jemal_seyitniyazowa
22.10.2022 22:11
Gyzjagazyň kakasyndan islegleri.



Kaka! Oýunjakdan öýüme myhman bol. Saňa ellerim bilen nahar bereýin. Iň gowy nahary bişirenime ynanaýyn.
❤🍃
Kaka! Gaharlanaňda gaşlaryňy çytsaň'da gözleriň içi bilen söý.
Gözleriňde özüme umytlar
tapaýyn.
🍃❤
Kaka! Saçlarymy sypala mähriňi duýaýyn dünýäniň iň owadan gyzydygyma ynanaýyn.
❤🍃
Kaka! Şeýlebir mähir ber ertir ulanamda mähir dilenmäýin.

22:10...♡
20
192
jemal_seyitniyazowa
jemal_seyitniyazowa
18.10.2022 18:55
"Oňat adamlar ulananyndan soňam, çagalygyndaky päkliginde galýan, çagalygyndaky asyllylygyny ýitirmeýän adamlardyr..." Haladym. Paýlaşdym.
jemal_seyitniyazowa
12.10.2022 09:09
Ýeke galyp göwnüm bilen,
Söhbet etdim ömrüm bilen,
Bu ýollaryň aýlawyny,
Öwrüm biler, öwrüm biler.
▪︎
Böwre sünji tiken bilen,
Ýaşap "Bir bar eken..." bilen,
Sorag diýip dikeldilen,
Çeken biler, kepen biler.
▪︎
Yşk diýleniň ataşdygny,
Köýdürýänin sataşdygny,
Kimiň içden tutaşdygny,
Ýanan biler, ýakar biler.
▪︎
Ykbalyň bolmasyn zalym,
Tupana duşmasyn salyň,
Sandykda Tahyryň halyn,
Derýa üzre akan biler...
▪︎
Sataşyp jana dözmeze,
Takdyr çykmasyn gözlege,
Duşsa gussaly gözlere,
Ýürek bilen bakan biler.
▪︎
Täsin panynyň gurluşy,
Ýokmaz ite gurt gargyşy,
Okap-okap bu durmuşy,
Kitabyny ýapan biler.
▪︎
Päli garaň ezýeti bar,
Päk niýetliň hezzeti bar,
Ýaşaň, dünýäň lezzeti bar,
Soraň! Bagtyn tapan biler.
▪︎
Gülşirin Hanowa 💙🦋
19
92
jemal_seyitniyazowa
04.10.2022 20:03
Girip bilmän geçip gitdim🍃
Ak mekdebimiň deňinden😥
Ýolda gördüm synpdaşymy🦋
Tanadym ýeňsesinden🙉

Salam diýip bilmän oňa😐
Maşynly geçip gitdim🚗
On bir ýylyň hatyrasy🥀
Ýüregimi dilip gitdi💔

Duýgularymy, setirlere👈🏻
Geçirýärin ýürek bilen❤
Synpdaşlarym ähliňize🙃
Ýüzlenýärin Salam bilen🤗

Jemal Seýitniýazowa...♡
9.09.2022...8:40...♡
22
174
jemal_seyitniyazowa
02.10.2022 10:20
Diýmek, kakasynyň ýanynda onuň gadyry başgady. Ýöne bu gadyr-gymmatyň Allahyň huzurynda hiç hili bitirýän zady ýokdy. Çünki Alla Tagalla her kimiň amalyna görä  sogap berýärdi.

Hezreti Patmaýy-Zöhre🕊
20
102
jemal_seyitniyazowa
jemal_seyitniyazowa
06.09.2022 22:03
Bu daglaň başy ýanar, Köwlenip daşy yanar, Kim ilinden aýrylsa, Ýüregniň başy ýanar. 🥀 Gaýra-gaýra bakar men, Dokma darak kakar men, Şol joramy görmesem, Eräp-eräp akar men. 🥀 Ýaýla barasym gelýär,
jemal_seyitniyazowa
jemal_seyitniyazowa
01.09.2022 21:19
Gyz maşgala önüp ösen öýünden aýrylyp durmuşa çykyp gidýär we enesine bolan söýgüsini ýüreginde göterip gitsede... 💙 Ol ýene-de "Atam" öýüm diýip gelýändir 🦋
jemal_seyitniyazowa
24.08.2022 21:21
Gyzlar gulluga gitse oglanlar garaşarmyka😏
16
431
jemal_seyitniyazowa
13.08.2022 12:56
Yslamyýeti, şeýle bir diri ýaşa.
Seni öldürmäge gelen, sende direlsin.

"Başganyň  sözi"...
18
85
jemal_seyitniyazowa
12.08.2022 11:00
Ýazgyt, kysmat sagy-soly,
Agyr bolar merdiň ýoly,
Ömrüň gaýgysyna golaý,
Salgasym geldi şu mahal.
🦋
Janym gurban dagy-düzne,
Ykbalym bolmasyn üzňe,
Bürgüt bolup asman üzre,
Galgasym geldi şu mahal.
🦋
Ne sowuk ýürekli täleý,
Bir bagt berer, birde däner,
Gatnaýan köçäňe näler,
Ylgasym geldi şu mahal.
🦋
Eheý dünýe, eheý pany,
Bolmazmy seň gussaň sany,
Bir gujaklap ejemjany,
Aglasym geldi şu mahal.
🦋
08.09.2020 ýyl.

Gülşirin Hanowa...🦋

Eneleriň şahyry...💙
18
83