king_tm
24.06.2023 01:51

ÝAZMASY AGYR DÜŞEN GOŞGY

Bütin oba garaşyp dur.

Ýola bakýar hemmeler.

Atasy pyşyrdaýar:

«Geler. Geler. Geler».


Gelnejesi pyşyrdaýar:

«Gelermikä? Kim biler...»

Atasy göwünlik berýär:

«Geler-le... hökman geler».


Gök toraňňyň saýasynda

Ýüzläp adam dymyp dur.

Çekizeli ak haltadan

Turşy damja damyp dur.


Ýygnanyşdy babadaşlar,

Içginler hem daşgynlar.

Ne signal bar, ne şowhun –

Dymyşyp dur maşynlar.


Geldi dürli maşynlar –

Gyzyl, sary, ýaşyl, ak.

Geldi garaşylmaýanlar.

Garaşylýan gelenok.


Göýä pikir hem etmän

Bu gürrüňler babatda.

Ak guş kimin irkilip,

Ene ýatyr tabytda.


Göterlerne garaşyp dur

Köpi gören agaç at.

Ene ýatyr üstünde

Giň maňlaýly,

Agajet.


Şol enäniň ogluna

Garaşyp dur hemmeler.

Geldi tanyş, nätanyş –

Geldi şondan öňňeler.


...Ol henizem gelenok.

Meger, häzir ýoldadyr.

Iň söýgüli ulagy

Samolýot däl, «Wolgadyr».


Ýöne weli uçurýandyr

Samolýota deňeçer.

Şondan yza-ha galmaz,

Oňarsa öňe geçer.


Ol henizem gelenok...

Meger, häzir ýoldadyr.

Ýa-da iki eli hem

Ullakan stoldadyr.


Tüweleme, uly adam

Bolup gitdi indi ol.

Ýaňy bolsa has ullakan

Bir stula mündi ol.


«Sypaýmasyn birden!» diýip,

Oturandyr ýapyşyp.

Owadanja gelinler

Çaý çekýändir çapyşyp.


Üýtgeşikdir öňündäki

Kişmiş, kemput, şokolad.

Ýa gök çaýyň humaryna

Ýazýandyr bir doklad.


Ýok, ýok, özi doklad ýazmaz,

Ýazýandyrlar başgalar.

Ýaranjaňlar her sözüne

Ellerin çarpyşarlar.


Ol bolsa özi ýazan dek

Gülümsirär, ýylgyrar.

Ýazanlar onuň deregne

Utanjyrar, ýygrylar.


...Ýigrimi ýyl mundan ozal

Gutarypdy bir WUZ-y.

Ony oňa gutardan hem

Tabytdaky ezizi.


Güýzde pagta ýygypdy.

Gyşda körek çöpläpdi.

«Oglum ullakan okuwda!»

Buýsanç bilen gepläpdi.


Howdan gurdy, gazy gazdy

Laýa batyp dyzyndan.

Ýygnanjasyn lükgeläp

Ibererdi yzyndan.


Ogly üçin ak mütgelden

Bir haltajyk tikindi.

Üçlügini, manadyny,

Şaýysyny, köpügni –


Artdyranja puljagazyn

Atdy şonuň içine.

Şeýle-şeýle kyrk ýaşynda

Ak çozupdy saçyna.


Ogly okuwyn gutardy.

Ene dertläp ýykyldy.

Ol şonda sypap otyrdy

Bir gözeliň çokulny.


Dakýardy enäň pulundan

Her barmagna bir ýüzük,

Gulagyna teneçir,

Bilegine bilezik.


Söýüşdi, gujaklaşdy.

Paýtagtdan jaý tutundy.

...Enesinden utanmady,

Ene ondan utandy.


Ene käte paýtagta

Gezmäge gelen wagty,

Gelni diýdi: «Ýok etsene

Bu porsy garabagty!»


Ogly diýdi: «Ýakymsyz

ysyň bar-la, jan eje.

Bu eýýamda arassa

Bolmaly myhman, eje!»


Ene diýdi: «Wah, jan ogul,

Her nije porsasak-da,

Ulalansyň, ýetişensiň

Şu porsuja gujakda...»


Soňra bolsa uzak gije

Ýorganynda aglardy.

Daňyň atarna mähetdel,

Otla tarap ylgardy.


...Şeýle-şeýle günler ötdi,

Aýlar ötdi nobatly.

Edeni şowuna boldy.

Durmuş ony aýnatdy.


Her sözünde bir oýun,

Her elde bir desmaly –

Bir ýyl bäri saklap otyr

Has uly bir stoly.


Bu gün bolsa enesi

Amanadyn tabşyrdy...

Gelen telegrammany

Stolunda ýygşyrdy.


Ony aýalyndan başga

Görkezmedi hiç kime.

Är-heleý karara geldi:

«Barsak bor-la üçüne!»


...Bütin obaň gözi ýolda.

Garaşyp dur hemmeler.

Atasy pyşyrdaýar:

«Geler, geler, geler».


Gelnejesi pyşyrdaýar:

«Gelermikä! Kim biler!»

Ene-de misli gozganýar:

«Geler balam, geler geler».


Onýança-da

«Gelýär!» diýip,

Ardyndy bir ýaşuly.

Göründi ýaşyl meýdanda

«Wolgalaryň» ýaşyly.


«Geler diýdim ahbeti!»

Bir daýandy atasy.

Gara-köýük ýüzüniň

Artyp gitdi ýagtysy.


Onýança-da ýaşyl «Wolga»

Aşak indi ýapydan.

Geljek adamyň deregne

Şofýor çykdy gapydan.


«Şu gün gelip biljek däl.

Gyssagly bir iş çykdy...»

Birden ataň gözlerinden

Iki çogdam ýaş çykdy.


Ýetmiş ýaşyň içinde

Aglamadyk ol goja,

Gözýaşyny süpürdi-de,

Bir

ýylgyrdy çalaja.


Ol ýylgyryş ömürbaky

Çykmaz meniň ýadymdan.

Beýle aýylganç ýylgyrşy

Görmändim men adamda.


...Göterdiler enäniň

Ak guş ýaly tabydyn.

Ýaz şemaly ykjatdy

Üstündäki mawudyn.


Salladylar çukura

Ak saçly bir dünýäni.

Içki öýüň gapysyna

Eltilende enäni –


Iki omzuny diräp

Çukuryň erňegine,

Hiç giresi gelmedi

Öz girmeli öýüne.


Iň soňkuja pursatda-da

Öz ogluna garaşdy.

...Ýazsamam ýazdym weli,

Agyr düşdi bu goşgy.



Kerim Gurbannepesow.

28
59
king_tm
11 Iýul 2023
@mawy, da gowy goşgy🙂
okyjy dz
25 Iýun 2023
@ahgg, bolan wakadyr diýäňmi
kese
25 Iýun 2023
Sps
2580
25 Iýun 2023
goşga aýdara sözüm ýok 👍👍👍👍👍
moonlight
24 Iýun 2023
İñ halaýan goşgularymdan biri...
ahgg
24 Iýun 2023
Ylahy adalat diyip bir zat bar her gezek okamda shu goşgyny pikirlendirya enede günäkarmika
atakulyyewa_humay
24 Iýun 2023
Gaty manyly goşgy 🥺🤍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.