möjek_daýy🐺
09.05.2024 10:34
Şat durmuşyñ şu güni hem ertiri,
Heý-de çaga ýaly gowy zat barmy.
Bagtly ýaşamaga sebäbiň özi,
Heý-de çaga ýaly gowy zat barmy.
Öýlenersiň, basym kaka diýerler,
Zol-zol göter diýip eliňe bererler.
Toý köýnegiňi arlyk edip ýuwarlar,
Heý-de çaga ýaly gowy zat barmy.
Saçagyň üstüni agdar düňderer,
Ne özi zat iýer, nede iýdirer.
Abede geleniňe puşman diýdirer,
Heý-de çaga ýaly gowy zat barmy.
Tapan-tupan zadyny agzyna salar,
Tok pok görse çekip düýbüni ýolar.
Elektriklerdenem ýürekli şolar,
Heý-de tok ýaly howply zat barmy.
Telefonyň için daşyn dargadar,
Tanyş gelin-gyzlara gudok ugradar.
Aýal bilse otuz ikiňi owradar,
Blokirowka ýaly gowy zat barmy.
Biwagt aglar ol, biwagt uklar,
Ýorganyň astyndan biwagt jyklar.
Bu günki etjek işiňi ertire saklar,
Heý-de çaga ýaly gowy zat barmy.
Gowy zatlaň asla aňsady ýokdur,
Çaga mähir berseň geljegiň päkdir.
Ýagşy aýdar bizi alla ýalkapdyr,
Dowamatyň ýaly gowy zat barmy.
Yagşy Goşunow
21
56
möjek_daýy🐺
02.05.2024 22:46
Düşdük wokzalynda, han gören iliñ,
Aşgabatdan ugran otlyñ bagryndan.
İlki myhman ýerimiz, Ýylanly etrap,
Ugradyk we ýetdik iküç öwrümden.
Däbe görä ilki etlije palaw,
Ondan soñam manty, ýumurtga börek...
Aşgazan bäş dürli nahardan doldy,
Agşam asmanda Aý bolýança orak.
Bu hormatdan, çäksiz minnetdar bolup,
Ertesi ugradyk Pirleñ gujagna.
Aşyk Aýdyñ pirden alyp ak pata,
Düşdük Indi ýollañ has-da goçagna.
Atabaý Gurbanyñ owazyn diñläp,
Ýetdik beýik mesgen Köneürgenje.
Megerem dünýäde İñ bagtly ynsan,
Bagtly däldir bu gün,
tüýs şu gün mençe...
Törebeg hanymy başlara sylyp,
Soñam togap etdik Soltan Tekeşe.
Nejmeddin Kubrada Allañ ýoluna,
Elleri galdyrdyk düşenip keçe.
Üç ýüz altmyş piriñ patasyn alyp,
Kerweni togtatdyk Tagta gelende.
"Myhman" diýip teýe üç düşek taşlap,
Galdyrdylar göwün ýaly belende.
Naharyndan beter mährinden doýup,
Gubadag iline ýola düşdük biz.
Meşhur "Fitçisinden" gerk-gäbe doýup,
Çaýymyza,
Keýpe şeker goşduk biz.
Ynha beýik ilden beýik ýatlama,
Myhmansöýerligiñe telpek...Daşoguz!
Zyýaratlar kabul, dilegler hasyl...
Ýene görüşýänçäk hoş gal!
Hoş Oguz!
30
110