kizz
04.01.2024 16:04
Tebigatyň köp täsinliklerini özünde jemleýän derýa


Tebigatyň özboluşly, syrly dünýäsi uzak ýyllardan bäri öwrenilip gelinýär. Amazonka derýasy hem tebigatyň köp täsinliklerini özünde jemleýär.

Derýanyň ady ilkinji gezek 1542-nji ýylda ispan syýahatçysy Fransisko Orelýan tarapyndan «Amazonka» diýlip atlandyrylýar. Günorta Amerikanyň çäklerinde, dünýäniň iň uly Amazonka pesliginde ýerleşýän Amazonka derýasyny ýerli halk «Parana-King» diýip atlandyrýarlar. «Derýalaryň şasy» diýmekligi aňladýan bu adyň oňa ähli ölçegleri boýunça dünýäde iň uly derýa bolanlygy üçin dakylan bolmagy ahmal.

Amazonkanyň umumy uzynlygy 7025 kilometre deň bolup, bu ölçeg 1995-nji ýylda derýanyň Ukaýali goşandyna goşulýan Apurimak derýasynyň gözbaşyndan başlanan barlaglaryň netijesinde takyklanýar. Ol Afrikada ýerleşýän Nil derýasyndan hem 300 kilometr uzyndyr. Derýadan her ýylda 3800 kub metr suw Atlantik ummanyna akýar. Bu ölçeg Ýer ýüzündäki ähli derýalaryň suwunyň 25 göterimine deňdir. Amazonkanyň ummana guýýan ýerlerindäki giňligi 200 kilometre, çuňlugy 100 metre barabardyr. Derýa ýylyň dowamynda ygalyň köp mukdarda düşýänligi sebäpli suwuň derejesi durnukly saklanýar. Derýa hemişe köp suwly bolup, oňa ähli goşulýan akabalaryň sany 500-den gowrakdyr.

Amazonkanyň suwlarynda balyklaryň 200-den gowrak görnüşi ýaşaýar. Derýada we onuň töweregindäki tokaýlarda ýaşaýan jandarlaryň köpüsi örän seýrek duş gelýän haýwanlardyr. Derýanyň we onuň akabalarynyň akýan ugry bolan Amazonka pesligi, esasan, ekwatorial tokaýlyklardan ybaratdyr. Bu ýerde ösýän ösümlikler görnüşi boýunça hem dünýäniň beýleki tokaýlyklarynyňka garanyňda has köpdür. Onuň her 10 inedördül kilometrinde agaçlaryň 750, gülleriň bolsa 1500-e golaý görnüşine duş gelmek bolýar. Agaçlaryň käbiriniň beýikligi 90 metre ýetýär. Bu tokaýlyklarda ösýän dünýäniň iň ýeňil pau-brazil agajy, beýikligi 300 metre ýetýän rotang palmasy örän täsindir.
23
71
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.