kizz
28.08.2024 12:43
Akyl hem ýürek


Ýürek teşnelikden ýaňa halys surnugypdy. Özüni nirä urjagyny bilmän gürsüldeýärdi. Häzir oňa bary-ýogy ýitiginiň didaryny görmek ýeterlikdi. Ol uludan dem alyp, öz ýanyndan ahmyrlyja seslendi:

-Ýene-de bir dynç gününi sensiz geçirmeli boljag-ow!

Akyl Ýüregiň bolup ýörşüne haýrandy. Ol Ýüregi aýamak parzyny bütin durky bilen amal etjek bolýardy:

-Ah, Ýürek, tizara bu zatlara-da öwrenişmeli borsuň! Onsoňam öz-özüňi şu günlere salar ýaly üýtgeşik bolan zadam ýok-la. Saňa-da çişir diýseler…

Ýürek çyny bilen janykdy:

-Öň men ony görmändim. Duşmandymam, tanamandymam. Indi bolsa bu ýagty jahanda onuňam barlygyny bildim.

-Nätsem diýýäň?!

-Indi nirede näme işlesemem bar küýüm-köçämiň ol boljagy çyn. Onda-da säherini, öýlesini, agşamyny goýman. Ýaşaýşymyň ýolgörkezijisi bolan söýgime duşmagym, gör, neneň oňat boldy. Haçandan bäri karar tapman elewremelerimem ýöne ýerden däl eken asyl.

-Şeý diýsene…

-Ýogsa-da, Akyl! Sen hakykykatdanam Akyl bolýan bolsaň, meniň kesgitsiz hyjuwlydygymy, ýandyryjy hem ýakyjy häsiýete eýedigimi bilýänsiň-le.

Akyl Ýüregiň halys jylawdan çykyp barýanlygyna göz ýetirdi. Ony her edip, hesip edip öz ornunda oturtmalydy. Üstesine-de, Ýüregiň gel-gel, bu günki gün özüne göwniýetijilik bilen üstüne sürünmesi Akyla ýokuş degdi:

-Eger-de seniň duýmak ukybyň bolmadyk bolsady, men asla oýanmazdym. Beýle ejirlere sezewar bolmasamam bolmazdym. Hut, sen bu ýoly saýlap-seçip, yşkyň nämedigine göz ýetirtdiň.

Akylyň başga-da kän zatlary diýesi geldi. Ur-tut gönülemekden çekinibem ýene başdaky sypaýçylygy bilen:

-Muňa “süýjüje ejir” diýerler. Ol ejiriň ünjüsem diňe saňa ýaraýar. Men bolmasadym, sen birçaklar ejizlemekdenem gaýtmazdyň.

-Ynjap, ezýet çekip duran halyma beýle gürrüňleri nireden tapýaň? Meniň heläk bolmagym mümkin ahyry.

-Ahyr soňunda özüňem ýadyňa düşd-ow? Menden-ä duýgudaşlyga garaşma!

-Seniň maňa duýgudaşlygyň däl-de, kömegiň gerek. Ynanaý, onuň ýene ýekeje gezek didaryny görsem bes.

-Köp dälmi bu?

-Onda sesini eşideýin. Bolman-da uzaklardan bir ýerlerden gelýän gülküsine diňşirgeneýin. Meniň üçin şujagaz pursatlary döretmäge-de gurbuň çatmazmy, hä?

-Sen didaryň kül-külüne düşüp, özüň bolmaklygam düýpgöter unudypsyň. Galp bilen hakykatyň parhynam ýitiripsiň. Bolup ýörşüň ýaldyr-ýuldura aldanyp, hakyky bagtyň içki dünýäde ýerleşýändigini bilmeýäne meňzeýär. Hatda onuň dürmi ýa daşdygynam syzjak bolmadyň. Şo-ol yňdyň ýördüň. Özüňe duýgudaş hem dertdeş köňli küýseseň bolmadymy?!

-Pikir etmek ukyby saňa laýyk, Akyl! Men seni hem rahatlyga atarjak güýçdirin. Eýse seniň özüň dälmi, şol müşküň yşkynda meni dälireden?! Duýgurlygyňa, töwekgel meýilleriňe özümi ezdirip, hemişe men saňa boýun bolup gezdim.

Akyl birsellem içini hümletdi. Ol birhaýukdan soň başyny agraslyk bilen ýokary göterdi-de:

-Ah, Ýürek, dogrudanam, men seni jylawlamak bilen öte geçäýdimmikäm? Ters ölçän amallarymyň pidasy bolan bolsaň-a özümi hiç haçanam bagyşlap bilmen…

-Ýok, ýok! Aýdýanyň näme, Akyl dogan, sen ilkinji jaň gelende-de özüňi unudyp meni diňlediň ahyry. Halys böküp duramsoň razylyk bereniňem bilýän.

-Hawa, şol ilkinji jaň ilkinji duýduryşdy. Meniň gözüm gapylypdyr.

-Ýöne bil, arzuwlarda hiç wagt galplyk bolup bilmez.

-Dogry, o diýeniňem jany ýok däl. Ýöne meniň borjumam bilýänimi aýtmak. Galanynam özüň bil!

-Hemme zadyň gowulyk bilen tamamlanjagyna ynamym bar. Onsoňam şu ýerliksiz dawamyzy bes etsek nädýär. Ýogsa huşuň öçüp, bar zady bulaşdyrjak bolup barýaň.

Ýürek Akylyň golaýjagyna süýşdi. Akylam ak ýapynjasyny alyp, Ýürege uzatdy. Gyp-gyzyl gyrmyzy Ýürek akja ýapynja dolanyp, hemaýat tapynan dek Akyla gysmyljyrady. Akyl togalajyk başyny egip, Ýüregi synlady, giň penjesini açyp, uzyn barmaklary bilen onuň saçlaryny sypalady. Ol şundan soň Ýüregi öz diýeninden dändirip bilmejegine ymykly göz ýetirdi…
11
78
zumerret_
28 Awgust 2024
@smiling_, kardesh 🙈
zumerret_
28 Awgust 2024
Kim paylasypday suny basga
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.