kays
13.07.2023 12:40

Belki-de ýalňyşýandyryn,ýöne özüm-ä şu pikirde. Biziň entek


öwrenmeli zatlarymyz köp. Onda-da çagalardan. Hawa çagalar


biziň köpümizden kämil. Nädip diýýäňmi? Sözümiň gury bolmazlygy


üçin birnäçe delilleri getireýin:



Begenmek. Çaga ýaly begenip bilmek. Megerem, iň gerek zatdyr.


Daş-töweregiňizde çaga barmy? Şoňa bir süýji ýa-da kiçiräjik jäjek


äberiň. Begençden ýaňa böküşini görersiňiz. Biz bolsa...Allatagallanyň bize


beren şeýle uly peşgeşleri gözümize az görünip, ondan närazy bolýarys.


”Onda maşyn bar,oň öýi meňkiden gowy...” Eýsem biz näme üçin


mydama özümiziňkiden gowy zady bolanlara seredýäris? Näme üçin


pes ýaşaýanlara seredemzok? Göwniýetmezçilikdenmi? Islendik adam


baýap ugrasa tumşugy asmana salam berip ugraýar we diňe özünden


ýokardakylary görýär.Peslere seredesem gelenok.Ine bar mesele


şonda.Geliň,çagalardan begenmegi öwreneliň.Şükür etmegi


öwreneliň. Şonda durmuşymyz reňk goşulyp, gözelleşip ugrar.



Bagyşlamak Üns berip gördüňizmi? Çagalar uzak gaty görüşenok.


Derrew ýaraşýarlar. Düýn sögüşen ýalydyr welin bu gün eýýäm


gülüşip,oýunjaklaryny paýlaşyp oýnap ýörler.Biz näme?Iki-üç ýyllap


gaty görüp gezýän mahallarymyzam kän bolýar.Ýüregmizde şol öňki


kineleri göterip ýörüs.Soňam şol kineler ýürege agram salyp


ýüregagyrydan ejir çekýäris. Alla adamlaryň günäsini bagyşlaýar,biz


başaramzok, kiçilik bilýäs bagyşla diýmegi.Biz näme eýsem Alladanam


beýikmi?Ýok,elbetde ýok. Onda näme?Onda näme üçin bagyşlamaly


däl? Geliň, bagyşlamagy öwreneliň. Şonda özümiziňem bagyşlanmak


mümkinçiligimiz artar. Şonda biziň jemgyýetimiz öňküsinden has öser,


has beýgeler.



Hyzmat etmek. Çagalara bir jäjek,oýunjak sowgat berip görüň, çaga


üçin senden gowy adam ýok. ”Bar köşegim ony al, muny äkit” diýseň


ylgaşlap,näme diýseň edip ýörendir.Eýsem bize şunça zatlary peşgeş


eden Allaha näme üçin hyzmat etmeli däl? Jogap berip biljek ýok bolsa


gerek. Bärde jogap berere zadam ýok. Biziň ýalňyşlygymyz.Ine bar


bolany....!

31
103
runia
17 Iýul 2023
Dogry🫶🏻şonuŋ üçin şu barlyklarymyzy bize peşgeş beren Allaha bizem şükür bilen namazy ýatdan çykarmasak hasam bagtly bolarys✧
dursunaa
13 Iýul 2023
@maral, 👏🏻👏🏻👏🏻💙
nazyr
13 Iýul 2023
@maral, gaty dogry🤗
maral
13 Iýul 2023
Hemmeler diýýärler bagyşlamaklygy öwrenmek gerek. Aslynda göwne degmezligi öwrenmek gerek
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.