jemal_seyitniyazowa
12.08.2022 11:00
Ýazgyt, kysmat sagy-soly,
Agyr bolar merdiň ýoly,
Ömrüň gaýgysyna golaý,
Salgasym geldi şu mahal.
🦋
Janym gurban dagy-düzne,
Ykbalym bolmasyn üzňe,
Bürgüt bolup asman üzre,
Galgasym geldi şu mahal.
🦋
Ne sowuk ýürekli täleý,
Bir bagt berer, birde däner,
Gatnaýan köçäňe näler,
Ylgasym geldi şu mahal.
🦋
Eheý dünýe, eheý pany,
Bolmazmy seň gussaň sany,
Bir gujaklap ejemjany,
Aglasym geldi şu mahal.
🦋
08.09.2020 ýyl.

Gülşirin Hanowa...🦋

Eneleriň şahyry...💙
18
81
gulshatayewa97
13 Awgust 2022
♤°•°•°Nusga°•°•°♤,ýok Bahar Annaýewa öýdýän ýalňysmasam
Myhman Myhman
13 Awgust 2022
👍🏻👍🏻👍🏻
alisherxon
12 Awgust 2022
Eneler waspçysy... Hanowa söz ýok ...👍👍
jemal_seyitniyazowa
12 Awgust 2022
Gülşat Ataýewa, Züleyha Kakaýewa aýdýamy aýdymyny
gulshatayewa97
12 Awgust 2022
Aýdymam gowy şuň gowy görüp dinleýän
wolf
12 Awgust 2022
👍👍👍👍👍
ylham_1989
12 Awgust 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.