lavinya_
10.08.2024 09:05
Dehistanyň baýrynda,
Bady-sabany görsem.
Bahaweddin, Mirkülal,
Zeňňi Babany görsem.
Nagleýni Arşa täçdir,
Ady äleme paçdyr,
Iki jahan mätäçdir,
Arap zybany görsem.
Gelen geçer çäşt edip,
Eglenmez güzeşt edip,
Köňül aýdar keşt edip,
Gezsem, jahany görsem.
Hydyr kimin çöllerde,
Ylýas kimin suwlarda,
Kowus kimin daglarda,
Ýagşy-ýamany görsem.
Ýokarda Hindistany,
Arkada Türküstany,
Öwlüýäler ummany,
Ol Rumystany görsem.
Jan däli, jahan şeýda,
Munda ne bolmaz peýda,
Ýedi dag, ýedi derýa –
Däli dünýäni görsem.
Magtymguly hoş bolsa,
Aksa didäm, ýaş bolsa,
Imanym ýoldaş bolsa,
Barsam, Käbäni görsem."
Magtymguly Pyragy
14
14
lavinya_
13.06.2024 11:20
Eýsem, ýaranjaňlyk, öz külbäň küýi
Göriplik hem juda-juda küteklik
Ýaly gylyk-häsýet duş gelýän güni
Iň ýaramaz gylykmydyr gödeklik?
Baş çykarmak gerek şeýle gylykdan,
Näçe çuň düşünseň şonça-da ýagşy.
Kebzä pyçak sokýan sypaýçylykdan,
Tumşugyňa kakýan gödeklik ýagşy.
Eý, siz, sypaýylar, men taýa bakan
Gelmäweriň leşger çekip, dökülip.
Ýaşasyn hak üçin gulakdan çekýän,
Göni göze bakýan sagdyn gödeklik!
Dünnýe her kimiň öz gylygy bar,
Oňatlary saýlap-seçgin — diýdiler.
Edep-sypaýçylyk adamy bezär,
Mydam gödeklerden gaçgyn — diýdiler.
Diýişleri ýaly, gaçdym-da ýördüm,
Gödekligem meni kowlap ýörmedi.
Ol öňümden çyksa, ýüzüm öwürdim,
Oň nä derdi — asyl gaty görmedi.
Sypaýy diýlenler bolýar her hili
Juda sypaýylar daşym aldylar.
Duýman durka, kastlary bar ýaly,
Sypaýlygmyň dulugyna çaldylar.
Sypaýçylyk bilen hormat etdiler.
Sypaýçylyk bilen adym tutdular.
Sypaýçylyk bilen arzan satdylar.
Sypaýçylyk bilen etdiler baryn.
Soň ýene diýdiler ýanyma gelip,
Mert ýigide näzik bolmak ýaraşmaz.
Bardyr adamlarda şeýle bir gylyk, —
Ajyň ýokmy — süýjüňe-de garaşmaz.
Awtor: Gurbannazar Ezizow
22
50
lavinya_
10.06.2024 15:15
MEN PIKIR EDÝÄRDIM...
Men pikir edýärdim,
"Garaşýandyrlar",
Çal sazyňy, "Göwün" atly tüýdügim...
...Meň goşgy ýazmagym ýakmak däl ahyr!
Meň goşgy ýazmagym "Ýanýan!" diýdigim.
Meň goşgy ýazmagym,
otly ýüregi
alaç tapman, ele alyp ýelpemek...
Meň goşgy ýazmagym aýypmyka ýa?
Aýypmyka çynyň bilen geplemek?!
Asyl-ha şo pikir nirden ýolukdy,
Öz-özüňden tosladyňmy ýa-da, gyz?!
...Men pikir edýärdim,
"Garaşýarkalar,
Ýazman ýörün,
ýanman ýörün, wadaryg!"
Men pikir edýärdim...
© Aýgül BAÝADOWA
15
36