möjek_daýy🐺
09.05.2024 10:34
Şat durmuşyñ şu güni hem ertiri,
Heý-de çaga ýaly gowy zat barmy.
Bagtly ýaşamaga sebäbiň özi,
Heý-de çaga ýaly gowy zat barmy.

Öýlenersiň, basym kaka diýerler,
Zol-zol göter diýip eliňe bererler.
Toý köýnegiňi arlyk edip ýuwarlar,
Heý-de çaga ýaly gowy zat barmy.

Saçagyň üstüni agdar düňderer,
Ne özi zat iýer, nede iýdirer.
Abede geleniňe puşman diýdirer,
Heý-de çaga ýaly gowy zat barmy.

Tapan-tupan zadyny agzyna salar,
Tok pok görse çekip düýbüni ýolar.
Elektriklerdenem ýürekli şolar,
Heý-de tok ýaly howply zat barmy.

Telefonyň için daşyn dargadar,
Tanyş gelin-gyzlara gudok ugradar.
Aýal bilse otuz ikiňi owradar,
Blokirowka ýaly gowy zat barmy.

Biwagt aglar ol, biwagt uklar,
Ýorganyň astyndan biwagt jyklar.
Bu günki etjek işiňi ertire saklar,
Heý-de çaga ýaly gowy zat barmy.

Gowy zatlaň asla aňsady ýokdur,
Çaga mähir berseň geljegiň päkdir.
Ýagşy aýdar bizi alla ýalkapdyr,
Dowamatyň ýaly gowy zat barmy.

Yagşy Goşunow
21
56
möjek_daýy🐺
9 May 2024
@ATOMIC, mm bolia 😅
ATOMIC
9 May 2024
@oktyabr_03, posta güldüm diýen bolaýyn:)
möjek_daýy🐺
9 May 2024
@ATOMIC, nm boldy bro🦥
ATOMIC
9 May 2024
😂😂😂😂😂🤣🤣🤣🤣
Kicxi_maniak
9 May 2024
@_atam077, dawaý Rahman😂😂😂
möjek_daýy🐺
9 May 2024
@_atam077, ozine gowni yetyanler barmy barde 🦧
kesha_m
9 May 2024
😂😂😂
makesh_03
9 May 2024
gowy gosgy😅
makesh_03
9 May 2024
👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.