Zenanlaryň köpüsi saçynyň uzyn bolmagyny isleýär. Saçyň uçlary döwlende zeper ýeten ýerini kesmeli bolýar. Soňra saçyň gaýtadan ösmegi üçin ençeme wagt garaşmaly bolýar. Eýsem, saçy tebigy ýagdaýda ösdürmegiň usullary barmy? Geliň, trihologlaryň (kelle we saç boýunça hünärmen) maslahat berýän käbir usullary bilen tanyş bolalyň!
Trihologlar zenanlaryň saçynyň her aýda ortaça 1,3 santimetr, bir ýylda bolsa, 15 santimetr ösýändigini belleýärler. Saça ýokumly maddalar ýetmezçilik edende saçyň düşmegi ýa-da ujunyň döwülmegi ýaly ýagdaýlar bolup geçýär. Saçyň 97 göterimi belokdan durýar. Şol sebäpli her gün ertirlik ýa-da günortanlyk naharynda belokly iýmitleri iýmeli. Belok, esasan hem, balykda, ýumurtgada, etde we gatykda saklanýar. Saçy çalt ösdürmek üçin belok bilen bir hatarda, düzüminde demir, sink, B12, D witamini we Omega-3 ýag kislotasy bolan iýmitleri ýa-da zerur bolan goşundylary almak hem zerurdyr. Saçyň zaýalanmazlygy we çalt ösmegi üçin kadaly uklamaly. Şeýle hem sürtülmä sezewar bolup biljek gaty ýassykda däl-de, nah mataly ýumşak ýassykda ýatmaly. Kadaly uky stresi peseldip, bedende saçyň ösmegi üçin zerur bolan energiýanyň öndürilmegini üpjün edýär. Saçyň düýbündäki öýjükleriň täzelenip, saçyň has çalt ösmegi üçin her gün kelläni we saçyň düýplerini mazaly ýuwmaly. Şeýle hem goňaga garşy ýuwujy serişdeleri ulanmaly. Saçyňyzy ösdürmek isleýän bolsaňyz, emeli guradyjy serişdeleri ulanmagy bes etmeli. Saçy tebigy ýagdaýda mata süpürgiç bilen guratmaly. Eger-de emeli guradyjy serişdeleri ulanmak zerurlygy ýüze çykan halatynda 30 santimetr uzaklykda saklap, orta ýa-da pes ýylylykda guratmaly. Ýuwlup guradylandan soň aloe şiresini ýa-da zeýtun ýagyny çalmak hem saçy iýmitlendirip, ösüşini çaltlandyrýar.
zamanturkmenistan.com.tm