1876-njy ýylyň 10-njy martynda Aleksandr Graýam Bell tarapyndan ilkinji şowly telefon synagy geçirilýär. Şol döwürler sesi uzak aralyga ibermek üçin dürli synanyşyklar edilýärdi. Uzak aralyga hat ibermäge mümkinçilik berýän elektrik telegrafynyň oýlanyp tapylanyna 40 ýola golaý wagt bolupdy. Amerikaly Aleksandr Greýam Bell şol gün Tomas Watson bilen ilkinji gezek telefon arkaly gepleşýär. Bell “sesli telegramma” atly oýlap tapyşynyň tanyşdyryşynda geçirijä birikdirilen ses beriji arkaly beýleki otagdaky kabul edijiniň ýanynda oturan kömekçisine “Jenap Watson, bärik geliň. Sizi görmekçi!” diýýär.
Şeýlelikde geçiriji arkaly ilkinji ses “uzak” aralyga iberilýär. Bu açyş soňlugy bilen kämilleşip planetamyzyň islendik ýerindäki, hatda kosmos giňişligindäki we başga asman jisiminden hem maglumat almaga mümkinçilik döretdi.
Belliň açyşy gysga wagtda ýaýrady. 1877-nji ýylda Massaçusets ştatynyň Boston we Somerwille şäherleriniň arasynda ilkinji telefon geçiriji guruldy. Şondan soňra Amerikada, Ýewropada we beýleki ýurtlarda agaç sütünler arkaly müňlerçe kilometre uzap gidýän telefon geçirijiler peýda boldy. Eýýäm 1880-nji ýylda ABŞ-da 50 müň töweregi telefon enjamy bardy.
1915-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Greýam Bell Amerika materiginiň bir tarapyndan beýleki tarapyna jaň etdi. Şol gün Bell Nýu-Ýorkuň günbataryndan Kaliforniýa ştatynyň San-Fransisko şäherinde geçirilýän Panama-Ýuwaş ummany halkara sergisine gatnaşýan ozalky kömekçisi Watsona jaň etdi.
Materikleriň arasyndaky ilkinji gepleşik simli geçiriji däl-de, radiotolkunlary arkaly amala aşyrylýar. 1927-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Angliýanyň Poçta gullugynyň müdiri Ewelin Mýurri “Bell” telefon kompaniýasynyň ýolbaşçysy Walter S. Gifford bilen gepleşýär. Şeýlelikde London bilen bilen Nýu-Ýorkuň aralygynda telefon arkaly ilkinji transatlantik gepleşik bolup geçýär.
Ilkinji geçirijisiz telefonlar 1970-nji ýyllarda peýda bolýar. 1990-njy ýylda başynda aragatnaşygyň birinji nesli (1G), ýagny ilkinji öýjükli telefonlar peýda bolýar.
Häzir bolsa telefonlar diňe sesi däl, dürli maglumatlary – suratlary, wideolary, tekstleri uzak aralyga ibermäge mümkinçilik berýär.