jemal_seyitniyazowa
12.10.2022 09:09
Ýeke galyp göwnüm bilen,
Söhbet etdim ömrüm bilen,
Bu ýollaryň aýlawyny,
Öwrüm biler, öwrüm biler.
▪︎
Böwre sünji tiken bilen,
Ýaşap "Bir bar eken..." bilen,
Sorag diýip dikeldilen,
Çeken biler, kepen biler.
▪︎
Yşk diýleniň ataşdygny,
Köýdürýänin sataşdygny,
Kimiň içden tutaşdygny,
Ýanan biler, ýakar biler.
▪︎
Ykbalyň bolmasyn zalym,
Tupana duşmasyn salyň,
Sandykda Tahyryň halyn,
Derýa üzre akan biler...
▪︎
Sataşyp jana dözmeze,
Takdyr çykmasyn gözlege,
Duşsa gussaly gözlere,
Ýürek bilen bakan biler.
▪︎
Täsin panynyň gurluşy,
Ýokmaz ite gurt gargyşy,
Okap-okap bu durmuşy,
Kitabyny ýapan biler.
▪︎
Päli garaň ezýeti bar,
Päk niýetliň hezzeti bar,
Ýaşaň, dünýäň lezzeti bar,
Soraň! Bagtyn tapan biler.
▪︎
Gülşirin Hanowa 💙🦋
19
91
Ýalta
17 Oktýabr 2022
jemal_seyitniyazowa, anewin nirsinden🤔
melek06
12 Oktýabr 2022
Sorañ! Bagtyn tapan biler.💙

👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
angelinka
12 Oktýabr 2022
Ymn dal
SerdarMyradov
12 Oktýabr 2022
👍like👍
jemal_seyitniyazowa
12 Oktýabr 2022
Okap-okap bu durmuşy,
Kitabyny ýapan biler.
Perishdejik
12 Oktýabr 2022
Pali garan ezyeti bar,
Pak niyetlin hezzeti bar👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.