kirpi_
13.12.2023 02:40

Sen maña düşünmediñ!


"Ýürek saña amanatdyr,

Ömrüm saña serpay bolsun!"

Diydim, diledim Allahdan

"Dileglerim berjay bolsun!"

Päk söýgiñe ömür diledim,

Ynam diledim kalbyña,

Emma sen ne meni söýdüñ,

Ne-de ynandyñ maña,

Arman, maña düşünmediñ,

Wah, maña düşünsediñ.


Öz dünýämi terk eýledim,

Göçüp bardym señ dünýäñe.

Meñ söýgimi duýmaz yaly,

Sen kör, ýa-da güñ däl-ä,

Gün kän-ä, ýüregñi açmak islesen,

Men diñlärin, lal açan dek ses üýnsiz,

Sabyrly bolaryn, giñ ýürek bilen,

Sen mana bolsañam juda rehimsiz,

Arman maña düşünmediñ,

Wah, maña düşünsediñ!


Sen gideñsoñ meñ dünýäme,

Aralaşdy geñ tukatlyk,

Meñ duýgulam sygman dünýä,

Bolup barýar bir kitaplyk.

Seni bilmän ynjytdym men,

Özüm bilip ynjytdymmy?

Saña duşup unutdym men,

Lälikligmi, ynjyklygmy,

Ynanjymy saña baglap,

Diñe saña ynandym men

Arman mana düşünmediñ,

Wah, maña düşünsediñ!


Aýsapar EMELOWA

23
39
kirpi_
07.12.2023 13:46
Söz

Käbir awtorlar bardyr, sözlerini unutdyrmaz. Käbir sözler bardyr, awtoryny unutdyrmaz. Sözlerimiň meni unutdyrmazlygyny isleýärin!

Aýsapar Emelowa
22
60
kirpi_
03.12.2023 07:03
Meniňki däl...

Özümiňki däl bu ýetilen menzil.
Meniňki däl ýyllar, meňki däl ýalan.
Özge ädimleri yzladym sessiz,
Meňki däl poeziýa, meňki däl galam.
Özgä ýazylan sözler,
Setirler,
Rifmalar,
Meňki däl olar.

Özümiňki däl meň eginlerimem,
Olar her gün ýat dertleri daşaýar.
Hatda ömrümem özümiňki däl,
Onda meň ýerime dünýä ýaşaýar.

Ýüregimem özge üçin urup dur,
Özge üçin aglap dur,
Gülüp dur gözüm,
Özgäň göwni üçin ýylgyrýar ýüzüm,
Özge göwün üçin antlar içilip,
Aldap dur sözüm.

Özge üçin gazanan günälermi,
Oýanmasyn diýip hüwdiläp ýörün.
Allaň beren güni ýene özünden,
Toba etmek üçin gün diläp ýörün.
***
Men bir gul!
Men bir gül!
Gullaram ölýär bir gün,
Güllerem solýar bir gün.
A, men bolsa ikiorta-da elewräp,
Ne ölüp bilýärin ölen şekilli,
Ne solup bilýärin solan şekilli,
Ne gülläp bilýärin,
Ne-de gülüp bilýärin gülen şekilli.

Men bir gowy!
Men bir erbet!
Olar her gün ýaryşdy,
Ahyrsoňy bir-birine garyşdy,
Tapawudy belli däl şeriň, haýryňam.
Her bir ýylgyryş owadan däl indi,
Gülkisi bar şeýtanyňam.
Perişdesi bar-a her bir ýanymyň,
Ýazandyrlar depderine:
"Bul-a gowy, bulam erbet!"
Hernä olar maňa belet!

Aýsapar EMELOWA
15
16
kirpi_
02.12.2023 21:47
Aý tutulmasy

Gülkilerim bar gözýaşly,
Agymda bar ýylgyryş.
Ýüregim—daş, berdaşly,
Göwnümde bar ýygralyk.
Ruhumda aýralyk bar,
Bedenimde yzalar,
Duýgularym—terkidünýä,
Umydym her gün azalar.
Azaşan hyýallarym bar,
Al asmana uçup barýan
hemem bir egoist bar,
Bu dünýeden göçüp barýan.
***
Men Aýa juda meňzeş,
Ýeke-ýalňyzlygym bilen,
Her kime alyslygym bilen,
Agraslygym bilen,
Ýeňlesligim bilen,
Ýylgyrşym bilen,
Ol ýylgyrşyň arkasyna gizlenen
tegmillerim bilen,
Biraz men-menligim bilen,
Men Aýa juda meňzeş,
Garaňky dünýäm bilen,
Ol tümligi ýagtyltýan şuglam bilen
Men Aýa juda meňzeş,
Güneşi ýitirmäm bilen,
Zemine utulmam bilen,
Tutulmam bilen...
Biz birmenzeş aýry dünýä,
Göýä...

Ölerin men,
Ölümimiz-de meňzeş bolar,
Ruhum Aý deý tutular
we täzeden dogar,
Bedenimi zemine gurban ederin
hem gara ýorganyn ýapyp üstüme,
Baky uka giderin!

Aýsapar EMELOWA
26
36
kirpi_
26.11.2023 01:14
"Have you seen my childhood?"
/Michael Jackson/

Sen meniň çagalygymy gördüňmi?
Gamsyzdym!
Kebelek kowalardym aryk boýunda.
Gülkahkahdym,
Güller gül açardy her gülenimde.
Çopantelpekler bilen tans ederdim,
Olardan başyma täç edinerdim.
Gije ýyldyzlar ýagaýjak bolar,
Gelip ýanyma gonaýjak olar.
Uklardym ýyldyzlar bilen,
Düýşümde Atamyň ertekileri...
Jora bolardym Akpamyk bilen,
Ejekejan bilen.

Sen meniň çagalygymy gördüňmi?
Bir gün güneş batdy,
Soňam dogmady.
Çopantelpekleri guratdy gyşlar,
Aryklar gurady, kebelekler öldi,
Ýerine geldi baýguşlar!
Ýyldyzlar asmandan öýkelediler,
Görünmediler!
Ýöne birje ýyldyz bardy,
Süýündi!
Megerem..
Ýitirdim!
Sen meniň çagalygymy gördüňmi?


Aýsapar EMELOWA
35
67
kirpi_
25.11.2023 07:18
Ähmiýetsizlik

"Bagtly bol" diýsem, kalbym öküner,
"Bagtly bol" diýsem, gözýaş döküler,
Bu ötegçi günler ýene ötüler,
Senli günlerimi ýatlamda näme?!

Arzuwlarym bu gün ýene-de soluk,
Kalbymy kalbyňdan goýberdiň kowup,
Bilýän, seň henizem ýüregiň sowuk,
Söýenimde näme, söýmämde näme?!

Tozap ýatyr şol köneje ýodalar,
Gelmejegňi duýsa kalbym ot alar,
Emma seni getirmejek ýodadan
Ýöränimde näme, duramda näme?!

Ýüregime dermanmyň sen, dertmiň sen?
Her sözläňde ýüregime dert berseň,
Kalbyň gapysyna meni eltmeseň,
Baranymda näme, barmamda näme?!

Dünýede barlygym duýup bilmeseň,
Biziň yşkymyza uýup bilmeseň,
Setirlermi okamasaň, görmeseň,
Ýazanymda näme, ýazmamda näme?!

Aýsapar EMELOWA
25
37
kirpi_
19.11.2023 22:58

DAŞOGUZ

 

Daşoguz – arzuwlarmyň güllän şäheri,

Daşoguz – ertirimiň saba-säheri.

Daşoguz – şygrym sen kalbymdan çykan

hemem setirlermiň ajap äheňi.

 

Ýollaryňy mährim bilen süpürip,

Güller ekdim ylham bilen ýodaňa.

Gijeleňde goşgy ýazdym käteler,

Käte arzuw edip çykdym ol daňa.

 

Daşoguz!

Hakykatym, çynym bar sende,

Umydym, geljege ynam bar sende,

Ýüregimiň ody, közüm bar sende,

Iň uly gözlegim – özüm bar sende,

Sende meniň ol on sekiz ýaşymam,

Men seniň haýranyň hemem aşygyň.

Tapman sen deý şäher ýollar aşybam,

Gitsem dolanmaly öýüm bar sende.

 

Myhmanyn atadan beýik gören il,

\\\"Gelen—döwlet\\\", myhman göwnün ýykmandyr.

Daşoguz, demim sen, mätäç men saňa,

Sen meň üçin hökmanlyk!



Aýsapar EMELOWA

31
98
kirpi_
18.11.2023 21:31
Salam gadyrly dostum!
Bilýäňmi näme, men ýat şäherleri juda söýýärin! Ýöne men hiç haçan olar bilen tanyşmak islemedim. Sebäbi, ýat şäherlerde ýatlamaň ýokdur. Onuň hemme zady ýatdyr.
Ýollary, şemaly, agaçlarynyň yrgyldaýşy, ýagyşy, asmany, buludy, güneşi, adamlary, ähli zady nätanyş. Men şol nätanyşlygy söýýärin. Käte ýollara uza-a-ak seredip durarsyň, o ýollar hiç kimi alyp giden däldir, şonuň üçinem hiç kimiň gelmegine garaşmarsyň. Ol adaty bir ýol seniň üçin, oňa agyr manylary ýüklemersiň. Kimdir biri bilen gabatlaşyp, geçmişe dolanmak gorkyň ýokdur. Gorkusyz, erkin ýörärsiň.
Şemallary ýönekeýdir! Ýöne bir saçlaryňy oýnap duran şemal ol. Sesi adaty bir şemalyň sesidir, agaçlary yrgyldadyp duran tebygy hadysa... Agaçlaram üýtgeşik yrgyldamaz, adatylygyny ýitirmez seniň üçin. Haýsydyr bir güni ýadyňa salmaz.
Ýagyşlary ýönekeý suw damjalary... Olar gözýaşlaryňa meňzemez, ýüregiňi, duýgularyňy gozgamaz. Tersine ol damjalara ezilmek hezil, ýüzüňe degeninde mylaýym ýylgyrarsyň, hatda ol ýylgyryşam nätanyş saňa.
Geň galarsyň ýöne iç-içiňden hiç zady ýatlamaýanyňa begenersiň.
Ýagyşlary alyp gelýän bulutlar, bulutlary gujaklaýan asman... basym garaňky düşer, ýyldyzlar göz gypyp başlar. Ýok olar bilenem tanyşjak däl. Goý nätanyşlygyna galsyn!
Daň agarar. Gün dogar. Nätanyş yşyklar düşer penjireden. Guşlaryň sesine däl, ulaglaryň sesine oýanarsyň. Olaram nätanyş, gulagyňa hoş ýakar, begendirer.
Şo-o-ol ýylgyryş galar ýüzüňde. Öýden çykarsyň. Ýollar seni öňki tanyş ýerlere alyp gitmeýänligini bilersiň. Düýbinden ýat adamlar bilen gabatlaşanyňda ýüzüňdäki ýylgyryş hasam ulalar. Sebäbi olar saňa hiç kimi ýatladanok.
Ana, şular üçin söýýärin ýat şäherleri, onuň nätanyşlyklaryny söýýärin hemem olar bilen hiç wagt tanyşmaryn.
Belki bir gün ha-a-asam nätanyş şäherlere giderin.


Aýsapar EMELOWA
25
32
kirpi_
17.11.2023 09:33

"Söýenmiň yzynda kän ýyl selpedim,

Il söýse-söýmese aýal edinýär"

(Seýitmyrat Geldiýew)


Geň...


Bu dünýede ýaşamak kyn ogşaýar,

Arzuwlarma meň ýerime ýeten bar.

Iller gyzyl keteni geýip toý tutýar,

Geň...

Meň paýymda irde-giçde kepen bar.


Haýryň hem şeriň saçagy bile,

Bu gün dogry müň ýalany goraýar.

Iliň köne donun gutlaýan dünýä,

Geň...

Meň täze kepenmiň nyrhyn soraýar.


Gije tüm asmanda Aý bolup dogup,

Azaşanlaň ýolun ýagtyltdym niçe.

Geň...

Olar meni gündiz unutdylar hem

ýüzümiň tegmilne güldiler gije.


Bu dünýede aňsat ýollar ýokmyşyn,

Bagtyňa-da kynlyk bilen ýetilýär.

Men diňeje söýgim üçin agladym,

Geň...

Il söýse-söýmese bagtly edilýär.


Aýsapar EMELOWA

22
50
kirpi_
16.11.2023 13:50

SOWAL



Saňa, kitap okap bereýinmi?

Ýüregimde gopýan gowgalar hakda,

Heniz ýazylmadyk romanlar hakda,

Maňa görülmedik rowalar hakda,

Kitap okap bereýinmi?

Ybarat ol, bölek-büçek sahypalardan

hemem şoňa meňzeş hakydalardan.



Saňa goşgy okap bereýinmi?

Aý ýüzün görmedik gijeler hakda,

Jüpüne täk düşen bijeler hakda,

Ýoluna garadyp, giç gelen hakda,

Goşgy okap bereýinmi?

Ybarat ol, sözlermiň gysgalygyndan,

Ýerine düşmedik rifmalarymdan.



Saňa bir söz bereýinmi?

Hiç haçan durup bolmaýan,

Kagyza ýazyp bolmaýan,

Ýürekden syzyp bilmeýän,

Bir söz bereýinmi?

Ol—alamaty dogruçyllygyň,

Emma dosty däldir dogruçyllaryň.



Saňa bir yşk bereýinmi?

Şol sebäpli galdy Mejnun Leýlisiz,

Gurady baglar seýilsiz,

Han-ha, indem, ýeke galan eýesiz,

Yşk bereýinmi?

Ýollaryňa yş bereýinmi

ýagtysyz?

Bir ýylgyryş bereýinmi,

bagtsyz?



Aýsapar EMELOWA

19
62