jady
17.04.2024 10:01
Çaga wagty ulalmaga howlukyas,
Ulularyñ edýän işlerin gõrüp.
Ulaldykca durmuş bize kynlaşýar,
Ýa õzümiz ejizleýäs çet durup.

Aslynda bu durmuş ýazgytda eken,
Kimleñ gõwnün gõrüp, kimleri ýykan.
Mertlik bilen kyn ýollary geçene,
Durmuş õmürlere bal bolup akan.

Adam ogly ejizlese aýypdyr,
Şu sõzleri eşitdim ençeme gezek.
A biz bolsa, ýakyn ýoldan ylgaýas,
Emma bagtly ýollar uzakdan- uzak.

Ýõne şükür Allam janymyz sagat,
Işlerim ugruna, günler şadyýan.
Saglyk bolsa baryn gõrkezer wagt,
Bolmawersin durmuşyndan ýadaýan.
Õwezgeldi Taganow.
32
47
jady
17 Aprel 2024
@yekeje9, 🌹👍
yekeje9
17 Aprel 2024
👍
tyllayev_allanur
17 Aprel 2024
❤️👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.