kays
11.07.2023 23:57

Filosof Eflatundan şeýle sorapdyrlar: "Size görä adamzadyñ iñ geñ


galdyran ýagdaýy näme?"


Eflatun şeýle jogap beripdir: "Çagalygy islemezler,ulalmak üçin


howlugarlar.Soñra-da çagalygyny küýsärler. Mal-mülk üçin gije-gündiz


ylgap, saglyklaryna zyýan ýetirerler, öñki saglygyna gowuşmak üçin


ýygnan mal-mülklerini harçlarlar. Ertirleriñ aladasy bilen bu günlerini


unudarlar. Netijede, bu günlerini we ertirlerini ýaşamaz ýaly ederler.


Hiç wagt ölmen öýdüp ýaşarlar, ýöne ýaşamadyk ýaly hem ölerler".


- Onda adamlar nahili ýaşamaly? - diýip danadan ýene soranmyşlar.


Dana şeýle jogap beripdir:


- Hiç kime özüñizi söýdürjek bolmañ, hiç kimiñ öñünde kiçelmäñ, hiç


kime-de ulumsylyk satmañ. Goý, sizi il söýsün. Iñ esasy zat bolsa,


durmuşda iñ kän zada eýe bolmak däl-de, iñ az zada mätäç bolup


bilmekdir!

37
119
runia
17 Iýul 2023
ýaşamadyk ýaly őlmezlik üçin hem yz goýmak gerek⏳..
2580
12 Iýul 2023
manyly sözler 👍
aynurka
12 Iýul 2023
👍👍
dowletmyrat1990
12 Iýul 2023
Waaaah jana posdy goýana
tolkun
12 Iýul 2023
@okayjy, hawa şondan getirýä olam
okayjy
12 Iýul 2023
@tolkun, Platon (Eflatun) Hakyky eýesi bu sözleriñ
tolkun
12 Iýul 2023
Hakan Mengüçde hem bardy soňky setirler, bagt hakynda
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.