kirpi_
03.12.2023 07:03
Meniňki däl...

Özümiňki däl bu ýetilen menzil.
Meniňki däl ýyllar, meňki däl ýalan.
Özge ädimleri yzladym sessiz,
Meňki däl poeziýa, meňki däl galam.
Özgä ýazylan sözler,
Setirler,
Rifmalar,
Meňki däl olar.

Özümiňki däl meň eginlerimem,
Olar her gün ýat dertleri daşaýar.
Hatda ömrümem özümiňki däl,
Onda meň ýerime dünýä ýaşaýar.

Ýüregimem özge üçin urup dur,
Özge üçin aglap dur,
Gülüp dur gözüm,
Özgäň göwni üçin ýylgyrýar ýüzüm,
Özge göwün üçin antlar içilip,
Aldap dur sözüm.

Özge üçin gazanan günälermi,
Oýanmasyn diýip hüwdiläp ýörün.
Allaň beren güni ýene özünden,
Toba etmek üçin gün diläp ýörün.
***
Men bir gul!
Men bir gül!
Gullaram ölýär bir gün,
Güllerem solýar bir gün.
A, men bolsa ikiorta-da elewräp,
Ne ölüp bilýärin ölen şekilli,
Ne solup bilýärin solan şekilli,
Ne gülläp bilýärin,
Ne-de gülüp bilýärin gülen şekilli.

Men bir gowy!
Men bir erbet!
Olar her gün ýaryşdy,
Ahyrsoňy bir-birine garyşdy,
Tapawudy belli däl şeriň, haýryňam.
Her bir ýylgyryş owadan däl indi,
Gülkisi bar şeýtanyňam.
Perişdesi bar-a her bir ýanymyň,
Ýazandyrlar depderine:
"Bul-a gowy, bulam erbet!"
Hernä olar maňa belet!

Aýsapar EMELOWA
15
16
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.