jady
02.05.2024 16:08
Gyzym!
Seni,
Unudandyr õýtmegin.
Ýanyña gelerin, aýda ýa ýylda.
Asyl, eneñ bilen,ir säher agşam,
Belki,
hasaby ýok, ýatlaýas gûnde.
Sen bolañda, begenipdim ,
Çägi ýok.
Bu barada aýtsam , ýûregim para.
Elbetde,
Ol günler gaýdyp gelenok,
Gaýtaryp getirsem , tapardym çäre.
Ah, gyzym,
Ah, gyzym, nacarym meniñ,
Sypardym, ogşardym seniñ başyñdan....
Şey, diýdi- de, ýûregini agladyp,
Ata turdy , bir mazaryñ başyndan....
Remezan Mämmetgurbanow.
21
46
jady
17.04.2024 10:01
Çaga wagty ulalmaga howlukyas,
Ulularyñ edýän işlerin gõrüp.
Ulaldykca durmuş bize kynlaşýar,
Ýa õzümiz ejizleýäs çet durup.
Aslynda bu durmuş ýazgytda eken,
Kimleñ gõwnün gõrüp, kimleri ýykan.
Mertlik bilen kyn ýollary geçene,
Durmuş õmürlere bal bolup akan.
Adam ogly ejizlese aýypdyr,
Şu sõzleri eşitdim ençeme gezek.
A biz bolsa, ýakyn ýoldan ylgaýas,
Emma bagtly ýollar uzakdan- uzak.
Ýõne şükür Allam janymyz sagat,
Işlerim ugruna, günler şadyýan.
Saglyk bolsa baryn gõrkezer wagt,
Bolmawersin durmuşyndan ýadaýan.
Õwezgeldi Taganow.
32
47
jady
16.04.2024 09:14
Uzak yol ylgarsyñ elbet ýadarsyñ,
Pul yşgynda ýadadyñmy, durduñmy?
Ajal şerbetinden bir gün dadarsyñ,
Bu jahana baky gelen gõrdüñmi?
Sen õzüñe Jennetden ýurt gurduñmy
Hemmämiz bu dünýäde bir ýolagçy,
Galyjy däl çatlap geçen õtegçi
Imanyñ gõwnüñe bolsun õtegçi
Sen pany dünýä gõwün berdiñmi?
Bu dünýäñ mülküne aşyk bolduñmy?
Bagt saýlabermez eken her kimi,
Bagtdan tagtyñy gurgun berkini,
Alla berdi azatlygy, erkiñi
Sen bir näzeniniñ guly bolduñmy?
Haka däl-de , şol ýara ýalbardyñmy?
Pälini bozanyñ haly ýamandyr,
Durmuş ýolun ýamanlyga salandyr,
Şeýtan deýin, her sõzüde ýalandyr,
Giç bolmazdan dogry ýola girdiñmi?
Toba edip, nebsiñi õldûrdiñmi?
Ýaşaýañ kyýamat gelmejek ýaly,
Ajalyñ başyña inmejek ýaly,
Hak kazyýetinde durmajak ýaly,
Bu älem Watanyñmy ýa Ýurduñmy?
Dünýä seniñ baky galjak Ýurduñmy?
Awtor:Õmürdag Tagandurdyýew.(efsane_tm).
26
54