jady
16.04.2024 09:14
Uzak yol ylgarsyñ elbet ýadarsyñ,
Pul yşgynda ýadadyñmy, durduñmy?
Ajal şerbetinden bir gün dadarsyñ,
Bu jahana baky gelen gõrdüñmi?
Sen õzüñe Jennetden ýurt gurduñmy

Hemmämiz bu dünýäde bir ýolagçy,
Galyjy däl çatlap geçen õtegçi
Imanyñ gõwnüñe bolsun õtegçi
Sen pany dünýä gõwün berdiñmi?
Bu dünýäñ mülküne aşyk bolduñmy?

Bagt saýlabermez eken her kimi,
Bagtdan tagtyñy gurgun berkini,
Alla berdi azatlygy, erkiñi
Sen bir näzeniniñ guly bolduñmy?
Haka däl-de , şol ýara ýalbardyñmy?

Pälini bozanyñ haly ýamandyr,
Durmuş ýolun ýamanlyga salandyr,
Şeýtan deýin, her sõzüde ýalandyr,
Giç bolmazdan dogry ýola girdiñmi?
Toba edip, nebsiñi õldûrdiñmi?

Ýaşaýañ kyýamat gelmejek ýaly,
Ajalyñ başyña inmejek ýaly,
Hak kazyýetinde durmajak ýaly,
Bu älem Watanyñmy ýa Ýurduñmy?
Dünýä seniñ baky galjak Ýurduñmy?
Awtor:Õmürdag Tagandurdyýew.(efsane_tm).
26
54
jady
18 Aprel 2024
@apasny_oglan, efsane_ tm postlaryna girip goruñ.Gosgulary bar ekena.
jady
16 Aprel 2024
@apasny_oglan, 😊basgasy yoga.
XL-19
16 Aprel 2024
@jady, men habarym yok ekeni 😐 yenede nahili gosgulary bar paylas goreli 🦥
medik_
16 Aprel 2024
👍
jady
16 Aprel 2024
@apasny_oglan, Ol õñdenem şahyra.😊Bilesigelijide ýazypdy bu goşgyny.
XL-19
16 Aprel 2024
efsane sahyr bolpdurmy 🦥
jady
16 Aprel 2024
😊🤷‍♀️@apasny_oglan,
jady
16 Aprel 2024
@manolya, 🌹👍
XL-19
16 Aprel 2024
aylygy naceka mun 🤔
manolya
16 Aprel 2024
💚
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.