 ýola golaý wagt bolupdy. Amerikaly Aleksandr Greýam Bell şol gün Tomas Watson bilen ilkinji gezek telefon arkaly gepleşýär. Bell “sesli telegramma” atly oýlap tapyşynyň tanyşdyryşynda geçirijä birikdirilen ses beriji arkaly beýleki otagdaky kabul edijiniň ýanynda oturan kömekçisine “Jenap Watson, bärik geliň. Sizi görmekçi!” diýýär.
Şeýlelikde geçiriji arkaly ilkinji ses “uzak” aralyga iberilýär. Bu açyş soňlugy bilen kämilleşip planetamyzyň islendik ýerindäki, hatda kosmos giňişligindäki we başga asman jisiminden hem maglumat almaga mümkinçilik döretdi.
Belliň açyşy gysga wagtda ýaýrady. 1877-nji ýylda Massaçusets ştatynyň Boston we Somerwille şäherleriniň arasynda ilkinji telefon geçiriji guruldy. Şondan soňra Amerikada, Ýewropada we beýleki ýurtlarda agaç sütünler arkaly müňlerçe kilometre uzap gidýän telefon geçirijiler peýda boldy. Eýýäm 1880-nji ýylda ABŞ-da 50 müň töweregi telefon enjamy bardy.
1915-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Greýam Bell Amerika materiginiň bir tarapyndan beýleki tarapyna jaň etdi. Şol gün Bell Nýu-Ýorkuň günbataryndan Kaliforniýa ştatynyň San-Fransisko şäherinde geçirilýän Panama-Ýuwaş ummany halkara sergisine gatnaşýan ozalky kömekçisi Watsona jaň etdi.
Materikleriň arasyndaky ilkinji gepleşik simli geçiriji däl-de, radiotolkunlary arkaly amala aşyrylýar. 1927-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Angliýanyň Poçta gullugynyň müdiri Ewelin Mýurri “Bell” telefon kompaniýasynyň ýolbaşçysy Walter S. Gifford bilen gepleşýär. Şeýlelikde London bilen bilen Nýu-Ýorkuň aralygynda telefon arkaly ilkinji transatlantik gepleşik bolup geçýär.
Ilkinji geçirijisiz telefonlar 1970-nji ýyllarda peýda bolýar. 1990-njy ýylda başynda aragatnaşygyň birinji nesli (1G), ýagny ilkinji öýjükli telefonlar peýda bolýar.
Häzir bolsa telefonlar diňe sesi däl, dürli maglumatlary – suratlary, wideolary, tekstleri uzak aralyga ibermäge mümkinçilik berýär.
52
31
0
möjek_daýy🐺
08.03.2024 12:52
Zenanlaryň köpüsi saçynyň uzyn bolmagyny isleýär. Saçyň uçlary döwlende zeper ýeten ýerini kesmeli bolýar. Soňra saçyň gaýtadan ösmegi üçin ençeme wagt garaşmaly bolýar. Eýsem, saçy tebigy ýagdaýda ösdürmegiň usullary barmy? Geliň, trihologlaryň (kelle we saç boýunça hünärmen) maslahat berýän käbir usullary bilen tanyş bolalyň!
Trihologlar zenanlaryň saçynyň her aýda ortaça 1,3 santimetr, bir ýylda bolsa, 15 santimetr ösýändigini belleýärler. Saça ýokumly maddalar ýetmezçilik edende saçyň düşmegi ýa-da ujunyň döwülmegi ýaly ýagdaýlar bolup geçýär. Saçyň 97 göterimi belokdan durýar. Şol sebäpli her gün ertirlik ýa-da günortanlyk naharynda belokly iýmitleri iýmeli. Belok, esasan hem, balykda, ýumurtgada, etde we gatykda saklanýar. Saçy çalt ösdürmek üçin belok bilen bir hatarda, düzüminde demir, sink, B12, D witamini we Omega-3 ýag kislotasy bolan iýmitleri ýa-da zerur bolan goşundylary almak hem zerurdyr. Saçyň zaýalanmazlygy we çalt ösmegi üçin kadaly uklamaly. Şeýle hem sürtülmä sezewar bolup biljek gaty ýassykda däl-de, nah mataly ýumşak ýassykda ýatmaly. Kadaly uky stresi peseldip, bedende saçyň ösmegi üçin zerur bolan energiýanyň öndürilmegini üpjün edýär. Saçyň düýbündäki öýjükleriň täzelenip, saçyň has çalt ösmegi üçin her gün kelläni we saçyň düýplerini mazaly ýuwmaly. Şeýle hem goňaga garşy ýuwujy serişdeleri ulanmaly. Saçyňyzy ösdürmek isleýän bolsaňyz, emeli guradyjy serişdeleri ulanmagy bes etmeli. Saçy tebigy ýagdaýda mata süpürgiç bilen guratmaly. Eger-de emeli guradyjy serişdeleri ulanmak zerurlygy ýüze çykan halatynda 30 santimetr uzaklykda saklap, orta ýa-da pes ýylylykda guratmaly. Ýuwlup guradylandan soň aloe şiresini ýa-da zeýtun ýagyny çalmak hem saçy iýmitlendirip, ösüşini çaltlandyrýar.
zamanturkmenistan.com.tm
55
63
1
möjek_daýy🐺
08.03.2024 01:43
Internet adama köp zady berdi
Kime bagt berdi, kimlere derdi
O yerde görmek kyn hakyky yüzi
Eşitmegä hasam kyn hakyky sözi
Kimler özün bay diyip görkezjek bolar
Kimler özün ay diyip görkezjek bolar
Kimler begensede seniñ a:gyňa
Yalandan aglaýan smaylik goyar
Kimler surat goyar hüyr melek bilen
Öyünde iş dertden garran gelini
Çagalarny güymär heygenek bilen
Kimler steyk iyip surata düşer
Öyünde unaşam karzyna bişer
Öñ abraydan tanardylar adamy
Indi yetik podpisçikleň yardamy
Öykelärdik dostlar yana gelmese
Indi öykeleyär layk goymasa
Internetde halkdan gollanyanam bar
Hayyr işler üçin ullanyanam bar
Dostlar bolyan bolsa arasynda bir pursatjyk tapyñ
Dunyä getiren ejeleň elinden öpüň
Içi gysan çagajyklaň gyjyklaň
Gelniňizi bagra basyp gujaklaň
Jogap geler ganyp bolyan zat däldir
Ol mähir hyyaly internet däldir
49
62
7
möjek_daýy🐺
07.03.2024 19:39
Salamaleykum owrenmelin mahriban gelin gyzlary, sizin hemmanizi yetip gelen 8nji mart bayramynyz bilen tuys yuregimden gutlayan, ishinizde okuwynyzda dine ustunlik arzuw edyan. Mena soz baylygym kan osen daldir, boldugyndan gutlan bolayyn diydim.
"Gyzlar bolmadyk bolsa bizem bolmazdyk - yone biz bolmasak sizem bolmardynyz" (degishmedir gaty gorayman)
Erk edip men kärime,
Isle är bol äriñe😅
Taýyn hemme buýruga,
8nji mart guni
bayramynyz yenede bir gezek gutly bolsun !!!
50
76
6
möjek_daýy🐺
06.03.2024 19:16
"Salam, mähriban gyzym"! Eger sen bu haty alsaň. diýmek hatyň saňa baryp. ýetendigi.
Eger-de hat
gowuşmasa maňa hökman
duýdur, men täzeden
ýazaryn. Men haýal ýazýan,
sebäbi, seniň çalt okap
bilmeýändigiňi bilýän. Bärde
howa gowy. Geçen hepdede
iki gezejik ýagyş ýagdy:
hepdäniň başynda üç gün
we ahyrynda dört gün.
Ýogsa- da, seniň ugrat diýen
paltoň barada. Men agramy
ýeňil bolar ýaly, onuň
iliklerini aýyrdym. Baransoň
tikersiň, ilikleri sag jübüsine
saldym. Arada jigiňi
durmuşa çykardyk, ýakynda
onuň çagasy bolmaly.
Ogulmy ýa gyz boljakdygyny
bilemzok, şonuň üçin seniň
hem daýymy ýa daýza
boljakdygyňy aýdyp biljek
däl. Erkek doganyň arada
kyn ýagdaýa düşdi: ol
maşynyny ýapyp, açaryny
hem içinde galdyrdy. 10
kilometr pyýada ýol geçip,
öýden ikinji açary alyp
geleninden soň, diňe
şondan soň biz maşyndan
çykyp bildik. Men saňa bir az
pul ugratmakçydym, ýöne,
eýýäm konwertiň agzyny
kleýledim. Hoş, sag bol!!!
yurekdesh.ru
54
240
18
möjek_daýy🐺
05.03.2024 12:10
Kitap okamak biziň çalt garramagymyzyň öňüni alýar. Kitap okamak adamyň beýnisini işjeň ýagdaýa getirýär. Beýniniň işlemegi bolsa garrylygy birneme yza süýşürýär.
Fransuz imperatory Napoleon Bonapart bir minudyň dowamynda 2 müň sözi okamagy başarypdyr. Rus ýazyjysy Maksim Gorkiý bolsa 1 minudyň dowamynda 4 müň sözi okap bilipdir. Ýazyjy Onore De Balzak 2 ýüz sahypaly romany ýarym sagatda okapdyr.
Tomas Edison hem ünsüniň güýçli bolmagy sebäpli, 2-3 setiri birden okap, okanlaryny sahypalap ýadynda saklamagy başarypdyr.
Haýal okanymyzdan çalt okan wagtymyz gözlerimiz onçakly bir ýadamaýar. Adamlaryň 95 %-I örän haýal, ýagny 1 minudyň dowamynda 180-220 söz okaýarlar, (ýagny bir sahypany 1,5-2 minutda).
Dünýädäki iň uly kitaphana 1800-nji ýylda döredilen ABŞ Kongresiniň kitaphanasydyr. 2012-nji ýylda onuň gaznasyndaky kitaplaryň sany 155,3 milliona barabardy. Kitaphananyň umumy meýdany 26,14 ga bolup, kitap tekjeleriniň uzynlygy 856 kilometr.
Hindistanyň Amritsar şäherindäki kitaphana bolsa dünýäniň iň kiçi kitaphanasy hasaplanylýar. Onda bary-ýogy bir sany mukaddes kitap saklanylýar.
Ýer ýüzündäki ilkinji gazet Hytaýyň “Kongo” gazeti. Ol eýýäm 1000 ýyldan bäri çap edilip gelýär.
“Nýu Ýork Taýms” amerikan gazetiniň 1965-nji ýylyň 17-nji oktýabryndaky sany agramy boýunça dünýädäki iň agyr gazet hasaplanýar. Onuň agramy 3,4 kilogram, sahypalarynyň sany bolsa 943.
"turkmenin yupek yoly" gazeti
46
36
2
Yene yükle