kays
18.07.2023 00:19

YNAM - ?


YNANÇ - ?


UMYT - ?


siziň üçin nähili manylary alňladýar ? her kim öz pikirini ýazsyn. Indiki postumda giňişleýin beýan etjek !

29
137
kays
17.07.2023 08:31

Ata oglunyň ýanyna gelip, elini onuň egnie goýup: - Oglum, kim güçli senmi ýa men?


Ogly


- Men diýip jogap berdi.


Atasy sähel öýkelän ýaly boldy we ýene sorady: - Oglum, kim güçli senmi ýa men?


Ogly:


- Men diýip jogap berdi.


Atasynyň öýkeläp yzyna seredip gitdi. 3 metrçe uzaklaşyp umyt bilen


ýene bir gezek sorady: - Oglum, kim güçli senmi ýa men? -siz güýçli kakajan! – diýdi.


Geň galan ata oglundan sorady:


Iki sapar soradym men güýçli diýdiň, üçinji sapar soranymda sen


diýidiň. Näme maňa rehimiň geldimi?


Ogly şeýle jogap berdi: - Kakajan iki sapar soranyňda siz ýanymdadyňyz, men hiç zatdan


gorkmaýardym. Üçinji sapar soranyňyzda siz ýanymda ýokduňyz...

35
324
kays
16.07.2023 23:25

"Bagt näme?"-diýip soradym puldan,


Pul: "baýlyk"-diýip, altynlary görkezdi.


Pula tarap gadam basjakdym welin,


Baýlykdan soň "meslik" meni ürküzdi.



Soňra bardym "uzak ömrüñ" ýanyna,


"Bagt senmi?"-diýip, soradym ondan.


Diýdi:"jigim, el-aýagyň ysmaz bor,


Şoñ uçin çyn bagty gözleme menden."



Gaýtdym jogap tapman "uzak ömürden",

Soñra ýolda gabat geldim "abraýa".


Diýdim:"abraý aga, sendemi bagt?"


Görsem, "abraý", zaryn-zaryn aglaýar.



Bagty tapman, ýüzüm salyp gelýärdim, Birden "söygi" ylgap geldi ýanyma.

Diydi: "meni tapsaň-bagty taparsyň"


Hemmamiz söýeliñ hakyñ şanyna!

30
492
kays
15.07.2023 08:06

Gadym bir zamanda beýik bir patyşanyň owadan bir gyzy bar eken.


Gyzyň durmuşa çykmaly wagty gelipdir ýöne hiç kimi halamandyr.


Patyşalaryň, wezirleriň, täjirleriň ogullary hat-da kim bolsa-da olardan


ýüz öwüripdir. Bu döwletde bir görmegeý ýöne garyp bir oglan hem


öýlenmek isläpdir ýöne oňa hem ýüz bermändir.


Bu oglan soň başka bir ülkä gidip işläpdir, gaty baý bolupdyr. Watanyna


bir näçe ýyldan soň gelipdir we özünden ýüz döndüren gyzyň ýanyna


gidipdir. Gapyny kakypdyr, gapyny betnyşan bir adam açypdyr. Adam


gidensoň ýene gapyny kakypdyr, bu gezek gyz gapyny açypdyr, oňa


näme üçin bu betnyşan biri bilen öýlenendigini sorapdyr. Gyz muny


düşindirmek üçin oglany öýüň arka tarapyndaky owadan gül bakjasyna


äkidipdir.


-Soragyň jogabyny özüň bilersiň. Indi şu gül bakjasyndan iň owadan


güli maňa ýolup getirmelisiň, ýöne bir şert bilen – bakjada gidip


barýarkaň yzyňa hiç hili ädim ätmeli dälsiň


Bolýar diýipdir oglan başlapdyr ýöremäge. Oglan ýany bir iň owadan


güli tapdym diýende başka bir gül görýär we oňa el uzatjak bolup durka


başka birini görýär, ony ýoljak bolup durka başga owadan bir gül...


Soň bir seretse bakjanyň soňuna gelipdir, yza ädim ätmesi gadagan!


Bakjanyň soňunda bolsa boýny bükük betnyşan bir gül.


-Ynha! diýipdir gyz. Düşindiňmi indi näme üçün bu adamy


saýlandygymy?

34
300
kays
13.07.2023 12:40

Belki-de ýalňyşýandyryn,ýöne özüm-ä şu pikirde. Biziň entek


öwrenmeli zatlarymyz köp. Onda-da çagalardan. Hawa çagalar


biziň köpümizden kämil. Nädip diýýäňmi? Sözümiň gury bolmazlygy


üçin birnäçe delilleri getireýin:



Begenmek. Çaga ýaly begenip bilmek. Megerem, iň gerek zatdyr.


Daş-töweregiňizde çaga barmy? Şoňa bir süýji ýa-da kiçiräjik jäjek


äberiň. Begençden ýaňa böküşini görersiňiz. Biz bolsa...Allatagallanyň bize


beren şeýle uly peşgeşleri gözümize az görünip, ondan närazy bolýarys.


”Onda maşyn bar,oň öýi meňkiden gowy...” Eýsem biz näme üçin


mydama özümiziňkiden gowy zady bolanlara seredýäris? Näme üçin


pes ýaşaýanlara seredemzok? Göwniýetmezçilikdenmi? Islendik adam


baýap ugrasa tumşugy asmana salam berip ugraýar we diňe özünden


ýokardakylary görýär.Peslere seredesem gelenok.Ine bar mesele


şonda.Geliň,çagalardan begenmegi öwreneliň.Şükür etmegi


öwreneliň. Şonda durmuşymyz reňk goşulyp, gözelleşip ugrar.



Bagyşlamak Üns berip gördüňizmi? Çagalar uzak gaty görüşenok.


Derrew ýaraşýarlar. Düýn sögüşen ýalydyr welin bu gün eýýäm


gülüşip,oýunjaklaryny paýlaşyp oýnap ýörler.Biz näme?Iki-üç ýyllap


gaty görüp gezýän mahallarymyzam kän bolýar.Ýüregmizde şol öňki


kineleri göterip ýörüs.Soňam şol kineler ýürege agram salyp


ýüregagyrydan ejir çekýäris. Alla adamlaryň günäsini bagyşlaýar,biz


başaramzok, kiçilik bilýäs bagyşla diýmegi.Biz näme eýsem Alladanam


beýikmi?Ýok,elbetde ýok. Onda näme?Onda näme üçin bagyşlamaly


däl? Geliň, bagyşlamagy öwreneliň. Şonda özümiziňem bagyşlanmak


mümkinçiligimiz artar. Şonda biziň jemgyýetimiz öňküsinden has öser,


has beýgeler.



Hyzmat etmek. Çagalara bir jäjek,oýunjak sowgat berip görüň, çaga


üçin senden gowy adam ýok. ”Bar köşegim ony al, muny äkit” diýseň


ylgaşlap,näme diýseň edip ýörendir.Eýsem bize şunça zatlary peşgeş


eden Allaha näme üçin hyzmat etmeli däl? Jogap berip biljek ýok bolsa


gerek. Bärde jogap berere zadam ýok. Biziň ýalňyşlygymyz.Ine bar


bolany....!

31
103
kays
12.07.2023 01:09
Bir oglan söýgülisine guda bolupdyr. Günde duşuşuga baryp ýören


oglan, ertir toý diýilen güni gyzyňka duşuşyga barýar. Oglan gyzy görjek


bolup äpişgeden jyklanda, gyzyň ejesi gyzyna öwüt berýär diýýär:


- Gyzym birinji gije seniň öňüňde iki sany köpri bolar, şol köprüden


geçseň oglany mydama özüňkilik edersiň.


Gyzam:


- O nähili synag?


Ejesi:


- Ikiçäk goýup giderler welin, oglana suw getirip ber, suwsaýan diý.


Eger getirse onda birinji köpriden geçersiň. Ikinji gezek oýun eden


bolda ýüzüne bir şarpyk çal, soňundanam oýun etdim diy. Eger zat


degmese onda ikinji köpridenem geçýäň diýipdir.


Bu gürrüňi eşiden oglan öýüne gaýdypdyr sesini çykarman. Toý


bolupdyr, indi ikiçäk galanlarynda gyz suwsaýan suw getiräý diýipdir.


oglanam:


-Sesini çykarman bolýa diýip suw getiripdir. Gyzam birinji köpridenä


geçdim. Ikinjä başlaýyn diýip, şarpyk çaljak bolupdyr welin, oglan


elinden tutup, gyzyň aýagyny döwüpdir. Aý ala goh bolansoň oglanyň


kakasy gelip:


- Näme boldy diýse, oglan:


- Gyzyň ejesine jaň edip, gyzyň ikinji köprüden geçip barýarka, köpriden


ýykylyp aýagyny döwdürdi diýipdir.
64
2 026
kays
11.07.2023 23:57

Filosof Eflatundan şeýle sorapdyrlar: "Size görä adamzadyñ iñ geñ


galdyran ýagdaýy näme?"


Eflatun şeýle jogap beripdir: "Çagalygy islemezler,ulalmak üçin


howlugarlar.Soñra-da çagalygyny küýsärler. Mal-mülk üçin gije-gündiz


ylgap, saglyklaryna zyýan ýetirerler, öñki saglygyna gowuşmak üçin


ýygnan mal-mülklerini harçlarlar. Ertirleriñ aladasy bilen bu günlerini


unudarlar. Netijede, bu günlerini we ertirlerini ýaşamaz ýaly ederler.


Hiç wagt ölmen öýdüp ýaşarlar, ýöne ýaşamadyk ýaly hem ölerler".


- Onda adamlar nahili ýaşamaly? - diýip danadan ýene soranmyşlar.


Dana şeýle jogap beripdir:


- Hiç kime özüñizi söýdürjek bolmañ, hiç kimiñ öñünde kiçelmäñ, hiç


kime-de ulumsylyk satmañ. Goý, sizi il söýsün. Iñ esasy zat bolsa,


durmuşda iñ kän zada eýe bolmak däl-de, iñ az zada mätäç bolup


bilmekdir!

37
119
kays
10.07.2023 04:34

Näme üçin super kleý(момент клей) öz gabyna ýelmeşenok ???

29
449
kays
09.07.2023 17:30

Diýeli siz tomus paslynyň çygly ýagyşly howasynda öz awtoulagyňyzda gelýärsiňiz ! Günüň ýaňy batyp barýan şöhlesinde siz uly ýol bilen ulagly öýüňize gelýärsiňiz ! Ýolda duralgada (astanowkada) 3 sany adam dur :


1. Siziň ýaşlykdan bileje oýnap, ulalan ýakyn dostuňyz.


2. Eger özüme saýlaw berilse şundan başga gyza seretmerin diýýän, ýaşlykdan daşyndan (oňa içki duýgyňyzy aýtmana utanýaňyz) söýüp ýören gyzyňyz.


3. Ýaşy 70 e golaýlan garryja daýza !


Siziň ulagyňyzda ýekeje adama ýer bar.


Indi sorag : kimi ulaga mündürerdiňiz ???

25
304