lavinya_
13.06.2024 11:20
Eýsem, ýaranjaňlyk, öz külbäň küýi
Göriplik hem juda-juda küteklik
Ýaly gylyk-häsýet duş gelýän güni
Iň ýaramaz gylykmydyr gödeklik?

Baş çykarmak gerek şeýle gylykdan,
Näçe çuň düşünseň şonça-da ýagşy.
Kebzä pyçak sokýan sypaýçylykdan,
Tumşugyňa kakýan gödeklik ýagşy.

Eý, siz, sypaýylar, men taýa bakan
Gelmäweriň leşger çekip, dökülip.
Ýaşasyn hak üçin gulakdan çekýän,
Göni göze bakýan sagdyn gödeklik!

Dünnýe her kimiň öz gylygy bar,
Oňatlary saýlap-seçgin — diýdiler.
Edep-sypaýçylyk adamy bezär,
Mydam gödeklerden gaçgyn — diýdiler.

Diýişleri ýaly, gaçdym-da ýördüm,
Gödekligem meni kowlap ýörmedi.
Ol öňümden çyksa, ýüzüm öwürdim,
Oň nä derdi — asyl gaty görmedi.

Sypaýy diýlenler bolýar her hili
Juda sypaýylar daşym aldylar.
Duýman durka, kastlary bar ýaly,
Sypaýlygmyň dulugyna çaldylar.

Sypaýçylyk bilen hormat etdiler.
Sypaýçylyk bilen adym tutdular.
Sypaýçylyk bilen arzan satdylar.
Sypaýçylyk bilen etdiler baryn.

Soň ýene diýdiler ýanyma gelip,
Mert ýigide näzik bolmak ýaraşmaz.
Bardyr adamlarda şeýle bir gylyk, —
Ajyň ýokmy — süýjüňe-de garaşmaz.



Awtor: Gurbannazar Ezizow
22
50
Adyl_G
24 Iýun 2024
@lavinya_, tanamok menem sizi.🙄
Adyl_G
24 Iýun 2024
@lavinya_, gowmy yagdaylan.
lavinya_
24 Iýun 2024
@Adyl_G, Salam!
Adyl_G
24 Iýun 2024
@lavinya_, barmyn kizz sen, salam
PILOT👮‍♂️✈🛩
13 Iýun 2024
👍👍👍
nabat_
13 Iýun 2024
@lavinya_, Allajana şukur gowy menem❤hemişe gowja bol tatlim🤗
lavinya_
13 Iýun 2024
📌"gylygy"bolmaly ýalňyş ýazypdyryn.
nabat_
13 Iýun 2024
Guzelim gowmy🤗🥰😇
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.