kizz
Düýn, 22:57
fakt
2
7
kizz
28.08.2024 12:43
Akyl hem ýürek


Ýürek teşnelikden ýaňa halys surnugypdy. Özüni nirä urjagyny bilmän gürsüldeýärdi. Häzir oňa bary-ýogy ýitiginiň didaryny görmek ýeterlikdi. Ol uludan dem alyp, öz ýanyndan ahmyrlyja seslendi:

-Ýene-de bir dynç gününi sensiz geçirmeli boljag-ow!

Akyl Ýüregiň bolup ýörşüne haýrandy. Ol Ýüregi aýamak parzyny bütin durky bilen amal etjek bolýardy:

-Ah, Ýürek, tizara bu zatlara-da öwrenişmeli borsuň! Onsoňam öz-özüňi şu günlere salar ýaly üýtgeşik bolan zadam ýok-la. Saňa-da çişir diýseler…

Ýürek çyny bilen janykdy:

-Öň men ony görmändim. Duşmandymam, tanamandymam. Indi bolsa bu ýagty jahanda onuňam barlygyny bildim.

-Nätsem diýýäň?!

-Indi nirede näme işlesemem bar küýüm-köçämiň ol boljagy çyn. Onda-da säherini, öýlesini, agşamyny goýman. Ýaşaýşymyň ýolgörkezijisi bolan söýgime duşmagym, gör, neneň oňat boldy. Haçandan bäri karar tapman elewremelerimem ýöne ýerden däl eken asyl.

-Şeý diýsene…

-Ýogsa-da, Akyl! Sen hakykykatdanam Akyl bolýan bolsaň, meniň kesgitsiz hyjuwlydygymy, ýandyryjy hem ýakyjy häsiýete eýedigimi bilýänsiň-le.

Akyl Ýüregiň halys jylawdan çykyp barýanlygyna göz ýetirdi. Ony her edip, hesip edip öz ornunda oturtmalydy. Üstesine-de, Ýüregiň gel-gel, bu günki gün özüne göwniýetijilik bilen üstüne sürünmesi Akyla ýokuş degdi:

-Eger-de seniň duýmak ukybyň bolmadyk bolsady, men asla oýanmazdym. Beýle ejirlere sezewar bolmasamam bolmazdym. Hut, sen bu ýoly saýlap-seçip, yşkyň nämedigine göz ýetirtdiň.

Akylyň başga-da kän zatlary diýesi geldi. Ur-tut gönülemekden çekinibem ýene başdaky sypaýçylygy bilen:

-Muňa “süýjüje ejir” diýerler. Ol ejiriň ünjüsem diňe saňa ýaraýar. Men bolmasadym, sen birçaklar ejizlemekdenem gaýtmazdyň.

-Ynjap, ezýet çekip duran halyma beýle gürrüňleri nireden tapýaň? Meniň heläk bolmagym mümkin ahyry.

-Ahyr soňunda özüňem ýadyňa düşd-ow? Menden-ä duýgudaşlyga garaşma!

-Seniň maňa duýgudaşlygyň däl-de, kömegiň gerek. Ynanaý, onuň ýene ýekeje gezek didaryny görsem bes.

-Köp dälmi bu?

-Onda sesini eşideýin. Bolman-da uzaklardan bir ýerlerden gelýän gülküsine diňşirgeneýin. Meniň üçin şujagaz pursatlary döretmäge-de gurbuň çatmazmy, hä?

-Sen didaryň kül-külüne düşüp, özüň bolmaklygam düýpgöter unudypsyň. Galp bilen hakykatyň parhynam ýitiripsiň. Bolup ýörşüň ýaldyr-ýuldura aldanyp, hakyky bagtyň içki dünýäde ýerleşýändigini bilmeýäne meňzeýär. Hatda onuň dürmi ýa daşdygynam syzjak bolmadyň. Şo-ol yňdyň ýördüň. Özüňe duýgudaş hem dertdeş köňli küýseseň bolmadymy?!

-Pikir etmek ukyby saňa laýyk, Akyl! Men seni hem rahatlyga atarjak güýçdirin. Eýse seniň özüň dälmi, şol müşküň yşkynda meni dälireden?! Duýgurlygyňa, töwekgel meýilleriňe özümi ezdirip, hemişe men saňa boýun bolup gezdim.

Akyl birsellem içini hümletdi. Ol birhaýukdan soň başyny agraslyk bilen ýokary göterdi-de:

-Ah, Ýürek, dogrudanam, men seni jylawlamak bilen öte geçäýdimmikäm? Ters ölçän amallarymyň pidasy bolan bolsaň-a özümi hiç haçanam bagyşlap bilmen…

-Ýok, ýok! Aýdýanyň näme, Akyl dogan, sen ilkinji jaň gelende-de özüňi unudyp meni diňlediň ahyry. Halys böküp duramsoň razylyk bereniňem bilýän.

-Hawa, şol ilkinji jaň ilkinji duýduryşdy. Meniň gözüm gapylypdyr.

-Ýöne bil, arzuwlarda hiç wagt galplyk bolup bilmez.

-Dogry, o diýeniňem jany ýok däl. Ýöne meniň borjumam bilýänimi aýtmak. Galanynam özüň bil!

-Hemme zadyň gowulyk bilen tamamlanjagyna ynamym bar. Onsoňam şu ýerliksiz dawamyzy bes etsek nädýär. Ýogsa huşuň öçüp, bar zady bulaşdyrjak bolup barýaň.

Ýürek Akylyň golaýjagyna süýşdi. Akylam ak ýapynjasyny alyp, Ýürege uzatdy. Gyp-gyzyl gyrmyzy Ýürek akja ýapynja dolanyp, hemaýat tapynan dek Akyla gysmyljyrady. Akyl togalajyk başyny egip, Ýüregi synlady, giň penjesini açyp, uzyn barmaklary bilen onuň saçlaryny sypalady. Ol şundan soň Ýüregi öz diýeninden dändirip bilmejegine ymykly göz ýetirdi…
11
83
kizz
27.08.2024 01:34
Brýus Li
15
69
kizz
03.05.2024 17:29
Meşhurlar çagalykda kim bolmagy arzuw etdikä?



🔹Amerikan kino sungatynyň meşhur ýyldyzy Julia Roberts aktýorlar maşgalasynda dünýä inendigine garamazdan, weterinar bolmagy arzuw edipdir. Ol şol döwürde kino älemine girmek hakda pikir hem etmändi. Ol bu karara dogany Erik Robertsiň kino äleminde meşhurlyk gazanmagy bilen geldi.

🔹Meşhur aýdymçy Aleksandr Buýnow kakasy ýaly harby uçarman bolmagy maksat edinipdir. Emma ol aýdym-saz sungaty bilen gyzyklanyp başlandygyny özi-de bilmän galypdyr.

🔹2010-njy ýylda futbol boýunça dünýä çempiony bolan ispaniýaly futbolçy S.Ramos çagalykda tenor (öküz söweşijisi) bolmagy ýüregine düwüpdir. Onuň tersine, italiýaly meşhur tenor (öküz söweşijisi) Luçano Pawarotti dünýä belli futbolçy bolmagy arzuw edipdir. Emma ol çagalygynda aýagyny agyr ýaralandygy sebäpli bu arzuwyndan el çekmeli bolupdyr.

🔹Fransuz film ýyldyzy Pýer Rişar çagalykdan aktýor bolmagy ýüregine düwüpdir. Emma onuň aristokratlar maşgalasyndan bolan atasy oňa garşy çykypdyr. Muňa garamazdan, Pýeriň bu ugra ýykgyn etmek karary onuň köp garyndaşlary bilen gatnaşyklarynyň kesilmegine sebäp bolupdyr.

🔹Aktrisa Ç.Hamatowa ilkibaşda sahnadan uzak bolan bir hünäri, ýagny ykdysatçy bolmagy saýlapdyr. Ol Kazan maliýe we ykdysadyýet institutyna okuwa başlady, emma ony tamamlaman, Kazandaky teatr mekdebine girdi we meşhur aktrisa bolup ýetişdi.

🔹Belli žurnalist T.Kandelaki öz ejesiniň göreldesine eýerip, hirurg lukmany bolmagy maksat edinipdir. Ýöne ol az wagtdan bu ugra bolan höwesiniň azlygy üçin Tbilisi uniwersitetiniň žurnalistika hünärini ele alypdyr.
22
41
kizz
02.05.2024 20:53
Sorag soramagam bir sungatdyr


🔸Wyždanyňa sygmaýan zada göz ýummak örän howply işdir.

🔸Biz söýýän zadymyzy ölüp barýarkak hem söýýäris.

🔸Hakykat ýeňer, ýöne oňa aýgytly kömek etmek gerek.

🔸Sorag soramagam bir sungatdyr.

🔸Ynsan özüne nätanyş bolan zada mydama ätiýaçly garaýar.

🔸Gorksaň, jany ýanandan gork.

🔸Ýylgyryş ýönekeý bir egri çyzyk bolsa-da, ähli zady göneldýändir.

🔸Ynsanyň içinde basyrylgy ýatan güýç tebigatdaky täze bir güýçdür.

🔸Şatlyklara garaşyp gezmegiň özi ybadatdyr.

🔸Mekirligiň hemme ýerde peýdasy degýär. Ýöne ähli peýdasy ýarymdyr.

🔸Akmak görünmäge çalyşmak iň uly akyllylyk.

🔸Diliň haýyrlysy syr saklap bilýäni, sözüň haýyrlysy çuň manylysydyr.
29
138
kizz
30.04.2024 20:14
Sürmeler bozulsa gaşdan,

Baharlar aýlansa daşdan,

Tapawdy ýok haýsy ýaşda,

Sen bir zady bilseň bolýar,

Kä gözüme ilseň bolýar!

*****

Asman hem Zemin arasyn,

Söýginiň hökmi sorasyn.

Didämiň agy-garasy,

Sen bir zady bilseň bolýar,

Maňa mydam gülseň bolýar!

*****

Köşeşmez kalbym zary hiç,

Galan zatlaryň bary hiç.

Ýa ir bolar, ýa juda giç,

Sen bir zady bilseň bolýar,

Çakylygma gelseň bolýar!

*****

Armanym äkider ýeller,

Goý, geň görse görsün iller,

Soňky pursat gyssam elleň,

Hem bir zady bilsem bolýar,

Ýüregiňde bolsam bolýar!


Gülşirin HANOWA
20
27
kizz
25.04.2024 14:48
Ýolagçy otlusyndaky oýlanma

Bir tarapyň Hydyr gören çägelik,
Bir ýanyň Hanhowuz gowaçalygy.
Bilýän, bir mahallar ýüregimiňem,
Şu meýdanlar ýaly sowajagyny.

Şoň üçin içmäge ýaran gözleýän,
Belki, o zat ýüregime em eder,
Taýyn men, heserdeş, ykbaldaş bilen,
Güm bolup gitmäge jähenneme-de.

Bir gün säher bilen işigmi açyp,
Başy şlýapaly, ýakymsyz bir tip.
Golumy baglar-da, äkider türmä,
Dünýede düzgünsiz ýaşapsyň diýip.

Garynjaň öýjügni bozmadyk janym,
Neneň döz gelerin, beýle töhmede,
Şehit bolar töhmet okundan ölen,
Şonuň üçin gamgyn bolar söhbedem.

Ýollar nekrologa meňzär bigüman,
Gözlerim zar bolar toýdur-baýrama.
Bu dünýäniň ozalyndan kadasy,
Gülden aýra düşen bilbil saýramaz.

Hut şonuň üçinem içesim gelýär,
Belki, o zat ýüregime em eder.
Taýyn men, heserdeş, ýürekdeş bilen
Güm bolup gitmäge jähenneme-de.

Çary ÝEGENMYRADOW.
22
24
kizz
22.04.2024 22:27
Iñ şadyýan adam: hiç kim bilen ýaryşmaýan, hiç kim bilen söweşmeýändir...
23
54
kizz
22.04.2024 16:54
Nowşirwan Adylyň nesihatlaryndan

🔸Gije bilen gündiz çalşyp durka, pelegiň girdişine geňirgenmäň.

🔸Günäsiz halyňa dil ýetiren adamyň günäsini, muny saňa ýamanlanyň günäsinden has çalt ötgün.

🔸Köp zyýan ýeten adamlaryň içinde gözi bilen görüp zyýan çekeni has köp zyýan çeken hasap etgin.

🔸Durmuşdan sapak almagy başarmaýan adama hiç kim sapak bermez, sebäbi onuň azaby reýgan bolar.

🔸Aldanasyň gelmese edilmedik işi etdim hasap etmegin.

🔸Uzak wagtlap ahmyrly bolmajak bolsaň,nebsiň ýesiri bolmagyn.

🔸Aklyň kesgir bolsun diýseň öz-özüňi iliň gözi bilen garagyn.

🔸Adamlardan saýlanaýyn diýsen duz-çörekli bolgun.

🔸Kütek adam bilen dostlaşmagyn,kütek adam dostlygada ýaraýan däldir duşmanlyga-da.

🔸Hernäçe ýokuş bolsa-da, hakykaty diňlemek gerekdir.

🔸Ownuk uşak zatlara baş galdyryp, uly-uly gürlemegin.

🔸Barypýatan misginlikden adam bolup ýetişen kişini henizem misgin saýyp ýören adamdan akmak adam ýokdur.

🔸Bilmeýän zadyňy bilýän diýip ýer depip durmakdan soňam ol tassyklanman ile ryswa bolmakdan erbet zat ýokdur.

🔸Ýüregiňe hiç bir melhemiň peýda edip bilmejek ýarasy salynmasyn diýseň, nadan adam bilen harçaňlaşmagyn.

🔸Dilim uzyn bolsun diýseň, eliňi gysygrak saklagyn.

🔸Adamlaryň içinde iň adamkärçiliklisi bolaýyn diýseň, adamdan zadyňy gaýgyrma.
24
50
kizz
21.04.2024 16:45
Muny diňe IQ ýokarylar 8 sekuntda tapyp bilerler.



Diňe IQ-sy ýokary bolan adamlar bu sowalyň dogry jogabyny anyklap bilerler. Ine, size garşy çykjak täze başga bir enigma. Siziň pikiriňizçe, suratdaky 4 itden haýsysy ilkinji bolup süýt içer? Bu soraga jogap tapmak üçin bolsa, bary-ýogy 8 sekunt wagtyňyz bar.

Akyl oýunlaryny çözmeklik, özüňize bolan ynamyňyzy artdyryp, ukyplaryňyzyň ösüşine goşant goşýar. Bu enigma beýniňizi pikirlenmäge we çözgüt tapmagyňyza mejbur edýär. Çözmek üçin ýaş çägi ýok.

Siz suratda süýt içmäge garaşýan 4 iti görýärsiňiz. Şeýle-de bolsa, olaryň diňe biri bulgurdan ilkinji bolup, süýt içip biler.

Sowalyň jogabyny çözmek üçin diňe analitik başarnyklar ýeterlik däldir.
23
265