kirpi_
18.11.2023 21:31
Salam gadyrly dostum!
Bilýäňmi näme, men ýat şäherleri juda söýýärin! Ýöne men hiç haçan olar bilen tanyşmak islemedim. Sebäbi, ýat şäherlerde ýatlamaň ýokdur. Onuň hemme zady ýatdyr.
Ýollary, şemaly, agaçlarynyň yrgyldaýşy, ýagyşy, asmany, buludy, güneşi, adamlary, ähli zady nätanyş. Men şol nätanyşlygy söýýärin. Käte ýollara uza-a-ak seredip durarsyň, o ýollar hiç kimi alyp giden däldir, şonuň üçinem hiç kimiň gelmegine garaşmarsyň. Ol adaty bir ýol seniň üçin, oňa agyr manylary ýüklemersiň. Kimdir biri bilen gabatlaşyp, geçmişe dolanmak gorkyň ýokdur. Gorkusyz, erkin ýörärsiň.
Şemallary ýönekeýdir! Ýöne bir saçlaryňy oýnap duran şemal ol. Sesi adaty bir şemalyň sesidir, agaçlary yrgyldadyp duran tebygy hadysa... Agaçlaram üýtgeşik yrgyldamaz, adatylygyny ýitirmez seniň üçin. Haýsydyr bir güni ýadyňa salmaz.
Ýagyşlary ýönekeý suw damjalary... Olar gözýaşlaryňa meňzemez, ýüregiňi, duýgularyňy gozgamaz. Tersine ol damjalara ezilmek hezil, ýüzüňe degeninde mylaýym ýylgyrarsyň, hatda ol ýylgyryşam nätanyş saňa.
Geň galarsyň ýöne iç-içiňden hiç zady ýatlamaýanyňa begenersiň.
Ýagyşlary alyp gelýän bulutlar, bulutlary gujaklaýan asman... basym garaňky düşer, ýyldyzlar göz gypyp başlar. Ýok olar bilenem tanyşjak däl. Goý nätanyşlygyna galsyn!
Daň agarar. Gün dogar. Nätanyş yşyklar düşer penjireden. Guşlaryň sesine däl, ulaglaryň sesine oýanarsyň. Olaram nätanyş, gulagyňa hoş ýakar, begendirer.
Şo-o-ol ýylgyryş galar ýüzüňde. Öýden çykarsyň. Ýollar seni öňki tanyş ýerlere alyp gitmeýänligini bilersiň. Düýbinden ýat adamlar bilen gabatlaşanyňda ýüzüňdäki ýylgyryş hasam ulalar. Sebäbi olar saňa hiç kimi ýatladanok.
Ana, şular üçin söýýärin ýat şäherleri, onuň nätanyşlyklaryny söýýärin hemem olar bilen hiç wagt tanyşmaryn.
Belki bir gün ha-a-asam nätanyş şäherlere giderin.


Aýsapar EMELOWA
25
32
ayymsha
20 May 2024
Sebäbi olar saňa hiç kimi ýatladanok 👍
ayymsha
20 May 2024
Janaaaa
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.