lavinya_
01.07.2024 08:50
Oýananyňdan soň kän eglenmede, ümsümlik hüjräňe git. Ümsüm hem hereketsiz halda otur. Soňra özüňe şu sowaly ber: «Şu gün meniň iň ahyrky günüm bolsa, näme ederdim?». Esasy zat bu sowalyň asyl manysyna aralaşmakdyr. Aňyňda etjek işleriň, jaň edip, iç döküşmekden lezzet aljak adamlaryň sanawyny düz. Şu zatlary uly joşgun bilen ýerine ýetirişiňi göz öňüňde janlandyr. Maşgalaňa hem dost -ýarlara nähili çemeleşjekdigiňi hyýal et. Hatda bu günüň Zemindäki iň soňky günüň bolanlygynda, özüňi bütinleý nätanyş adamlar bilen nähili alyp barjakdygyňy hem göz öňüňe getir. Saňa ozalam aýdyşym ýaly, her günüňi, hakyt, ahyrky gün ýaly ýaşa saň, durmuşyň täsin bir ahwala döner.


Awtor: Robin ŞARMA.
13
29
lavinya_
4 Iýul 2024
@flowers_, 💮)
flowers_
3 Iýul 2024
🤗
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.