king_tm
08.07.2023 16:28

SYGYR SAGYP BILÝÄN BARMY?😋

Süýt köp ada­myň gün­de­lik iý­mi­ti­niň mö­hüm bö­le­gi bo­lup dur­ýar. Süý­düň peý­da­sy ha­kyn­da ça­ga­lyk­dan bä­ri bil­ýä­ris. Süýt ha­kyn­da üýt­ge­şik ýa-da gy­zyk­ly baş­ga nä­me aý­dyp bo­lar­ka?! Ine, şu ba­ra­da kä­bir mag­lu­mat­la­ry si­ziň dyk­ga­ty­ňyza ýe­tir­ýä­ris.


Adamzat gadymy döwürlerden bä­ri sy­gyr süý­dü­nden we ondan taýýarlanan önümlerden peýdalanýar.

Dün­ýäde her ýylda 580 mil­li­on litr süýt sarp edilýär. Bu bir günde 1,5 mil­li­on diýmegi aňladýar. Munuň üçin her gün tak­my­nan 105 müň sy­gyr sag­ma­ly bol­ýar.

Sy­gyr süý­dün­de ka­zei­niň (adam­lar üçin se­kiz esa­sy ami­no­kis­lo­ta­ny öz içi­ne al­ýan wa­jyp be­lok) köp muk­da­ry sak­lan­ýar.

1960-njy ýyl­lar­da süý­düň üz­nük­siz ult­rapas­te­ri­za­si­ýa pro­se­si, şeý­le hem sak­la­nyş möh­le­ti­ni al­ty aýa çen­li uzalt­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän asep­tik gap­la­ma ul­gam­la­ry (Tet­ra Pak) iş­le­nip dü­zül­di. Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­nyň Azyk teh­no­lo­gi­ýa­sy ins­ti­tu­ty 1989-njy ýyl­da bu pro­se­si «XX asy­ryň azyk teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň iň uly üs­tün­li­gi» di­ýip at­lan­dyr­dy.

Süýt gö­ze gö­rün­me­ýän sy­ýa hök­mün­de ula­ny­lyp bil­ner: ka­gyz gyz­dy­ry­lan­da oňa ýa­zy­lan hat­la­ry oka­mak bo­lar.

Süý­di açyk gap­da sak­la­ma­ly däl­dir, se­bä­bi ýag­ty­lyk­da köp peý­da­ly mad­da­lar ýok bol­ýar. Köp gat­lak­ly kar­ton gap­la­ma­lar süý­düň sak­la­nyş möh­le­ti­ne tä­sir ed­ýän da­şar­ky tä­sir­len­me­ler­den go­ra­ýar.

Süýt ýyl­dy­rym ça­kan­da tur­şap bi­ler. Ol hem tol­kun­ly elekt­ro­mag­nit im­puls­la­ryň is­len­dik mad­da ara­laş­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr.

Süýdüň düzüminiň tak­my­nan 90%-i suw­dan dur­ýar we şol bir wag­tyň özün­de 80 tö­we­re­gi peý­da­ly mi­ne­ral ele­men­ti­ öz içi­ne al­ýar. Süýt pas­te­ri­za­si­ýa­syn­dan soň, onuň dü­zü­min­dä­ki kal­siý, ka­liý, mag­niý we wi­ta­min­ler sak­lan­ýar.

Adam­lar tür­gen­le­şik­ler­den soň­ra ener­gi­ýa ber­ýän iç­gi­le­riň ýe­ri­ne süýt iç­se­ler, fi­zi­ki taýdan has çalt gurplanarlar. Ýag­ny süýt dü­zü­min­dä­ki wi­ta­min­ler we mik­roe­le­ment­ler ar­ka­ly myş­sa­la­ryň ag­ra­my­ny ýo­kar­lan­dyr­ýar. Süý­düň ýa­gy bol­sa adam be­de­nin­dä­ki ýag ýyg­nan­ma­la­ry dar­gat­ma­ga kö­mek ed­ýär.

40
1 096
king_tm
02.07.2023 00:12

Tomsuň yssy günlerinde Günüň ýiti şöhlesiniň aşagynda köp gezmek diňe bir saglyk ýagdaýy bilen bagly näsazlygy bolan adamlar üçin däl, eýsem sagdyn adamlar üçin hem zyýanly bolup biler.


Köçede

Güneşli howada köçede köp wagt geçirmekden gaça durmaga çalşyň. Gezelenç wagtyny agşama ýa-da ir sähere geçirmek has ýerlikli bolar, sagat 10:00-dan 16:00-a çenli bolsa, mümkin boldugyndan, kölegede ýa-da ýapyk binada boluň. Gündiz fiziki agramlar we sport bilen meşgullanmagy azaltmaly.

Ýapyk binada

Perdeleri ýapyp, Günüň göni şöhleleriniň otagyň içine düşmeginden gaçyň. Şol bir wagtyň özünde, otagy wagtal-wagtal ýelejiredip durmagy ýatdan çykarmaň. Kondisioner ulanylanda howany daşarky temperaturadan 5 gradusdan pes sowatmak maslahat berilmeýär.

Egin-eşik we arassaçylyk

Egin-eşikleriň, aýakgabyň we içki geýimleriň diňe tebigy matalardan we materiallardan, şeýle-de açyk reňklerden bolmagyny gazanyň. Dar egin-eşik yssy howada bedeniň gyzmagyna getirýär.

Gün urmasyndan bolsa kellä geýilýän zatlar gorar. Gün şöhlesinden goraýan äýnekler we saýawanlar hem peýdaly bolar. Lukmanlar günde iki-üç gezek sowugrak duşa düşmegi, şeýle-de ýüzi we elleri ýyly suw ýa-da çyg polotense bilen nemlendirmegi maslahat berýärler. Aýallara deriniň “dem almagy” üçin kosmetika serişdelerini ulanmagy çäklendirmek maslahat berilýär.

Iýmit we iýmitleniş

Köpräk gök önümleri we miweleri iýiň. Yssy günlerde bedeniň aşa gyzmagynyň öňüni almak üçin gündelik rasiondan eti, şeýle-de ýagly we gowrulan iýmitleri aýyrmak maslahat berilýär.

Yssy howada bedeniň suwuklygy çalt ýitirýändigini ýadyňyzdan çykarmaň. Agyz suw režimini berjaý etmek we her gün 1,5 litre golaý suw içmek maslahat berilýär. Şol bir wagtyň özünde süýji we gazlandyrylan içgilerden saklanmak has gowy bolar.

Agyz suwunyň, içgileriň, çaýyň maslahat berilýän temperaturasy 10 – 15°C bolmaly. Şeýle-de, bedenden deriň üsti bilen çykýan duzlaryň we mikroelementleriň mineral ýa-da birneme duzly suw, süýtli-turşy içgiler (ýagsyzlandyrylan süýt), süýji däl şireli suwlar, witaminleşdirilen içgiler, kislorod-belokly kokteýller bilen öwezini dolmaly.

Yssy howada giňelip, ýylylyk alşygyny üpjün edýän gan aýlanyş damarlarynyň gysylmagynyň öňüni almak üçin gaty sowuk suw içmeli däl. Kofeni içmegi hem çäklendirmeli, sebäbi ol suwsuzlyga getirýär.

Ilkinji kömek

Eger yssy howada adam huşuny ýitirse, gowşaklygy, ýüregiň bulanmagyny we gaýtarmany, eliň we garnyň myşsalarynyň damarynyň çekmegini (ýylylyk sebäpli gowşamanyň ýa-da Günüň urmasynyň alamatlary) başdan geçirse, ony hökman kölegä ýa-da kondisionerlenýän ýere geçirip we suw berip, arkalygyna ýatyrmaly. Gün uran ýagdaýynda ejir çekeni lukmana görkezmeli.

Gün ýanyklary peýda bolan ýagdaýynda, ilki bilen, zeper ýeten ýere deri örtügini sowatmak üçin çyg polotensäni goýmaly. Şondan soň ýanyga garşy süpürgiçleri, deskpantenol esasly serişdeleri ulanmak bolar.

30
164
king_tm
29.06.2023 00:16
Dograma türkmenleriň iň milli naharydyr we ýörite baýramçylyklarda, esasanam Gurbanlykda edilýär. Gurbanlyk her ýyl Gurban (Zilhijje) aýynyň onunjy güni başlaýar. Üç günläp dowam edýän Gurbanlykda maşgalalar, dostlar, goňşular topar-topar bolup, bir-biregiň öýüne baryp, nahar iýýärler.
Dograma etmek üçin birnäçe tamdyr petir çörek bişirilýär we täze goýun eti gazana atylyp, et süňkden sypara gelýänçä gaýnadylýar. Petir çöregi, bütin maşgala bolup, elde owunjak dograp, giň ýazylan saçakda dogralan et, sogan bilen gowy garýarlar. Soň dogramany iýjek adamlaryň islegine görä tabaga salyp, üstüne gyzgyn çorba guýup, Gurbanlyga gelenlere äberýärler.


Çorba üçin:

1½ kg ýagly, süňkli goýun ýa-da sygyr eti

5 l suw

2 nahar çemçesi duz

2 pomidor

Çörek üçin:

1 nahar çemçesi duz

600 ml ýyly suw

1 çaý çemçesi gury hamyrmaýa

1 kg un

2 sogan

Gara burç


Gazana et atyp, suw guýup, ony güýçli otda goýmaly. Suw gaýnap başlanda, onuň ýüzüne çykan köpügini aýyrmaly we çorba duz atmaly. Soňra gazany aram otda goýup, onuň gapagyny ýapmaly. Çorba 20 minut gaýnansoň, onuň içine pomidor dogramaly. Gazanyň gapagyny ýapyp, et gowy bişýänçä, çorbany gaýnatmaly. Çorbanyň duzuny dadyp görmeli, eger ýuwan bolsa, oňa duz atmaly.

Çorbanyň eti bişýänçä petir çöregi bişirmeli. Petir çörek üçin tabaga duz atyp, suw, hamyrmaýa we un guýup, hamyr etmeli. Hamyry 2 bölege bölüp, her bölegi eliň aýasynda togalamaly.

Ojagy 250°C (482°F) gyzgynlykda gyzdyrmaly. Ojak gyzýança hamyry oklaw bilen ýaýyp, 1.5 sm galyňlykda çörek ýasamaly. Çörekleri dürtgüç bilen gür dürtmeli we ojak kagyzy ýazylan taba geçirmeli. Çörekleriň ýüzüne suw çalmaly we tabany ojagyň ortaky gatynda goýmaly. Çörekleri ýüzi gyzarýança (15-18 minut) bişirmeli.

Bişen çöregi saçagyň üstünde eliň bilen ownuk dogramaly (bir çöregiň ¼ bölegini dograman goýmaly). Dogralan çöregiň üstüne ýarym halka şekilinde kesilen sogany guýmaly. Çorbanyň etini bir tabaga çykarmaly we ony dogralan çöregiň üstüne atmaly. Soňra eti dograman goýan çöregiň üstünde ownuk dogramaly. Dogralan eti, sogany, çöregi iki eliň bilen gowy garmaly we üstüne 3-4 nahar çemçesi ýagly çorba sepelemeli. Şondan soň dograma taýýar bolýar, ýöne 20-30 minut saçaga dolap goýsaň, ol gowy alyşýar we has tagamly bolýar.

Dograma äberilende tabaga guýlup, üstüne gara burç sepilýär we gaýnap duran çorbadan üstüne çykar-çykmaz edilip guýulýar. Dogramany gury, çaýa ýanap hem iýseň bolýar.
21
112
king_tm
26.06.2023 16:14

Saçymyz we tüýlerimiz barada täsin maglumatlar


1.Bedenimiziň ähli ýeriniň 95%-i tüý bilen örtülendir. Munça tüýümiziň bardygyny bilýärdiňizmi?

2.Kellämizde jemi 100000(ýüz müň)-den köp saç bar.

3.Kellämizden her gün 50-100 sany saç gopýar. Ýagny bu adaty zatdyr, gopan saçlaryňyza gynanmaň ))

4.Geljekde bir gün kel bolup bolmajagyňyzy kesgitlemek üçin häzir kelläňizdäki saçlaryň 50% ýok bolmaly

5.Saçymyzyň bir tary 6.5 kg agyrlygy göterip bilýär. Ähli saçlarymyz bolsa 2 tonna agyrlyk göterip bilýär!

6.Adamyň saçy 3 ýylda eginlerine, 7 ýylda biline çenli uzaýar!

7.Erkek adamyň sakgaly hiç alynmasa 9 metre çenli ösüp bilýär!

8.Adamyň we şempanzeniň kellesiniň bir santimetr kwadrat meýdanyna düşýän saç kökiniň sany deňdir!

9.Erkekleriň saçy aýallaryňka garanyňda çalt ösýär!

10.Kelläňizdäki her saçyňyzyň tarynyň bir ýyl içindäki uzynlygyny jemleseňiz 16 km saç alarsyňyz.

28
188
king_tm
24.06.2023 01:51

ÝAZMASY AGYR DÜŞEN GOŞGY

Bütin oba garaşyp dur.

Ýola bakýar hemmeler.

Atasy pyşyrdaýar:

«Geler. Geler. Geler».


Gelnejesi pyşyrdaýar:

«Gelermikä? Kim biler...»

Atasy göwünlik berýär:

«Geler-le... hökman geler».


Gök toraňňyň saýasynda

Ýüzläp adam dymyp dur.

Çekizeli ak haltadan

Turşy damja damyp dur.


Ýygnanyşdy babadaşlar,

Içginler hem daşgynlar.

Ne signal bar, ne şowhun –

Dymyşyp dur maşynlar.


Geldi dürli maşynlar –

Gyzyl, sary, ýaşyl, ak.

Geldi garaşylmaýanlar.

Garaşylýan gelenok.


Göýä pikir hem etmän

Bu gürrüňler babatda.

Ak guş kimin irkilip,

Ene ýatyr tabytda.


Göterlerne garaşyp dur

Köpi gören agaç at.

Ene ýatyr üstünde

Giň maňlaýly,

Agajet.


Şol enäniň ogluna

Garaşyp dur hemmeler.

Geldi tanyş, nätanyş –

Geldi şondan öňňeler.


...Ol henizem gelenok.

Meger, häzir ýoldadyr.

Iň söýgüli ulagy

Samolýot däl, «Wolgadyr».


Ýöne weli uçurýandyr

Samolýota deňeçer.

Şondan yza-ha galmaz,

Oňarsa öňe geçer.


Ol henizem gelenok...

Meger, häzir ýoldadyr.

Ýa-da iki eli hem

Ullakan stoldadyr.


Tüweleme, uly adam

Bolup gitdi indi ol.

Ýaňy bolsa has ullakan

Bir stula mündi ol.


«Sypaýmasyn birden!» diýip,

Oturandyr ýapyşyp.

Owadanja gelinler

Çaý çekýändir çapyşyp.


Üýtgeşikdir öňündäki

Kişmiş, kemput, şokolad.

Ýa gök çaýyň humaryna

Ýazýandyr bir doklad.


Ýok, ýok, özi doklad ýazmaz,

Ýazýandyrlar başgalar.

Ýaranjaňlar her sözüne

Ellerin çarpyşarlar.


Ol bolsa özi ýazan dek

Gülümsirär, ýylgyrar.

Ýazanlar onuň deregne

Utanjyrar, ýygrylar.


...Ýigrimi ýyl mundan ozal

Gutarypdy bir WUZ-y.

Ony oňa gutardan hem

Tabytdaky ezizi.


Güýzde pagta ýygypdy.

Gyşda körek çöpläpdi.

«Oglum ullakan okuwda!»

Buýsanç bilen gepläpdi.


Howdan gurdy, gazy gazdy

Laýa batyp dyzyndan.

Ýygnanjasyn lükgeläp

Ibererdi yzyndan.


Ogly üçin ak mütgelden

Bir haltajyk tikindi.

Üçlügini, manadyny,

Şaýysyny, köpügni –


Artdyranja puljagazyn

Atdy şonuň içine.

Şeýle-şeýle kyrk ýaşynda

Ak çozupdy saçyna.


Ogly okuwyn gutardy.

Ene dertläp ýykyldy.

Ol şonda sypap otyrdy

Bir gözeliň çokulny.


Dakýardy enäň pulundan

Her barmagna bir ýüzük,

Gulagyna teneçir,

Bilegine bilezik.


Söýüşdi, gujaklaşdy.

Paýtagtdan jaý tutundy.

...Enesinden utanmady,

Ene ondan utandy.


Ene käte paýtagta

Gezmäge gelen wagty,

Gelni diýdi: «Ýok etsene

Bu porsy garabagty!»


Ogly diýdi: «Ýakymsyz

ysyň bar-la, jan eje.

Bu eýýamda arassa

Bolmaly myhman, eje!»


Ene diýdi: «Wah, jan ogul,

Her nije porsasak-da,

Ulalansyň, ýetişensiň

Şu porsuja gujakda...»


Soňra bolsa uzak gije

Ýorganynda aglardy.

Daňyň atarna mähetdel,

Otla tarap ylgardy.


...Şeýle-şeýle günler ötdi,

Aýlar ötdi nobatly.

Edeni şowuna boldy.

Durmuş ony aýnatdy.


Her sözünde bir oýun,

Her elde bir desmaly –

Bir ýyl bäri saklap otyr

Has uly bir stoly.


Bu gün bolsa enesi

Amanadyn tabşyrdy...

Gelen telegrammany

Stolunda ýygşyrdy.


Ony aýalyndan başga

Görkezmedi hiç kime.

Är-heleý karara geldi:

«Barsak bor-la üçüne!»


...Bütin obaň gözi ýolda.

Garaşyp dur hemmeler.

Atasy pyşyrdaýar:

«Geler, geler, geler».


Gelnejesi pyşyrdaýar:

«Gelermikä! Kim biler!»

Ene-de misli gozganýar:

«Geler balam, geler geler».


Onýança-da

«Gelýär!» diýip,

Ardyndy bir ýaşuly.

Göründi ýaşyl meýdanda

«Wolgalaryň» ýaşyly.


«Geler diýdim ahbeti!»

Bir daýandy atasy.

Gara-köýük ýüzüniň

Artyp gitdi ýagtysy.


Onýança-da ýaşyl «Wolga»

Aşak indi ýapydan.

Geljek adamyň deregne

Şofýor çykdy gapydan.


«Şu gün gelip biljek däl.

Gyssagly bir iş çykdy...»

Birden ataň gözlerinden

Iki çogdam ýaş çykdy.


Ýetmiş ýaşyň içinde

Aglamadyk ol goja,

Gözýaşyny süpürdi-de,

Bir

ýylgyrdy çalaja.


Ol ýylgyryş ömürbaky

Çykmaz meniň ýadymdan.

Beýle aýylganç ýylgyrşy

Görmändim men adamda.


...Göterdiler enäniň

Ak guş ýaly tabydyn.

Ýaz şemaly ykjatdy

Üstündäki mawudyn.


Salladylar çukura

Ak saçly bir dünýäni.

Içki öýüň gapysyna

Eltilende enäni –


Iki omzuny diräp

Çukuryň erňegine,

Hiç giresi gelmedi

Öz girmeli öýüne.


Iň soňkuja pursatda-da

Öz ogluna garaşdy.

...Ýazsamam ýazdym weli,

Agyr düşdi bu goşgy.



Kerim Gurbannepesow.

28
59
king_tm
22.06.2023 14:18

"OTLUDAKY DUŞUŞYK"

( 2 - nji bölüm )


Men şol bir yyly Döwransyz geçirenim üçin hazirem ökünýän dogrusy şol bir ýyl men Döwrana Jañ etmedim onyñ beren suratynam men özümde sakladym yuwaşlyk bilen okuwa tayyarlandym dil öwrenmäne gatnadym bu yylam sheydip geçirdim inede taze ýyl geldi dogrusy täze ýylda men Döwrana Jañ edesim geldi ýüregüme düwdümde Jañ etdim ýöne nomerimi yapyk edip ayladym telde iki üç gudok gidenson Jañ alyndy....


Döwran — Alo

Ayşat — alo Salam

Döwran — Salam gowumysynyz kim siz tanamadym

Aýsat — Men Ayshat siz Döwranmy

Döwran — Howa Döwran men gowumy Ayshat bayramyn bilen name köp wagtlap aylaman gezdin ya görmediñmi men yazan hatymy...


Aýşat — yok gördümle senem bayramyny gutlayyn diydim.


Döwran — gowy edipsin yatla şeydip arasynda name üçin ýapyk nomerden çykyana


Aýşat — yok yöne bor gowy bolsan sag bol


Döwran — way dura nira baryan nomerini beray mana


Aýşat — yok gaty görme sag bol habarlaşarys.


Döwran — sen bu yyl okuwa bararsyňa onda aldayma men garaşjakdyryn.


Ayşat — bor göreris nesibedir....


Diyip teli öçurdum soñ men ona hiç Jan etmedim.....


Näçe aý geçipdi inede Aprel ayaklady egzaminlerem yakynlayady men ýuwaşlyk bilen dokumentlerimi tayyarlap başladym Döwran bilen habarlaşaymalam diydimde hiç dilim barmady borla nesibede bolsa gabatlaşarysda diydimde goydum maksat okuwa girmekdi.....Şu niyet bilen Ashgabada ugradym maşynly gidipdim unuwersitete gelip sorag ideg etdim egzaminin yene iki gundendigini aytdylar men Ashgabatda öz ayal Doganym bardy şolarda galyp garaşdym ayal doganymyn ýüwrjusi bardy Selim diyip olam tayyarlyk okap Hytay dilini okap ýördi ol wagt oyunde ekeni agşam ara ol maña şaheri gorkezjek diyip şahere alyp gaytdy aylandyk Serdar yoluna gitdik ajygyp kafe bardyk yanymda ayal doganymyñ 6 - yaşlyja gyzjagazy hem bardy.....


Selim gaty salyhatly geplejek gepini bilyan oglan ekeni gaty tertipli biz oturyp iyip içdik aý gepleşip uzak oturdyk ol yerdede son oye gaytdyk Selbijana yolda uklap galdy.....Selimem gapdalymda oturdy ol bir zatlar aytjak bolyamy namemi zol zol yüzüme seretyardi...

Sonam Selbi sen okuwa men yanyma giday okuwa diydi ol Hytay dilini owrenyan Hytaya gidesim gelyar diydi men ýok men dokumentlerim tayyar indi üytgedip bilmen diydim ol bolanda name men kömek edayerin gidayeli diydi.......Men garşy boldym yok diyip ymykly jogap berdim son Selim mana hiç zat diymedi bir yanyn yoldaşly bolsa gowa bordy diyip goydy menem ay howa diydim son biz gepleshmedik öýe geldik ol Selbijany elimden aldyda göterip oye saldy....


Aýal Doganym gapyny açyp öñümuzden çykdy gelip uklap galdym ertesi irdenem giç turypdyryn tuzurmandyrlaram meni soñ nan çaýymy iydim içdim her kim işli işine gidipdir ayal Doganym bilen men galdym biz günortanlygyn ugruna çykdyk ayal Doganym yash çagaly bolanson maña palow etmegi hayyşt etdi menem etdim gunortandan geçenson geldiler bir birden hersi üýşüp oturdyk nahar iyip......

Nahar iyip oturkak Selim dillendi gelneje nahary sena etmansin öýtyan Ayal Doganym yokla men etmedim Ayshat etdi men Ayshadyn palowyny gowy goryan hä näme sen halamadynmy Selim yok gaty gowy bolupdyr gaty suyji tuweleme senkidenem suyji bolupdyr nahara okde ekenin Ayshat diyip yuzume seretdide gaşyny kakdy.............

Men utanyp yere bakdym Selimiñ ejesem muny gorup guldude shu çagamyn başga azary yokla welin bir şo nahar dallowy barda bolmasa gelin sen jigini alayarmykam bular yaly nahar edyan bolsa diydi men has utandym Selimem güldüde men ýüzüme seredip güldi.........soñ ayal Doganym hany okuwyny bir okasyn azar berman diyip güldi biz iydik ichdik son yygnaşdyryp gap gachlary yuwmak üçin aşhana girdim gapy achyldy ayal doganymam beyleki otaga chagalaryny yatyrjak diyip giripdi........


Selim bilen ejesi gepleşip başlady Selimiñ sesi maña doly eşidilenokdy Ejesi oglum bir yyl bari Hytay dilini owrendin indam Belarus diyip kellami agyrtyan ne giden çykdajy etdima sana men diyip sesi geldi ay sheydip bir zatlara maslahatlaşyalar Selime ejesi ahyry kakany gor mena bilemok ozin bilaymesen onda mena dinlanok name tapawudy bar nirde okanda name name un birden uytgaydunle on aytmalyda diyip kayedi.....


Selim kakasyna Jañ etdi çykyp ertir egzamin zat diyip geleshdiler yetisherin dokumentlerimi tayyarlayyn diyip kakasam razylashandyrda Selim ejesi bn gepleship men yanyma geldi Ayshat duzetmeli dokumendin barmy menem sen bn bir yere synanyşjak gitmeli bolsana yor diydi mendede köp ya etmeli zatlarym bardy surata dushmelidim onki suratym bolanok ekeni menem bor gidayeris azajyk garashsan diydim Selim garashdy eshigini geyindi zatlaryny aldy menem geyinip alyshdyrdym Selim ejesinden zordan oz mashynynyn acharyny aldy gezelenje zada berenok ekeni welin bu gezek berdi Selim bn yola dushdik mashynly ugradyk Selimem eyle beyle gep chykyp gepleship baryadyk men Selim sen näme üçin ugruny uytgetdin näme boldy Selim ay dogrumy aydayynmy Ayshat men howa ayt Selim men dogrusy sen bilen gidesim geldi okuwa Sanada yoldaş bolasym gelyar bile okasym gelyar gyz çaga senem yeke özüñe kyn bolar men be name ücin Beyle aladamy edaydinle Selim seni gowy goremsom edyan aladany ugradasym gelenok yeke her hilli adam bar yat yurtlarda senem gaty sada da ay borla name men gitmegimi islanokmy ya men yok manada gowy name yoldash bolsan yone soraydym birden pikirini uytgetdin welin diyip goydum biz men dokumentlerimi duzetdik son Seliminkini duzetmeli boldy onky koprak wagt egledi mesprawkasyny almak un koprak egelenip ochura garashmaly bolup oturanymyzda Selim Ayshat sen halashyanyn barmy diyip sorag berdi Men yok name un soradyn Selim yok yone bilesim geldi diydi Son Tanysh bilish bn derrow duzetdi galanlarynam visa kart achdyrmak un arza yazdyk bile gelyarkak Ashgabat seyilgahinin deninden gechip baryardyk Selim Ayshat yor aylayyn barde parkam bar diydi men ay borla Selim diyip goydym ol borla dal indi hachan ashgabady gorjek biz yor aylanalyla diyip goymady menem goresim gelip duranson razylashdym biz ilki seyilgahin Ichine aylandyk garanky dushuberipdi sonra parka bardyk howa mayyl bolanson adam kandi ona muna munen boldyk son Selim mashyny gowy goryan diyip mashynada eltdi men surup bilemokdym Selim oz yanyna aldy munemizden son bilemok bilgeshleyin etyami namemi gaty godek surdi manada yapysh gowja diyip beter suryardi ay bashym gozum aylandy dusherime howlukdym dushup Selime suw sargadym ozim bolsa oturgychda garashyp oturdym birki sany oglan yanyma gelip lak atyp bashlady sachyn ozunkumi nireden sen adyn name garanky gowy dushupdi men turyp gaytdym Selimin yanyna tarap yanky oglanlaram yzyma dushup gaytdy gaty gorkdum ylgashlap Selimi gorup ylgadym ona tarap Selim gorup gaty gahary geldi yankylar bn urushjak boldy zordan sakladym ol oglanlaram gaty tertipsiz ekeni urushjak bolup her zat diydiler men aglap Selime yalbaryp zordan alyp gaytdym Selim urushdan gachmayady gaty garadan gaytmazdy ol karateyede kan gatnapdyr doganym gurrun beryadi gunde bir yerini gogerdip gelyar diyip muny bilemsom hasam çekindim Selime yalbarmak bilen boldym sözümi ýykmady halem gaytdy men bilen seyilgahe baryp bir oturgyçda oturdyk suw içdim zat etdim dynç aldyk Selime gaharym geldi name üçin beytdin hayyr giderdilerde üýrüp itdirda näme üçin olar bilen deñ bolyan Selim men saña azar berseler seredip durmana men onda sen bilen okuwa gidaysemem kyn bolar kim bilya name etjek sen meni kösarsin gyz bolsan lakam atylar sözem aydarlar name hemmesi bilen urushjakmy diyip gahar edip añryma bakdym...

29
289
king_tm
21.06.2023 11:38

"OTLUDAKY DUŞUŞYK" ??

( 1 - nji bölüm bolan waka )


Dogrusy bu wakany yatlamak men üçin gaty agyr Ýöne şu gun öz derdimi siz bilen paylaşmak isledim...

.....Men 1994 ýylda doguldym ozim Mary Welayatyndan adym Ayshat

Ýañy okuwy dynan wagtlarymdy daşary ýurda okuwa girmek islegi bardy oglan doganym eýýam okap ýördi.....


Men Aşgabada gitmeli işim çykypdy bir dokument meselesi boyunça gitmelidim men Enem bilen otluda gaydypdym Ashgabada geldik ishimi bitirdim yzymyza gaytmaly gunumuzdi biz bilet aldyk we otla mündük........

Men enem bilen yerim bir yerden düşmedi men bir yer bärden düşdi soñ yereleşip oturdyk küpe bolanson kän adam däldik bir yaş gelin bilen ýoldaşy bardy üç adam bolup garaşyp oturdyk üçunji kim gelerkä diyip menem yerim ikinji bolanson üçunji gelmese gowudy aý wagta boldy adamam gelmedi arkayyn yatdym birinja geçip yadowlykdanmy nämemi men derrew uklap galypdyryn garañky düşüpdir yanymdakylaram balnis işi bilen gelyan ekenler......Ay sähel gepleşen boldum uklapdyryn derrew gapynam yapdyk gije bir çene barypdyr....


Birden gözümi açdym ayak ujumda bira otyr men düyşümdir diyip pikir etdim yok düýş däl ekeni yerimden turdum garañky çyrada sönükdi ýanky çyrany yakayyn turan bolsañyz diyip sorady men yakayyn diydim çyrany yakdy yañky ýaş ak yagyz görmegey yash yigit ekeni ol güldüde turdunmy ahyry men yerimde hezil edip yatdynay oyarybam bilmedim diydi men bagyshlarsynyzda men adam gelmedi diyip yataydym turayaryn diydim yok entaga yatjakdal oturay diyip ozam gechip oturdy gapdalymda yanymyzdaky gelnejede a gyz bu oglan yolda mundi ilka tuzurjak boldy sonam chyrany yakdyda yuzune seredip ay yatybersinle diyip bash ujunda otyr garashyp men yaly gelneje bolsa tuzurardylar bir mahal welin yash gyzda dozen daldir diyip guldi yanky oglanam guldude yokla gelneje hemme gyza beyle edemok men dine uzyn sachlyja gyzlary gowy goryan diyip yuzume seretdi men ashak bakdym yatyrkam sachym bozulyp gidipdir gozden gorap yygnap gezyardim orup orapdym men haydap sachymy galdyrdym enem pahyryn Sachy uzyndy hem yogundy bizede gechendir da uzyn Sachym bardy dogrudanam mena gowy ukudan achylypdym biz sorashyp ideship bashladyk biri birimize men gurrun berdim yanky gelin gurrun berdi yoldasham goshuldy yanky oglanam myhmanchylykdan gelyan ekeni ozi 94 men bn den ekeni Ady Dowran ekeni men adymy sorady menem sesimi chykarmadym olam Ayshatmy ozunem Marydan 1994 yyl diydi Family ana seretmandirin diydi men way siz name palchymy nireden bilyaniz diyip or gokden geldim Dowran gulip howa palchy diydi gara chynym ynanyanam son ol yok yany stolun ustunde posportynyz bar ekeni shony gordum diydi dogrudanam yygnamandyryn dokumendimi haydap sumkama saldym Dowran guldi bu gyzada bir zat diyerlik yok ekeni sachyny gordum diydima welin sachyny yygnady indam posportyny gorenimi aytdymam welin posportyny yygnady diyip guldi men enemden habar tutayyn diyip chykdym enem yatan bolaymasa gapy yapyk ekeni zalda azajyk oturdym anyrrakda yash oglanlaram tel oynap oturan ekenler olar mana lak atyp bashlady men uns bermedim son biri yanyma gelip gepleshjek bolup bashlady men sesimi chykarmadym turjak bolup durkam Dowran Ayşat gowumy yanyndaky kim diyip çykdy ýañky oglan sen kim diydi.....

Döwranam men Dogany waprosyn barmy diydi ol oglan bagyshla agam diyip yoredi Dowran yanyma gelip oturdy sen name yeke ozinmi diyip sorady men enemin bardygyny yerinin ayradygyny dushundurdim son yene Ichine girdim Dowranam girdi yanyma oturdyk gelnejedir yoldasham uklap galdylar biz entak yatmandyk Dowran surat chekyandigini aytdy sonam sumkasyndan surat chykaryp gorkezdi ozi chekipdir bir gullen ichinde anyrsyna bakyp Duran gyz Sacham goyberilen uzyn sachly gyz ekeni gaty gowy chekipsiniz yone name un ony anyrsyna bakdyryp chekdiniz hany yuzi yokmy munyn diydim Dowran yok entak munyn yuz keshbini ozumem bilemok nahilli digini dogrusy yone men sen sachyny gorenimde shu gyzyn sen bolaymagyndan guman etdim diydi men goysanyzlan diyip guldim Dogrusy Dowran bu gyzy düýşünde görüpdir iki yyl mundan ozal yöne ýüzüni görmandir on uzyn sachyny gowy görübem şo suraty çekipdir men surata sine seretdim dogrudanam saçynyn yzynlygy renki çala mele owusyan Sach menka gabat gelmanem duranokdy gyz yashyp baryan gune seredip dur ekeni onyn yanyda cheken bagul gulleri hem men in halayan bagulumdi ony men ishigimde de osduryadim meni bu surat gaty ozune chekdi dogrusy men ony oz telime aldym son Dowrana chyndanam surat chekyanmi sen ya meni aldayanmy diysem ol ynananokmy garash diyip surat chekmane bashlady galam ka gyz aldyda gaty chalt chekdi suraty sonam mana gorkezdi ol asyl meni chekipdir men hayran galdym ol guldude henizem ynananokmy bar bolmasa enenem getir chekeyin diydi men yok ynanyan yone gen goryan diydim men surata serdip pikire batdym bu oglan bn tanyshanyma shu gun welin ol on meni tanayan yalyla shol anyrsyna bakyp Duran suratam mana gaty menzeshdi Dowran birden name ozuni synlayanmy diyip guldi ay sheydip Bizin sozumiz alyshdy gitdi ol ozuni doly tanatdy menem ozumi Dowran on maryda da yashap gidipdir hazir lebapda yashayan ekeni kakasy wayenni bolanson yashamadyk yerleri galmandyr ozunin Belarussiya okuwa giresiniñ gelyanini aytdy menem maksadym Şody ol indiki yyl gel bile synanyşaly maña tel nomerini ber diydi men bermedim ol köp yalbardy Ayshat indiki ýyl Aprel May aylarynda bolyar egzaminler sen hokman bargyn onda men garasharyn bile synanyshaly okuwa diyip mana garashjagyny soz berdi eger gelmesen menem girmen egzamine diydi men bu sözi yone aydandyr diyip pikir edipdim gije bir çene bardy men yatmakçydygymy aytdym Döwran näme üçündir sen yerinde arkayyn yatyber yokarda men yatayaryn diymedi.


Men turaryma garaşyp oturdy men gaharym gelip yokaryk çykdym sonam uka gitdim bizi prawodnik yetip baryas Mara turuñ dushmeliler diyip oyardy......


......Men aşak seretdim Döwran entak uklap yatyrdy men yuwaşlyk bilen aşak dushdum Dowranyn üsti açyk galypdyr otlam sowugrakdy yatan adam üşek bolyar diyip newsim agyryp üstuni yapdym sonam zatlarymy yygnap başladym otly birden çaykanyp saklandy men denagramlygymy saklap bilman Dowranyn yatan yerine ýykylyp ayagyny basypdyryn ol şo bada oyandy men bagyshla duydansyz boldy diydim.........Döwran zyyany yokla nira yetdik diydi menem Mara geldik sag boluñ men gideyin diydim onyança enem a gyz bola diyip gygyrdy Döwran Ayshat men oyanmadyk bolsam sen men bilen sag bollashjakdalmidinñ Şeydip gidiberjekmi diyip sorady men ay yokla diyip gepi sowdym bor onda sag bolun diyip çykyp ugramda.....


Döwran haýdap yzymdan çykdy dursana Ayshat bir minut diyip saklady maña çeken suratyny berip göyberdi yzymdan Ayshat hökman meni yatlagyn indiki ýyl hökman gel garaşjakdyryn diyip özelenip galypdy...

Biz sagbollaşyp düşdik Döwranam dushdi yzymdan men tä mashyna munyancham seredip durdy....

Men öye geldim sag aman yañky çekilen suratam sumkamdanam çykarmandyryn gijäñ bir wagty yadow yatyp galypdyryn soñ birki günden soñ yadyma düşdi ýañky surata täzeden seretdim soñam Döwrany yatladym birden suratyñ arka yuzunde yazylan hata gözüm düşdi ony Döwran ýazypdyr...


Ayşat muny okanda biz eyyam biri birimizden gaty daşda bolarys men muny sen yatansoñ yazdym seni höwes bilen öz yerimde yatyrardym.....Ýöne men muny edip bilemok men onurgamda grisha bar munam sana aydyp bilmedim men yokaryk chykyp bilemok bagyshlarsynda oz nomerina bermedin menkini bir Bellap goy diyip oz nomerini yazypdyr yzyndanam okuwa bile gideli hokman gelgin

diyip sargapdyr.....


Dogrusy haty okap men birhilli boldym men Döwran yerini bermaninde biderek gaty gören ekenimdä onda diyip özüme gaharym geldi yöne men Döwranyn nomerine hiç hilli Jañ etmedim ay ynanyp bolmaza her gorenine diyen pikirdedim ýöne Döwranyn welin gara çyny ekeni men muña giç düşündüm şol

1 ýylam Şonsuz geçirenim üçin häzirem ökünýän...

41
461
king_tm
20.06.2023 03:26

ABŞ-da Perl la­kam­ly iki ýaş­ly çi­hua­hua iti res­mi taý­dan dün­ýä­niň iň kin­di­wan­ja iti diý­lip yk­rar edil­di. Onuň bo­ýy ba­ry-ýo­gy 9,14 san­ti­metr bo­lup, es­ki­mo­nyň çöp­ja­ga­zyn­dan hem ki­çi­dir di­ýip, “moya-pla­ne­ta.ru” saý­tyn­da bel­len­ýär.

Itiň uzyn­ly­gy 12,7 san­ti­metr bo­lup, tak­my­nan, ka­gyz dol­la­ry­nyň öl­çe­gi bi­len deň­dir. Ag­ra­my 553 gra­ma deň bo­lan it Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di. Geň ýe­ri, ol 2020-nji ýyl­da – Perl dün­ýä in­me­zin­den öň ölen öň­ki re­kord eýe­si Mi­rakl Mil­li­niň (9,65 san­ti­metr) ga­ryn­da­şy­dyr.

Itiň eýe­si­niň aýt­ma­gy­na gö­rä, Perl gym­mat ba­ha­ly iý­mit­le­ri iý­me­gi go­wy gör­ýär. Ýa­kyn­da bol­sa, ol eýe­si bi­len Mi­lan­da­ky dü­kan­la­ra-da aý­lan­dy. Şol bir wag­tyň özün­de onuň üm­süm hä­si­ýe­ti bar.


Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da Ro­zi at­ly pi­şik 32 ýa­şy­ny bel­le­di. In­di bu öý haý­wa­ny­nyň dün­ýä­niň iň gar­ry pi­şi­gi hök­mün­de yk­rar edil­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Pi­şi­giň eýe­si nor­folk­ly 72 ýaş­ly Li­la Bris­se­tiň söz­le­ri­ne gö­rä, ol bu pi­şi­gi 1991-nji ýyl­da edi­nip­dir. Ro­zi öm­rün­de di­ňe iki ge­zek mal luk­ma­ny­na ba­ryp gö­ren eken.

Go­laý­da Li­la Bris­se­te pi­şi­gi­niň dün­ýä­niň iň gar­ry pi­şi­gi hök­mün­de res­mi taý­dan yk­rar edil­me­gi üçin Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na ýüz tut­dy. Hä­zir­ki wagt­da bu de­re­je 27 ýaş­ly Flos­sy at­ly pi­şi­ge de­giş­li­dir. Iň uzak ýa­şan pi­şik, Te­has şta­ty­nyň Os­tin şä­he­rin­den bo­lan Krem Puff bo­lup, 2005-nji ýy­lyň 6-njy aw­gus­tyn­da 38 ýa­şyn­da ara­dan çyk­dy.

16
126
king_tm
19.06.2023 19:52

Aý — Ýeriň tebigy hemrasy. Ol Güne iň ýakyn planeta hemrasydyr, sebäbi Güne has ýakyn planetalar bolan Merkuriý bilen Weneranyň hemrasy ýokdur. Ol Ýerden görünýän asman gümmezinde Günden soň ikinji iň ýagty obýekt bolup, şol bir wagtyň özünde Gün ulgamynyň tebigy planeta hemralarynyň arasynda ululygy boýunça bäşinji orunda durýar. Ýer bilen Aýyň merkezleriniň arasyndaky ortaça aradaşlyk — 384 467 km (0,002 57 a.b, ~ 30 Ýer diametri).

Adamzadyň ýerden başga ýeketäk aýak basan asman jisimi aýdyr.

22
174
king_tm
17.06.2023 01:12

Bu günki gün beýikligi 138 metr bolan Heopsyň piramidasy Ýer ýüzünde 3 müň ýyllap iň beýik bina hasaplanypdyr. Ýöne miladydan öňki 2600-nji ýylda gurlan bu piramidanyň hiç hili döwrebap tehnologiýalary ulanmazdan gurlandygy aýratyn bellärliklidir.Käbir maglumatlarda görkezilişine görä, piramidanyň ilki başda beýikligi – 146,6 metr bolupdyr. Egilme burçy – 51 dereje, daýanç meýdany – 53 müň m2, göwrümi – 2,50 million m3, blok gatlaklarynyň sany bolsa – 203-dir. Piramidany düzýän granit daşlarynyň käbiriniň agramynyň 35 tonna, hek daşly bloklaryň bolsa hersiniň takmynan 2,5 tonna barabardyr.

15
150