Düşdük wokzalynda, han gören iliñ,
Aşgabatdan ugran otlyñ bagryndan.
İlki myhman ýerimiz, Ýylanly etrap,
Ugradyk we ýetdik iküç öwrümden.
Däbe görä ilki etlije palaw,
Ondan soñam manty, ýumurtga börek...
Aşgazan bäş dürli nahardan doldy,
Agşam asmanda Aý bolýança orak.
Bu hormatdan, çäksiz minnetdar bolup,
Ertesi ugradyk Pirleñ gujagna.
Aşyk Aýdyñ pirden alyp ak pata,
Düşdük Indi ýollañ has-da goçagna.
Atabaý Gurbanyñ owazyn diñläp,
Ýetdik beýik mesgen Köneürgenje.
Megerem dünýäde İñ bagtly ynsan,
Bagtly däldir bu gün,
tüýs şu gün mençe...
Törebeg hanymy başlara sylyp,
Soñam togap etdik Soltan Tekeşe.
Nejmeddin Kubrada Allañ ýoluna,
Elleri galdyrdyk düşenip keçe.
Üç ýüz altmyş piriñ patasyn alyp,
Kerweni togtatdyk Tagta gelende.
"Myhman" diýip teýe üç düşek taşlap,
Galdyrdylar göwün ýaly belende.
Naharyndan beter mährinden doýup,
Gubadag iline ýola düşdük biz.
Meşhur "Fitçisinden" gerk-gäbe doýup,
Çaýymyza,
Keýpe şeker goşduk biz.
Ynha beýik ilden beýik ýatlama,
Myhmansöýerligiñe telpek...Daşoguz!
Zyýaratlar kabul, dilegler hasyl...
Ýene görüşýänçäk hoş gal!
Hoş Oguz!