king_tm
06.05.2024 09:37
"Ýaltalyk" diyip nädogry at goýýan zadymyz, has dogrusy, hereketsizligimiz ýa-da bikärligimiz barada pikir ýöretsek, görüp otursak "Biz ýalta däl!".

Sözlükde ýalta, ýaltalyk düşünjeleri şeýle berilýär:

Ýalta - Zähmet çekmegi halamaýan, iş ýakmaz.

Ýaltalyk - Ýaltanyň ýagdaýy, zähmet çekmegi söýmezlik, iş ýakmazlyk, ýaltaçylyk.

Eger zähmet çekmegi gowy görýän bolsak, ýagny, çeken zähmetimize buýsanýan bolsak, hem-de işi başarýan bolsak, onda bizi bir işi etmekden saklaýan başga bir zat bar. Özümiz we beýleki adamlar barada "ýalta" diýip ters pikir ýöretmegimize getirýän başga sebäpler bar.

Ol sepäpleri birnäçe düşünjedir ýalñyş hereketimiziñ bize täsir etmegi diýip alyp bileris. Şol sebäler zerarly biz işi erteläp başlaýarys.

1. Biz energiýamyzy nädogry ulanýarys.

Belli bir wagtda ýatyp turmazlyk, has giç uklamak, ukusyz galmak ýadawlyga getirýär. Energiýamyzy etmeli zadymyzdan öñ ýalñyş we gerek däl zatlar üçin ulanyp gutarmagymyz, ýerine ýetirilmeli işe höwesi, islegi azaldýar.

Energiýamyzy ýerine ýetirmeli ýumuşumyza däl-de bizi oýa saklamaga ýa-da biderek zatlara sarp edýäris. Ýumuşy ýerine ýetirmäge gezek gelende bolsa ukymyz tutup başlaýar.

2. Pikirlerimiz bizi aldaýar.

Herekete başlamak, ilkinji ädim adatdan daşary ýagdaýda kyn bolup görünip başlaýar. Şeýlelikde, işi erteleýäris, ünsümizi başga zatlara bölýäris. Añymyz bizi işiñ kynlygyna, onuñ bolup bilmejek zatdygyna ynandyrmak isleýär, bahanalar tapýar.

Edilmeli iş barada ýeterlik resurslarymyzyñ, ýol görkeziji biriniñ, wagtymyzyñ... ýokdygy barada pikir edip başlaýarys. Hatda işi edip başlanymyzda ýitirjek wagt, energiýa hem-de yhlasymyzdan köp energiýa we wagty çenden aşa pikirlenmeklige sarp edýäris.


3. Şowsuzlykdan gorkýarys.

Ýalñyşmak, şowsuzlyk aslyda biziñ iñ gowy "mugallymlarymyzdyr". Ýalñyşyp özümiziñ öwrenen tejribämiz bize iñ gowy sapagy öwredýär, bizi biz edýär. Indiki işe başarjañlygymyzy ösdürýär.

Işeññir - Iş etmekde tapawutlanýan, iş başarýan, işjeň.

Işeññirlik - Iş bitirmekde tapawutlanyjylyk, iş başaryjylyk, işjeňlik.

Errare humanum est - Adamzada ýalñyşmaklyk mahsusdyr.

Ýatda sakla: Ýalñyşmaýan adam, hiç zat etmeýän adamdyr!

4. Ideal bolmak möhüm däl.

Ideal, kämil, birkemsiz (100%) diýen zat ýok, ideala ýakyn zat bar. Medisinada hem 99.9% takyklyk ulanylýar. Ideal bolmaz diýip işi etmekden gaçmañ.



5. Kritikadan, tankytdan gorkmaly däl.

Düzedilýän ýalñyşlyk ösüşi añladýar. Tankyt edil edebiýaty kämleşdirişi ýaly biziñ hem has ajaýyp bolmagymyza eltýär.

Adamyñ kämilligini edebiýat bilen deñeşdirseñ, onda her bir şahsyýetiñ özüne mahsus stili bolýar, käwagt kemçilik diýip pikir edýän zadymyz bizi has täsin we üýtgeşik, deñsiz-taýsyz edýär.

Tankytdan gorkman başlanan işiñ netijeleri başda bizi kanagatlandyrmasa-da, ýuwaş-ýuwaşdan biz bir ýerlere bararys. Başlanmadyk iş bolsa bizi hiç ýere eltmez.

Şu ýerde, Italiýanyñ Pisa binasyny ýatlap geçsek laýyk bolarmyka diýýän :)

Umuman, biz ukyny dogry almaýan, şowsuzlyk, tankyt edilmek, işi ideal edip bilmezlik barada aşa pikir edýän wagtymyz işi etmekden ýaýdanýarys we ony erteleýäris.

Siz nähili pikirde?

Henizem özüñize ýalta diýýäñizmi?
28
201
king_tm
25.04.2024 10:56
Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümeti ýurtda bolan güýçli çabgalaryň ýaşaýyş öýlerine ýetiren ýitgisini aradan aýyrmak üçin 544,6 million dollar (2 milliard dirhem) bölüp bermegi goldady. Bu barada ýerli habar beriş serişdeleri ýurduň Hökümet başlygy – Dubaýyň emiri Muhammed ibn Raşid al-Maktumyň beýanatyna salgylanyp habar berdi.
16-njy aprelde BAE-de soňky 75 ýylda iň güýçli çabga ýagdy, aýratyn hem Dubaý ýitgi çekdi. Güýçli ygaldan soň esasy awtoýollar, Dubaýyň howa menziliniň uçuş-gonag zolagy ejir çekdi. Takmynan 2 müňe golaý gatnaw ýatyryldy.
27
70
king_tm
04.03.2024 09:34
Ýer ýüzündäki jandarlaryň içinde garynjanyň beýnisi göwresine garanyňda iň ulsudyr.

Baýkal kölündäki suw Demirgazyk Amerikanyň iň uly köllerindäki suwlaryň bilelikde alnandakysyndan hem köpdür, özi-de dünýädäki süýji suwuň 5-den 1-i şu köldedir.

Antarktidanyň buzunyň galyňlygynyň 4 kilometre ýetýän ýerleri hem bar.

Ewerest belentliginiň depesi millionlarça ýyl ozal deňziň düýbünde emele gelen daş böleklerinden ybarat.

Hameleon bir wagtyň özünde bir gözi bilen öňüne, beýleki gözi bilen yzyna seredip bilýär.

Dünýäde iň kiçi we ýöräp bilmeýän guş hasaplanýan kolibri göwresini şol bir durşunda saklap, aşak-ýokarlygyna, gapdallygyna, hatda yzlygyna hem uçup bilýär.

Ewerestiň depesine çykan adam troposferanyň ýokarky çägine galtaşar.

Dünýäde her sekuntda 100 ýyldyrym çakýar.

Adaty körsyçan berdaşly gazyjydyr. Ol bir sagatda 15 metr, bir gijede 76 metr ýer köwýär.

Güýzüň ahyrky aýynda gök gürlese, gyş garly bolar.

Garlawaçlar suwuň ýüzünden jürgüldäp uçsa, howa bulaşar.

Güýzde ilkinji düşen gyraw uzak wagtlap ýatsa, gyş garly bolar.

Güýzde durnalar uçup gidensoň, iki hepdeden soň sowuk düşer.

Gün ýaşanda şapak gyzarsa, ertesi howa gowy bolar, daňdan şapak gyzarsa, ýakymsyz howa bolar.

Gök kitiň sesi atylan agyr topuň sesinden ýa-da göge galýan raketanyň gürrüldisinden güýçlüdir.

Meýdany boýunça Kanada Hytaýdan, Hytaý bolsa ABŞ-dan uludyr.

Eskimoslaryň dilinde gary aňladýan 20-den gowrak söz bar, 40-dan gowrak söz bolsa olaryň dilinde garyň görnüşlerini aňladýar.
21
8
king_tm
01.02.2024 16:30
Lionel Messi bilen Kriştianu Ronaldu “Inter Maýami” bilen “Al-Nasryň” arasynda geçiriljek şu günki ýoldaşlyk oýnunda biri-birine garşy oýnamaz. Bu barada Goal habar berýär.

Neşiriň belleýşi ýaly, Ronaldu myşsa şikesi sebäpli amerikan kluby bilen oýunda meýdança çykmaz. “Al-Nasr” 38 ýaşly futbolçynyň saglygy bilen töwekgelçilik etmek islemeýär, şol sebäpli ony meýdança çykarmaz. Öň, ýanwar aýynyň ahyrynda portugaliýalynyň aýak myşsasyna şikes ýetendigi habar berildi.
“Al-Nasr” bilen “Inter Maýaminiň” arasyndaky ýoldaşlyk oýny şu gün, 1-nji fewralda geçiriler.
21
73
king_tm
28.01.2024 07:16
Gujaklaşmak stressi ýeňip geçýär, immuniteti ýokarlandyrýar we köşeşdirýär

Ýer ýüzünde eýýäm 30 ýyl bäri her ýylyň 21-nji ýanwary Halkara gujaklaşmak güni hökmünde bellenilip geçilýär. Bu günde umumy düşünje boýunça islendik adamy gujaklamak özboluşly baýramçylyk ruhy diýlip düşünilýär (dogry, eger olaryň özi hem muňa garşy bolmasa).

Gujaklamak psihologik taýdan, hatda beden saglygy üçinem örän peýdaly hasaplanýar — ýagny, adam gujaklaşan mahalynda gana mähir gormony hasaplanýan oksitosini goýberýär. Oksitosin, öz gezeginde, aladanyň gormony bolan kortizolyň bölünip çykmagyny basyp, gan basyşyny peseldýär. Mundan başga-da, gujaklamak bagtyň gormony bolan endorfiniň çykmagyna sebäp bolýar.

Ýygy-ýygydan gujaklanýan adamlaryň sowuklama we ýürek-damar kesellerinden ejir çekmek ähtimallygynyň pesdigi, olaryň has durnukly emosional ýagdaýynda bolýandygy ýüze çykarylan hakykatdyr. Yzygiderli gujaklaşmak ukynyň rahat bolmagyna täsir edýär, immuniteti ýokarlandyrýar we hatda birneme agyryny ýeňilleşdirmek häsiýetine hem eýedir.

Ene bilen çaganyň yzygiderli gujaklaşmagy örän möhümdir. Çagalygynda ejesinden mahrum galan we ene mährini duýman ulalan çagalaryň çuňňur mähir duýgusynyň pes ösýändigi, olaryň hossarlyk duýgusynda psihologik häsiýetli müşgillikleriň bolýandygy subut edilendir.

Psihologlar gujaklaşmak babatda ýetmezçilik çekýän adamlara uly ýumşak oýunjaklary ýa-da seýilgähdir howluda agaçlary gujaklamagy maslahat berýärler. Köpler gapdalynda ýumşajyk «aýyjygy» gujaklap ýatan mahallary tiz uklap bilýärler, tokaýlykdaky dub we sosna agaçlaryny gujaklamak bolsa nerwleri köşeşdirýär, sebäbi aslynda agajyň özi oňyn energiýanyň çeşmesi bolup hyzmat edýär.
21
41
king_tm
27.01.2024 07:32
BÜTINDÜNÝÄ UKY GÜNI
Uky (latyn. somnus) — bu oýanma ýagdaýyna ters gelýän tebigy fiziologiki ýagdaý, daşarky dünýä reaksiýasynyň peselmegi bilen häsiýetlendirilýär. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSSG-nyň) berýän maglumatlaryna görä, ululara bir gije alty-sekiz sagat uky gerek. Ukusyzlygyň howpy köp gezek ara alnyp maslahatlaşyldy. Durmuşyň hiline, keýpine, öndürijiligine, abadançylygyna ep-esli täsir edýär, garramagy çaltlaşdyrýar. Şeýle hem, dowamly ukynyň ýetmezçiligi beýniňe ýaramaz täsir edýär. Ukusyz bir gün beýnide himiki prosesleriň döremegine, akyl bozulmalaryna sebäp bolýar. Iki günden soň gormonal fon üýtgeýär we nerw baglanyşyklary kesilýär. Üç ýa-da has köp gün ukudan soň beýniniň öýjükleri dargap başlaýar we içki organlara, esasan hem ýürege ýük artýar. Bütindünýä uky güni her ýyl mart aýynyň üçünji anna güni bellenilýär.

Uky, ähli adamlaryň talap edýän zady, ýöne köplenç meşgul durmuşymyz bilen ol üýtgäp durýar. Geçirilen gözlegler, saglygyňy goramak we deňagramly durmuşda ýaşamak üçin ukynyň nähili möhümdigini görkezdi.

Baýramyň taryhy:

Baýram Bütindünýä uky lukmançylyk birleşiginiň (WASM) Bütindünýä uky komiteti tarapyndan döredildi. Onuň maksady uky meselesine, ukynyň bozulmagynyň öňüni almak, bejermek we sagdyn ukynyň ösmegine köpçüligiň ünsüni çekmekdi. Bu gün her ýyl öz aýratyn şygary bilen geçirilýär. Ilkinji Bütindünýä uky güni 2008-nji ýylda esaslandyrylyp, “Rahat ukla, gowy ýaşa!” şygary bilen geçirildi.

Uky hakda gyzykly maglumatlar:

Somnologiýa — uky bozulmalaryny öwrenmek, anyklamak we bejermek bilen baglanyşykly ylym. Awgust Kekule uklap ýatyrka, benzol formulasyny tapdy.

Rowaýata görä, D.I.Mendeleýew düýşünde himiki elementleriň döwürleýin tablisasyny açypdyr. Arzuwlar ukuda sarp edilýän wagtyň diňe 15-20%-ini alýar.

Adam uklap galandan bir ýarym sagat soň düýş görüp başlaýar.

Ertiriňiz haýyrly bolsun 👋🍩☕️
19
85
king_tm
25.01.2024 19:42
Saud Arabystanynda Dünýä kubogy ― 2034-iň bir stadionynyň taslamasy görkezildi.

Saud Arabystanynyň Jidda şäherinde 2034-nji ýyldaky dünýä çempionaty üçin şazada Muhammed bin Salmanyň adyny göterýän stadion gurlar.

Amerikanyň «Popolus» studiýasy tarapyndan stadionyň taslamasy taýýarlanylyp, ol köpçülige görkezildi.

Stadionyň üçegi islendik howa şertlerinde duşuşyklary amatly ýagdaýda geçirmäge mümkinçilik berer. Onuň süňňi bolsa kub şekilindäki ekranlardan ybarat bolar.

Stadion 45 müň tomaşaça niýetlenilendir.
22
35
king_tm
24.01.2024 16:08

Dünýäniň iň hasratly ýadygärlikleriniň taryhy: gözýaşly wakalar


Hasrat gözýaşy — 2006-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkdaky Gudzon derýasynyň kenarynda binagär Sereteliniň döreden ýadygärligi açyldy. Ol terrorçylyk hüjümlerinde şehit bolanlaryň hatyrasyna bagyşlanyp döredildi. Bürünç pilon (terrorçylykly hüjüm bolan Bütindünýä Söwda merkeziniň — ekiz gökdiränleriň biriniň daşky görnüşi) boşluk bilen iki bölege bölünýär, onuň ortasynda bolsa nikelden döredilen 4 tonnalyk 11 metre barabar bolan gözýaş ýerleşdirildi. Bu ýadygärligiň beýikligi 30 metr, agramy bolsa 176 tonnadyr.


Hatyýn ýadygärlikler toplumy — bu ýadygärlik 1943-nji ýylda Belorussiýanyň Hatyn obasynda faşistler tarapyndan atylyp, soňra bolsa ýakylan 149 sany şehidiň, şol sanda 75 sany çaganyň pajygaly wakasy baradaky ýatlamalary özünde jemleýär.


Merhum çagalaryň hatyrasyna döredilen ýadygärlik — 1978-nji ýylda Wengriýanyň Balaton kölünde mekdep okuwçylary bilen barýan gämi suw heläkçiligine sezewar boldy. Granit daşyndan ýasalan aýasy açyk we barmaklary ýokaryk uzap duran eliň keşbi kömek soramagy alamatlandyrýar.


Ölýän ýolbars (Lýusern, Şweýsariýa) — muny dünýäniň iň bir meşhur hem-de hasratly ýadygärligi hasap edip bolar. XIX asyryň başynda gaýada döredilen ýaraly ýolbarsy şekillendirýän heýkel jandaryň agyryny we yzany agyr başdan geçirýändigini görkezýär. Ýadygärlik Fransiýanyň 1792-nji ýylda hüjüm edilen Týuilri köşgünde pida bolan şweýsar gwardiýaçylaryna bagyşlanypdyr


Ýyrtylan saýawanly gyzjagaz — 1999-njy ýylyň 30-njy maýynda soňky jaň dabarasynyň dowam edýän mahalynda bolup geçen güýçli çabgada ýagyşdan gizlenmäge synanyşan adamlar Minskiň ýerasty geçelgesine girip, ol ýerde pida boldular. Bu hadysada jemi 53 adam aradan çykdy. Olaryň aglabasynyň ýaşy heniz 30-a ýetmedikdi.


Germaniýadaky ýakylan kitaplaryň ýadygärligi — bu ýadygärlige ýazylan meşhur nemes şahyry Genrih Geýnäniň: «Bu diňe bir prelýudiýa, kitap ýakylýan ýerde soňlugy bilen adamam ýakylar» diýen setirleri 1933-nji ýylyň 10-njy maýynda Berliniň meýdançasynda guralan çäräniň teswiridir. Bu çärede nasist-talyplar gymmatbahaly kitaplary ýakyp ýok edipdirler. 1995-nji ýylda şol ýerde üsti aýna örtükli boş kitap tekjeleri ýerleşdirilen uly bolmadyk ýadygärlik döredildi.


Mamaýew kurgan — ýadygärlik Watan goragçylarynyň hatyrasyna bina edildi. Onuň duran ýerinde 1943-nji ýylda pajygaly uruş turup, ösüp oturan otlar bütinleý ýakylypdyr.


Sankt-Peterburgdaky Pawlowyň itiniň ýadygärligi — bu Aptekar adasyndaky Tejribe lukmançylygy institutynyň howlusynda tejribe geçirilen eldekileşdirilen itleriň hatyrasyna dikeldilipdir.

33
230
king_tm
04.01.2024 14:27
Täsin Wakalar Dürli Gipotezalar Bermuda Üçburçlygy


1945-nji ýylda 14 sany pilot ABŞ BMC uçarlarynda adaty türgenleşme missiýasynda ýitirim bolýar. Uçuşyň ýolbaşçysy leýtenant Çarlz Teýloryň: " Biz häzir birgeňsi köpürjikleýän ýaşyl reňkdäki suwuň üstünden geçip barýas. Biz nirededigimizi bilemizok" -diýen sözleri gelip ýeten iň soňky sözleridi. Alymlar bu wakanyň üstünde birnäçe barlag geçirse-de hiç zat tapman "näbelli sebäplere görä" belligi bilen bu temany ýapýarlar. 


1916-njy ýylda şol bir ýerde "Siklop" atly 306 adamlyk ýük gämisi, 1944-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda 300 adamlyk "Rubikon" amerikan gämisi, 1965-nji ýylda 10 agzaly ekipaždan ybarat bolan C-119 harby transporty hem ýokarda belläp geçen waka meňzeş täsin şekilde ýitirim boldy.


Bu wakalaryň bolup geçen ýeri Bermuda üçburçlugydyr. Bu termini siz öňem eşdip gören bolmagyňyz mümkin. Bermuda üçburçlygy-Atlantik okeanyndaky Amerikanyň bir ştaty Florida, Puerto-Riko we Bermuda adalaryny öz içine alýan ýer.

Dünýä kartasynda hem görnüşi ýaly, Floridadan Bermuda adalaryna, ondan Puerto-Riko we Puerto-Rikodanam ýene Florida ştatyna çyzyk geçirseň üçburçlyk emele geler. Şonuň üçin hem bu meýdana "Bermuda üçburçlygy" ady dakylýar. Oňa başgaça "Şeýtan üçburçlygy" hem diýipdirler. 
 

Bermuda üçburçlygy- köp uçarlaryň, uly gämileriň dereksiz ýiten we alymlaryň muňa köp wagtlap dogry we takyk jogap tapyp bilmedik ýeridir. Bu termin ilkinji gezek 1964-nji ýylda Argosy žurnalynyň reportýory Winsent Geddis tarapyndan ulanylýar. Onuň ýazan makalasy halk arasynda uly sensasiýa öwrülip, dereksiz ýitmeler bolsa onuň täsinligini has-da artdyrýar. Okeanyň içindäki howply üçburçlykda bolup geçen hadysalar paranormal hadysa söýerleriň ünsüni çekýär. Şondan soň halk arasynda özge planetaly adamlardan başlap wagtyň durmagyna ýa-da ýitip giden suwasty Atlantidanyň ýaşaýjylaryna çenli birnäçe teoriýalar peýda bolup başlaýar. Ýene-de çaklamalardan mysal hökmünde metanyň täsiri we altyburçly bulutlary getirip bolar: metan suwuň düýbünden ýokary çykyp, suwuň öňküden beter dykyz bolmagyna we gämileriň gark bolmagyna getirýär. Altyburçly bulutlaryň esasynda  döreýän güýçli şemal bolsa islendik uçary ýa gämini hatardan çykaryp bilýär. 

Bularyň ählisi diňe çaklama bolsa, onda bu wakalaryň asyl sebäbi näme?
Aslynda hiç hili üýtgeşik bolup geçen zat ýok! 
Ýer ýüzüniň 71%-ni suw tutýar. Bu bolsa 1332 mlrd kub km diýmekdir. Şonuň üçin hem bu ullakan massada gämileriň, uçarlaryň ýitmegi geň zat däl. Dünýä ýüzi entägem 370-nji reýs Malaysia Airlines we örän uly 239 adamly Boeing 777 transportynyň Hindi okeanynda gijäniň ýarynda nädip ýitenine 8 ýyldan bäri anyk düşündiriş berip bilenok. Diňe 3 ýyldan soň Afrikanyň kenarynda öňki awialaýneriň 31 fragmenti tapylýar. 
Amerikan Milli müdirliginiň okean we atmosfera barlagynyň berýän maglumatlaryna görä, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň Bermuda üçburçlygy diýip atlandyran şol Atlantika sebitinde tupanlar we tropiki ştormlar köp bolup durýar. Öňler kapitanlar takyk we dogry howa maglumatyna eýe däldiler. Uçar we gämilerde bolsa tupanlara garşy ýeterlik goragy ýokdy. Şeýle-de Karib deňziniň kiçiräk adalary uly gämilere howp salýardylar. 
"Haçanda howanyň erbetleşmegi ýa-da nawigasiýa ýalňyşlar ýüze çykanda, okean örän howply bolup bilýär. Bermuda üçburçlygyndaky duýdansyz ýitirimler dünýäniň islendik beýleki ýerlerinden köp bolýanlygyna anyk delil ýok"- diýip müdirligiň wekilleri belleýärler. Mundan başga-da häzirki wagtda her gün Bermuda üçburçlygynyň içinden onlaýn görnüşinde yzarlap bolýan 10-larça uly ýolagçy uçarlary geçýärler. Olaryň hiç haýsynyň hem dereksiz ýitmeýänligini bellemegimiz gerek. 
25
127
king_tm
29.12.2023 10:15
Aždarha ýyly — 2024: Täze ýyl saçagynda nämeler bolmaly

Täze 2024-nji ýylam indi uzakda däl, bu hakykat eýýäm öý bikelerini baýramçylykda geljek myhmanlaryň göwnünden turar ýaly edip saçak ýazmak barada oýlandyrýan bolsa gerek.

Gündogar senenamada aždarha ýyly hasaplanýan Täze ýyla geçilende saçakda nämeleriň bolmagy simwoliki hasaplanýar 

Hytaýyň senenamasyna görä, Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk ter nahar goşundylaryny we tagam berijileri satyn almak bilen başlanýar. Aždarha ýylynda bu zatlar aýratyn orna eýedir, şonuň üçin sarymsak, ajy gyzyl burç, zenjebil, gwozdika we anis ýaly önümler baýramçylyk tagamlarynda hökman bolmalydyr.

Balyk we deňiz önümleri — ot demli aždarhanyň iň gowy görýän tagamlary. Şeýle-de bolsa, bu ýyrtyjy gyzgyn sously ýa-da tagam berijiler goşulsa has-da datly boljak gowy bişirilen etden hoşal bolar.

Stolda täze ter miweler, aýratynam apelsin bolmalydyr.

Desert üçin bolsa islendik süýjülikleri taýýarlap bilersiňiz, ýöne aslynda beýle ýagdaýda ajaýyp bir süýjüligi bişirseňiz örän göwnejaý bolar. Geljek ýylyň nyşany synaglary, çemeleşmeleri gowy görýär, şonuň üçinem siziň tagallalaryňyza hökman oňat baha berer.

Baýramçylyk saçagyna nähili naharlary goýmaly däl diýilýär

Baýramçylyk saçagyna towşan etinden taýýarlanan tagamlary goýmak maslahat berilmeýär, sebäbi rowaýata görä, beýik we hoşniýetli Aždarhanyň halas eden jandaryny saçaga almak ýakymsyz bolar öýdülýär.

Bu ýyrtyjy üçin towukly tagamlary örän ýönekeý, konserwirlenen iýmitler we ýarym taýýar önümler bolsa baýramçylyk saçagynda düýbünden gelşiksiz hasap edilýär.

Baýramçylyk saçagyny nähili bezemeli

Gündogar senenamasy boýunça Täze 2024-nji ýylyň şowlulyk getirýän reňkleri şular:

altynsow;
kümüşsöw;
ak we onuň ähli öwüşgini (süýt, krem, ekrýu);
çal (grafitden başlap ýumşak çal reňke çenli, ýyly we sowuk öwüşginleri saýlap bilersiňiz);
gyrmyzy we onuň öwüşginleri;
şokolad.
Saçak örtükleri, salfetkalar we baýramçylyk saçagynyň beýleki bezegleri ýylyň nyşanyna laýyk aralykda saýlanylyp bilner. Şeýle hem saçagy agaç aždarha heýkeljikleri bilen bezäp bilersiňiz.

Baýramçylyk saçagy üçin nämeleri bişirmeli

«Türkmenportal» web saýtynyň okyjylary üçin «Soltan» restoranlar torunyň aşpezi türk aşhanasynyň däp-dessurlaryna laýyklykda taýýarlanylýan Täze ýyl saçagynyň tagamnamasyndan birnäçe ajaýyp ideýalary hödürleýär.

🎄☃️TÄZE ÝYLYŇYZ GUTLY BOLSUN TÜRKMEN HALKYM☃️🎄
20
111