kizz
04.01.2024 16:04
Tebigatyň köp täsinliklerini özünde jemleýän derýa


Tebigatyň özboluşly, syrly dünýäsi uzak ýyllardan bäri öwrenilip gelinýär. Amazonka derýasy hem tebigatyň köp täsinliklerini özünde jemleýär.

Derýanyň ady ilkinji gezek 1542-nji ýylda ispan syýahatçysy Fransisko Orelýan tarapyndan «Amazonka» diýlip atlandyrylýar. Günorta Amerikanyň çäklerinde, dünýäniň iň uly Amazonka pesliginde ýerleşýän Amazonka derýasyny ýerli halk «Parana-King» diýip atlandyrýarlar. «Derýalaryň şasy» diýmekligi aňladýan bu adyň oňa ähli ölçegleri boýunça dünýäde iň uly derýa bolanlygy üçin dakylan bolmagy ahmal.

Amazonkanyň umumy uzynlygy 7025 kilometre deň bolup, bu ölçeg 1995-nji ýylda derýanyň Ukaýali goşandyna goşulýan Apurimak derýasynyň gözbaşyndan başlanan barlaglaryň netijesinde takyklanýar. Ol Afrikada ýerleşýän Nil derýasyndan hem 300 kilometr uzyndyr. Derýadan her ýylda 3800 kub metr suw Atlantik ummanyna akýar. Bu ölçeg Ýer ýüzündäki ähli derýalaryň suwunyň 25 göterimine deňdir. Amazonkanyň ummana guýýan ýerlerindäki giňligi 200 kilometre, çuňlugy 100 metre barabardyr. Derýa ýylyň dowamynda ygalyň köp mukdarda düşýänligi sebäpli suwuň derejesi durnukly saklanýar. Derýa hemişe köp suwly bolup, oňa ähli goşulýan akabalaryň sany 500-den gowrakdyr.

Amazonkanyň suwlarynda balyklaryň 200-den gowrak görnüşi ýaşaýar. Derýada we onuň töweregindäki tokaýlarda ýaşaýan jandarlaryň köpüsi örän seýrek duş gelýän haýwanlardyr. Derýanyň we onuň akabalarynyň akýan ugry bolan Amazonka pesligi, esasan, ekwatorial tokaýlyklardan ybaratdyr. Bu ýerde ösýän ösümlikler görnüşi boýunça hem dünýäniň beýleki tokaýlyklarynyňka garanyňda has köpdür. Onuň her 10 inedördül kilometrinde agaçlaryň 750, gülleriň bolsa 1500-e golaý görnüşine duş gelmek bolýar. Agaçlaryň käbiriniň beýikligi 90 metre ýetýär. Bu tokaýlyklarda ösýän dünýäniň iň ýeňil pau-brazil agajy, beýikligi 300 metre ýetýän rotang palmasy örän täsindir.
23
71
kizz
04.01.2024 08:27

El-Penýon-de-Guatape dag gaýasy



Kolumbiýanyň El-Penýon we Guatape şäherçeleriniň araçäginde ýerleşýän «El-Penýon-de-Guatape» atly dag gaýasy äpet gabarasy, şeýle hem täsin merdiwany bilen köpleri haýran galdyrýar.


Gadymy döwürlerde 380 metr beýiklikdäki daga ýerli halk keramat hökmünde sygnypdyr. Onuň üçden iki bölegi ýeriň astynda ýerleşýär. Dagyň ýaşy 70 million ýyl diýlip kesgitlenilýär. 1954-nji ýylda onuň belentligi ilkinji gezek boýun egdirilýär. Şonda oňa çykmak üçin 5 gün gerek bolupdyr. Soňlugy bilen onda asma merdiwan gurnalýar.


Bu künjek bilen baglanyşykly ýerli halk rowaýatyna görä, gaýa adamlaryň penakäri bolan äpet balygyň daşa öwrülen göwresinden emele gelipdir. Ol adamlaryň üstünden inen asmany saklamak üçin ýokary göterilýär we daşa öwrülýär.

32
132
kizz
01.01.2024 23:55
Dünýäniň adaty däl ýadygärlikleri


🔶Freýdiň sallanyp duran heýkeli. Bu heýkel adaty heýkeller ýaly seýilgähiň merkezinde däl-de, Praganyň belent binalarynyň biriniň depesinde ýerleşdirilendir.
Bir eli bilen ýapyşyp, ýokardan aşak sallanyp duran ýagdaýynda ornaşdyrylan bu täsin heýkelde belli psiholog Zigmund Freýd şekillendirilendir. Bu heýkel çehiýaly heýkeltaraş Dawid Çorny tarapyndan ýasalypdyr.  


🔶Başam barmagyň äpet heýkeli. Parižde «Le Pouce» diýlip atlandyrylýan  başam barmagyň äpet heýkeli ýerleşdirilendir.
Bu ýadygärlik 1965-nji ýylda suratkeş Sezar Baldaççini tarapyndan taýýarlanylypdyr. Bu heýkeltaraş adaty zatlaryň, şol sanda öz başam barmagynyň hem äpet şekilini ýasamakda şöhrat gazanypdyr.


🔶Heýkelleriň suwasty seýilgähi. Ilkinji suwasty heýkelleriň seýilgähi 2006-njy ýylda Jeýson De Keýros Teýlor atly britaniýaly heýkeltaraş tarapyndan ýasalypdyr.
Bu seýilgäh Karib deňziniň Grenada kenarynyň golaýynda ýerleşýär. Seýilgähde janly adamlara meňzäp duran heýkeller ýerleşdirilipdir. Bu ajaýyp sungat eserini akwalangyň we aşagy aýnaly gäminiň üsti bilen synlamak bolýar.
26
122
kizz
01.01.2024 19:07
Tebigatyň täsinlikleri hemişe bizi haýran galdyrýar. Täsin daglary, derýalary şeýle hem özünde gizlin syrlary, ajaýyplyklary saklaýan tokaýlar bize bellidir. Şol tokaýlaryň biri-de Polşanyň paýtagty Warşawadan takmynan 450 km uzaklykda — Grynfo şäheriniň golaýynda 1,5 gektardan gowrak adaty bolmadyk 400 töweregi sosna agajy ösýän tokaýlykdyr.

Biz daş-töweregimizde uzyn, gysga, ýogyn, inçe, has takygy, göni ösýän agaçlary bilýäris. Emma ady agzalan tokaýdaky sosnalar beýleki adaty agaçlar ýaly 30 santimetr aralykda göni, soňra ösüş ugruny üýtgedip, ýere parallel bir metre golaý ösüp, ýene-de 90 gradus derejede öwrülip ýokarlygyna 15 metre golaý ösýär. Agaçlaryň ählisiniň öwrümi demirgazyk tarapy görkezýär. Şol sebäpli bu tokaýa halk arasynda «Tans edýän tokaý» diýip atlandyrylýar.

Häzirki wagta çenli biologlar, genetikler, seleksionerler bu tokaýyň agaçlarynyň şeýle görnüşde ösüşiniň sebäbini bilmändirler. Has takyky, 1930-njy ýyllarda synaglar geçirilipdir, emma netijesi belli bolmandyr.

Görnüşi ýaly, bu agaçlar mebel ýasamak üçin amatly däldir, çaklamalara görä gämi gurluşygynda ulanmak üçin ösdürilendir diýip aýdylýar. Ýöne bu tokaýlyk barada ýerli ilat arasynda aýdylýan birnäçe tymsaldyr rowaýatlar, yrymlar bardyr. Sosna tokaýlygynyň ýene-de täsin, syrly ýagdaýlarynyň biri-de, tokaýlygyň içinde beýleki tokaýlardan tapawutlylykda, ýaşaýan mör-möjegiň, guşlaryň, şeýle-de beýleki haýwanlaryň sesleri eşidilmeýär.

Bu täsinliklere baý bolan tokaýlyk Tebigy Ýadygärlikleriň sanawyna goşulyp, döwlet tarapyndan goralýar.
0
114
kizz
30.12.2023 22:44
Durmuş pelsepesi

Durmuşyň dogry we çarkandakly ýolunda gijä galsaň-da, ýalňyş ýolda öňde barýanlardan öňe geçýänsiň!

**

Eder-de dostuň günäsine üns berseň, onda dostsuz galýansyň. Hiç bir adam dünýäde bigünä däldir.

**

Hatda “çäresiz” diýen sözüň özünde hem bir sany çäre.., mümkinçilik.., umyt bardyr!

**

Gahar – bu ot, ýalyndyr. Ýanyp duran ýalny ýalyn bilen öçürip bolmaýşy ýaly, gahary öçürmek üçin sabyr diýen gudrat döredilendir.

**

Eger-de akylly bolmak isleseň, onda bimany sowal bermegi, üns bilen diňlemegi, özüňe göwnüýetijilikli jogap bermegi we aýtmana zat galmadyk mahalynda geplemegi bes etmegi hem öwren.

**

Güýçsüz ynsan özüne tarap zyňlan daşlaryň aşagynda galýar, güýçli ynsan bolsa şol zyňlan daşlardan özüne gala ýasamagy başarýar.
21
55
kizz
26.12.2023 22:19
Enä­niň öwü­di

– Eje­jan, men ýanýoldaşymyň bolşuna sa­byr edip bil­jek däl. Ol büs-bü­tin öz­ger­di, ma­ňa dü­şü­ne­si ge­le­nok, sy­la­nok we my­da­ma meniň bi­len öýkeleşýär. Göw­nü­me bol­ma­sa ol men­den bar­ha so­waş­ýar – di­ýip, ýaş ze­nan eje­si­niň ýa­nyn­da zeý­re­nip­dir.
– Gy­zym, ýog­sa-da ony özüň sy­la­ýaň­my? Oňa dü­şün­jek bol­ýaň­my? – di­ýip, eje­si ga­tyr­ga­nyp­dyr.
– Eý­sem, ol ga­har­la­nyp-da, men ga­har­lan­ma­ly däl­mi? Ol ma­ňa nä­hi­li bol­sa me­nem oňa şo hi­li bo­run-da. Eger-de, ol me­ni sy­la­ma­sa, men ony sy­la­ma­ga borç­ly däl ahy­ryn. Eger-de ol ma­ňa dü­şün­me­se, on­da nä­me üçin men oňa dü­şün­jek bol­ma­ly? – di­ýip, gy­zy dil­le­nip­dir.
– Beý­le bol­sa gy­zym seniň alan ga­la­ň bol­maz. Se­niň hä­zir­ki bol­şuň edil ýüz gö­rül­ýän aý­na çalym edýär, sen di­ňe ýan­ýol­da­şyň ýal­ňyş­lyk­la­ry­ny gaý­ta­la­ýar­syň. Ýö­ne sen aý­na­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da, di­ňe gör­ýän zat­la­ry­ňy däl-de, gör­ünmeýän zat­la­ry­ hem ýan­ýol­da­şy­ňa gör­ke­zip bil­ýäň ahy­ryn. Eger-de sen go­wy bol­saň, ol hem go­wy bol­ma­ga jan eder. Eger-de sen ony sy­la­saň, ol hem se­ni sy­lap baş­lar. Eger-de sen söý­gi bil­dir­seň, ol hem se­ni sö­ýer. Ze­nan ýan­ýol­da­şy­na özü­niň iň go­wy hä­si­ýet­le­ri­ni gör­mäge kö­mek et­me­li­dir.
27
97
kizz
26.12.2023 15:32
Kiwi – göz saglygyna peýdaly.

Gyş paslynda iň köp iýilýän miweleriň biri bolan kiwiniň saglygymyz üçin peýdasynyň bardygyny bilýärdiňizmi? Kiwi ýakymly we ýokumly miwe bolup, C we K witaminleriniň ajaýyp çeşmesidir. Günde 1-2 kiwi beden üçin zerur bolan C witaminini kanagatlandyryp biler.

Içindäki süýümiň köp mukdary iýmit siňdiriş ulgamyny kadalaşdyrýar. Bu miwe Demirgazyk ýarym şarda noýabrdan maý aýyna çenli we iýun-oktýabr aýlarynda Günorta ýarym şarda ösdürilip ýetişdirilýär. Bu miwäniň önümçiliginde Hytaý, Italiýa, Täze Zelandiýa, Eýran, Gresiýa, Türkiýe, Çili we Fransiýa ýaly ýurtlar öňdeligi eýeleýär. 50-den gowrak görnüşi bolan miwe açyk ýaşyl reňkde bolup, özboluşly süýji we turşumtyk tagamy bolýar. K witamini metabolizmi we ganyň kalsiý derejesini kadalaşdyrýar. Mundan başga- da, gündelik mis zerurlygynyň 14 göterimini 1 kiwi bilen kanagatlandyryp bilersiňiz.

Kiwi süýüme, demre, karotinoide we antioksidantlara baý bolan kiwi immuniteti ýokarlandyryp, dümewden hem-de sowuklamadan goraýar. Süňkleri güýçlendirýän kiwi deriniň nemli we sagdyn bolmagyna kömek edýär, ýaralaryň bejergisini çaltlandyrýar. Onuň düzümindäki E witamini bolsa derini Gün şöhlesinden goraýar. Kiwiniň düzüminde ähli miwelerde bolşy ýaly şeker bar. Şonuň üçin ony orta möçberde iýmeli.

Sagdyn we deňagramly iýmitleniş meýilnamaňyza her gün kiwi miwesiniň 1-3-sini goşup bilersiňiz. 1 kiwi takmynan, 75 gram bolup, 2 kiwini iýeniňizde takmynan 90 kaloriýa bolýar. Kiwiniň peýdasynyň bolşy ýaly, zyýany hem bardyr. Lukmanlar gastrit ýaly aşgazan bozulmalary bolan adamlara bu miwäni aşa köp iýmegi maslahat bermeýärler. Kiwi käbir adamlarda allergik täsire sebäp bolup biler. Lukmanlar yzygiderli kiwi iýmegiň göz saglygyna peýdalydygyny belleýärler.
23
24
kizz
24.12.2023 09:35
GÖZLERIM ŞOL GYZYŇ ZARY, DURNALAR!

Gitdi menden, gitdi menden alysa,
Bilmedim nä ýar hyýaly, durnalar!
Al asmandan seredýäňiz alysa,
Gözleşiň şol ýiten ýary, durnalar!

Erbet eken galsa göwün göwünden,
Gözeldir ýar kölleriň ak guwundan,
Durudyr çüýşeden, çeşme suwundan
Gözüňiz gök asman ýaly, durnalar!

Al-asmanda awara siz, awara,
Aýralyk sebäpdir ýürek awara,
Gitdi ýar, ýar bilen daş düşdi ara,
Gözlerim şol gyzyň zary, durnalar!

Gök asmanda uçan saýhally guşlam,
Gerek bolsa, menem siz bilen uçsam,
Çykaryň siz meni bu gara gyşdan,
Getiriň bahary-ýazy, durnalar!

Atamyrat ATABAÝEW,
26
22
kizz
22.12.2023 18:32
Gyşda hurma iýiň!


Gyş aýlarynda howa sowuk bolup, onuň durumynyň tiz-tizden üýtgemegi adam bedeniniň gowşamagyna getirip biler. Şol sebäpli biziň her birimiz saglyk ýagdaýymyza ünsli çemeleşip, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli, sport bilen meşgullanyp, bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmeli. Güýz-gyş möwsümi bereketli türkmen topragy miwedir bakja ekinlerini berekedi bilen eçilip, saglyga peýdaly nygmatlar, witaminlere baý önümler ilata bol ýagdaýda ýetirilýär.

Hurma hem witaminlere baý miwe bolup, onuň adam saglygyna edýän täsiri bellärliklidir. Onuň watany Hytaý hasaplanýar. Dünýäde miwäniň 500-den gowrak görnüşi bar. «Gündogar hurmasy» miwäniň iň köp ýaýran görnüşidir. Hurmadaky iýmitlik süýümidir peýdaly mikroelementleriň mukdary almanyňka garanyňda, iki esse köpdür. Miwäniň düzüminde tanin köp bolansoň, ol bişmänkä agzyňy gamaşdyrýar. А, С hem-de В witaminlerine baý miwede marganes, ýod, kaliý, kalsiý, demir, fosfor ýaly mineral duzlarynyň ýeterlik mukdary bar. Miwede pektin bolansoň, ony iýmit siňdirişiň näsazlyklarynda maslahat berýärler. Hurmanyň düzümindäki magniý bolsa, böwrekde daş emele gelmeginiň öňüni alýar, dartgynlylyk ýagdaýy aýryp, rahatlandyrýar.

Miwäniň antioksidant häsiýeti hem-de kaliýe baýlygy ýüregiň sagdynlygyna täsirini ýetirýär, ganyň basyş güýjüniň ýokarlanmagynyň (gipertoniýa) öňüni alýar. Hurmanyň düzümindäki beta-karotiniň gözüň saglygyny berkitmekdäki ähmiýeti uly bolup, ol görejiň ýiti bolmagyny hem üpjün edýär. Miwäniň düzümindäki glýukoza hem-de fruktoza ýürek-damar ulgamynyň işini sazlaýar, ýüregi iýmitlendirýär. Miwedäki C hem-de P witamini damarlaryň saglygy üçin hem-de damarlaryň diwarlaryny berkitmekde peýdalydyr. Hurmada demriň mukdarynyň köp bolandygy üçin, ony ganazlykda maslahat berýärler. Hurma C witaminine baý bolansoň, sowuklama nähoşlugynyň öňüni almakda hem ähmiýetlidir.

Günde iýlen birki sany miwe adam bedenini günüň dowamynda gerek bolan ýoduň mukdary bilen üpjün edýär. Ýoda baý miwäniň galkan şekilli mäz keselleriniň öňüni almakda ähmiýeti uludyr. Şeýle hem hurma bedendäki alyş-çalyş hadysalaryny kadalaşdyrýar, ýürek-damar ulgamynyň işini sazlaýar.
26
33
kizz
20.12.2023 17:23
🔸Täze ýyl her bir ynsanyň ýaş toýudyr.

🔸Täze ýyl baýramynyň iň uly jadysy ähli kişileri jada ynandyryp bilmegidir.

🔸Täze ýyl bosagada durka, biz täzeden ýaşamaga başlaýarys.

🔸Aslynda, Täze ýyl baýramçylygy dileglerden, gutlaglardan hem-de ertirden başlap hemmesiniň gowy boljakdygy baradaky ullakan ynamdan ybarat.

🔸Täze ýyl ýüreginiň töründe özüniň çagadygyna ynanýan we henizem syr bildirmän jada garaşýan uly adamlaryň baýramçylygydyr.

🔸Täze ýylda ýakynlaryňyza edip biljek iň uly sowgadyňyz — ýagşylyga bolan umytdyr.

🔸Täze ýyl jadyly gije. Ulular käte çagalara garanyňda ertekilere has mätäçlik çekýändikleri üçin hem bu gijäni aýratyn gowy görýärler.

🔸Täze ýyly nirede garşylandygyň däl, kimler bilen garşylandygyň has möhümdir.

🔸Islendik ýaşda Täze ýyly täze maksatlar bilen garşylamak gerek.

🔸Eger-de sen Täze ýyl agşamynda diňe garyň ýagmagyny dileýän bolsaň, diýmek, şu wagt örän bagtly adamsyň.

🔸Täze ýyl sowgadyny arçanyň astyndan däl-de, töwregeňizden gözläň. Eger daşyňyzy maşgalaňyz gurşap duran bolsa, diýmek, ol sowgat sizde bar.
31
70