ilova
24.06.2024 05:31
Ýagşylygy ümsüm etseň,
Bilinmeýän dünýedir by,
Agaç ata münüp gitseň,
Gelinmeýân dünýedir bu.

Gadym bende bozsa kada,
Gülkü bolar mähellâde,
Asyl gülünmeli zada,
Gülünmeýân dünýedir bu.

Ýalan söze ýapyp aýyp,
Hakykaty belent goýup,
Seň deregiňe öljek diýip,
Ölünmeýän dünýedir bu.

Sadaka doka beriler,
Şonuň üçin el seriler,
Dile mätäç dilegçiler,
Görünmeýän dünýedir bu.

Kerimhally.
20
34
ilova
20.06.2024 08:49
Adam 120 kilo sevgilisine minik kuşum dedikten sonra anladım ki; aşkın gözü gerçekten kör.

Eskiden çarpışınca kitaplar düşerdi. Şimdi iphone’lar samsung’lar düşecek, aşk falan da olmaz. O kadar para vermişim direkt kafa atarım.

Patronuma “yeni arabanız çok güzel” dedim. “eğer kendine hedefler koyar, çok çalışır ve işini iyi yaparsan öbür sene daha iyisini alabilirim” dedi.

Adama sormuşlar karınızla ortak bi özeliğiniz varmı ? Demiş ki var aynı günde evlendik
15
140
ilova
31.05.2024 23:21
Elwetde gerekli, bar zada höwür,
Käbir ýalňyşlygam göterýär döwür,
Enäniň mährinden ynjaýan oğul,
Nätanyş gyz üçün çekip ýör jebir.

Akylly adamlar derdin dep eder,
Akylsyz adamlar, gury gep eder,
Onuň ganatyna, at dakma goçum,
Ganaty bar bolan, synlar depeden.

Derek ornunda gör, söwüt berseler,
Kiçilik bilmegin, öwüt berseler,
Rysgalyňy Alla ýazan bolsada,
İýmegi başargyn, döwüp berseler,

Adam sen barybir, bölejik etsiň,
Dileğim gowylar, Jennete ýetsin,
Öz basan ýoluňy, geňleme ilde,
Taňňkydy hem, edip bilýänler etsin,
Awtor Jumayewa ogulgurban.
8
31
ilova
30.05.2024 22:50
Ömrüme pent

Şahyr! Şahyrlygyň çyn bolýan bolsa,
Sönüp, ýanyp, ýene sönüp, ýanyp git.
Ynsanlyk ýazgydyň çuň bolýan bolsa,
Gara ýere çümüp,
çykyp,
çümüp git.

Hem akyl ber, hem iliňden akyl al.
Kitapdan däl, gara ýerden nakyl al.
Alan zadyň demiň bilen ýakyp al,
Soň ýene-de ýeriň süýdün emip git.

Dag ýoluna, çöl ýoluna belet bol,
Dag ýolunda – çat açmaýan polat bol.
Çöl ýolunda – tirkeş-tirkeş bulut bol.
Teşne görseň, dodagyna damyp git.

Ýol agyrdyr: müň ýanylar, öçüler.
Bagtly ýollar kynlyk bilen geçiler.
Ýel ygyna şaglap gitse geçiler,
Sen öküz dek ýele garşy yňyp git.

Bagt paýlansa üç baýlygy ilki al:
Ylgap baryp saglyk bilen erki al.
Ýany bilen çuwal-çuwal gülki al,
Soň tapylar, galan zady zyňyp git.

Dost paýlansa «Äber!» diýip gyssanma,
Alaňdan soň – gysgaltma hem gysgalma.
Dileg etse – gözlerňi hem gysganma,
Birin ber-de, biri bilen oňup git.

Ha çaryk geý,
Ha çokaý geý,
Telpek geý –
Parhy ýokdur: geýseň bolar erkek deý.
Ýöne weli şypbyldama çepek deý.
Aýna gonçly ädik ýaly doňup git.

Sorasaň aýdaýyn kyýamat nedir?
Erkekler ownasa – kyýamat şodur.
Her başy telpeklä goýmagyn gadyr.
Bäş telpegi bir gyňaja daňyp git.

Gözelligi sor bagryňa, öýkenňe.
Söýülseň söý, söýulmeseň süýkenme.
Söýgi hem goşgudyr! Kişä öýkünme,
Öz möhrüňi, öz közüňi goýup git.

Ýeňip ýaşa: ahyrda ýeň, başda ýeň,
Tomusda ýeň, ýazda, güýzde, gyşda ýeň.
Söýgiňde ýeň, gaýgyňda ýeň, işde ýeň –
Bir oguldan ýeňilip hem ýeňip git.

Ýeňsin ogul dil bilen däl, iş bilen,
Seňkä görä has ýitiräk huş bilen.
Aýak däl-de, parasatly baş bilen
Ýeňse ogul – gözüň rahat ýumup git.

Gözüň sürtüp merhum enäň alnyna,
Bir aglapdyň. Indi beri aglama:
Öz balaňy eliň bilen jaýlama,
Nobatyňda mele ýere sümüp git.

Dünýä gelmegiň-de nobaty ýagşy,
Ýene ölmegiň-de nobaty ýagşy.
Men diňe bir zatda nobata garşy:
Dost öýünde islän çagyň gonup git.

Başarsaň – köplügiň içine garyş,
Tanyşdan dost tutun, ýatlardan – tanyş.
«Žiguliň» içinden gözleme durmuş,
Köplük bilen awtobusa münüp git.

Köpelsin öýüňde ýürekdeş myhman –
Ýary işçi bolsun, ýarysy daýhan.
Elbetde, alymam, şahyram hökman.
Üýşüp, çaşyp, çar tarapa eňip git.

Şeýle dostlar bilen gezseň birsellem –
Ýetersiň iň uly matlaba çenlem.
Gadamyň giňden ur! Entekler ellem
Hol öňde-le... Ýaş hakynda dymyp git.

Haly wagtyň meňzemegin kilime,
Diri wagtyň gyssanmagyn ölüme.
Öçen wagtyň öýkünmegin çilime –
Içi közli ojar ýaly sönüp git.

Ýene bir söz (magtanmak däl, öwüt däl):
Mazaryma daş oturtmak sargyt däl.
Mele ýeriň astynda-da daş gyt däl,
Bakylyk şol:
Şol daşlara siňip git.

KERIM GURBANNEPESOW
16
14
ilova
30.05.2024 10:26
Bu testi geçmegiň usuly: testde size dürli reňkler hödürlener. Siz reňkleri göwnüňize ýaraýşyna görä yzygiderlikde ýerleşdirmeli. Emma reňk saýlan wagtyňyz saýlan reňkiňiz hiç bir zat (ulagyňyzyň, eşigiňiziň, halaýan fudbol toparyňyzyň reňki we ş.m…) bilen baglanyşykly bolmaly däl.Şunuň ýaly testler adamyň pisihikasynyň ýagdaýyny, stressli ýagdaýlara durnuklylygyny barlamaga, onuň halaýan zatlaryny, kommunikatiw ukyplaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär.Reňkleriň ýerleşişi Lýuşeriň testine has ýakyn gelse, bu psihikaňyzyň durnuklylygynyň alamatydyr.

Şeýlelikde, saýlan reňkleriňiziň yzygiderliligi şu 4 reňkden başlanýan bolsa, onda siziň psihiki ýagdaýyňyz durnukly:

🟪Sary reňk.

Şadyýan we açyk göwünli häsiýeti alamatlandyrýar. Bu reňkiň ilki saýlanmagy adamyň häsiýetiniň işjeň we pozitiwdigini aňladýar. Lýuşeriň

testinde bu reňkiň soňky saýlanmagy adamyň köpçülikden üzňe, garasöýmez we ýekemezekdigini görkezýär.

🟪Gök reňk.

Gök reňki birinji we ikinji orunlarda goýan adamlar hemişe durnukly, arkaýyn häsiýetli durmuşlaryndan razy, konserwatiw adamlardyr. Gök reňki inkär etmek, ondan ýüz öwürmek we ony soňky orunlara goýmak bir zady alada edýändigiňiziň we bimazadygyňyzyň alamatydyr.

🟪Gyzyl reňk.

Gyzyl reňki saýlanlaryň dürli derejede agressiw häsiýeti bardyr. Olar özlerinden we özüni gurşaýan adamlardan talapkärdirler. Gaýratly häsiýete eýedirler. Eger gyzyl reňk sanawyňyzda yzky orunlary eýeleýän bolsa, diýmek, adam işjeň däldir we insiatiwasyzdyr.Ýaşyl reňk.
Ýaşyl reňki saýlan adamlar keçjal, emma özüne ynamly, tutanýerli we erjeldir. Bu reňki inkär etmek passiw, jogapkärsiz häsiýetiňiziň bardygynyň alamatydyr.

Indiki dört reňk psihologiýasy sagdyn adamyň sanawynda soňky orunlary tutmalydyr.

🟪Goňur reňk.

Bu reňki saýlamak göwnüňizde aýdylman galan kinaniň, garşylygyň, nägileligiň bardygynyň alamatydyr. Beýle adamlaryň adatça häsiýeti agyrdyr. Jemgyýetden üzňe häsiýeti bardyr.

🟪Gara reňk.

Depressiýanyň, gorkynyň bardygynyň alamatydyr.

🟪Benewşe reňk.

Geň we özboluşly häsiýetiň alamaty. Bu reňki saýlanlaryň pikirlenişi käbir psihologik üýtgeşmä sezewar bolan.

🟪Çal renk.

Bu reňk birinji hatarda goýlan bolsa, diýmek, adam ähli syry açmaga taýyn däl. Ol açykgöwünli däldir. Beýle adamlar özlerini daş-töwerekdäki adamlar bilen gatnaşykdan üzňe saklaýarlar.

Gülälek Söýeşowa
16
215
ilova
29.05.2024 20:19
"Ejem ýok ahyr "

Yrandy ýykyldy dünýäm.
Berilen synagy agyr,
Bir garap halymy bilýän.
Jahanda ejem ýok ahyr

Yza ornady kükrege.
Aýan däl derdim köplere.
Uzak dur diýjek dertlere.
Dünýäde ejem ýok ahyr

Mundan beter nirä itjek.
Göz ýaş ýaňakda ýitjek.
Gyzym diýip başym öpjek.
Törümde ejem ýok ahyr

Indi hemme ýetim saý:ýara.
Halym ýok gaýma gaýara.
Agä bol diýip aýara.
Jahanda ejem ýok ahyr

Gözden derdimi duýara
Ýolagçy bolsam bir ýere
Sag gidip gelgin diýere
Dulumda ejem ýok ahyr

Guş bolsam asmana uçjak.
Ba:dym bilen ýere gaçjak
Gelemde gapyny açjak
Öýümde ejem ýok ahyr.

Awtory:AzatNazarow.
14
29
ilova
29.05.2024 11:54
Söýenimden soň

Goja zemin has giňäpdi durkundan
Aýam gözelleşdi öňki görkünden
Sarç duýgulam ejizledi gör kimden
Saňa boýun boldym söýenimden soň

Kalbyma çöküpdir gussaly daşlar
Hasratam diwaryn galdyryp başlar
Göwnüme Sensizlik ýürekde gyşlar
Tümmek guma çenli söýenimden soň

Käteler azaşyp pikirde pynhan
Aklymam gidäýýär ejizdä ynsan
Söýgi bar ýerinde gutarmaz nogsan
Bar zada kaýyldym söýenimden soň

Dert bolar öýtmedim söýlip söýmesi
Öň kalba çümmänsoň yşgyň naýzasy
Boldum ençeleriň Zehin daýzasy
Gojaltdym özümü söýenimden soň

Jylawladym gamçyladym kän päli
Bolşumdan üýtgedim däli men, däli
Gyza gelişmejek mätäçlik ýaly
Söýülmek isledim söýenimden soň

Zehin Çaryýewa
15
35
ilova
27.05.2024 21:02
Türkmenistanly zehinli gyzjagaz Liwanur Berdiýewa Russiýanyň «Rossiýa 1» teleýaýlymynda ýaýlyma berilýän «Удивительные люди» («Täsin adamlar») atly gepleşige gatnaşyp, özboluşly ukyplary bilen bäsleşigiň eminlerini haýran galdyrdy.

Bäsleşigi alyp baryjy Liwanury eminler bilen tanyşdyrandan soň ony «sanlaryň diliniň lingiwisti» diýip atlandyrdy. Liwanur bäsleşigiň dowamynda özüne bu bahanyň ýöne ýerden berilmändigini subut etdi.Bäsleşikde Liwanura iki sany çylşyrymly şert berildi.

Birinji şertde, Liwanur 50 sekundyň dowamynda ekranda peýda bolan iki belgili sanyň 100 sanysy goşup hasaplamaly boldy. Ýagny her sekuntda iki belgili sanyň iki sanysy görkezilýär. Şunda Liwanur jemi dogry hasaplap bildi (5496).



Ikinji şertde gyzjagaz ekrandan geçýän bir belgili sanyň 200 sanysyny hasaplamaly we arasyndan gelýän harplary ýatda saklamaly boldy. Bu şertde sekuntda üç belgi tizlik bilen görkezildi. Gyzjagaz sanlary hasaplady we harplar okap berdi. Harplar parasatly sözlemi emele getirdi. Netijede, adatdan daşary zehinli gyz bu synagdanam üstünlik bilen geçdi.

Zehinli gyz ýene-de takyk hasaplady. Hasap 1051-e deň boldy. Şol sanda ol harplaryň arasyndaky «Математика - это музыка разума» («Matematika ― aňyň sazy») diýen sözlemi okap bildi. Bu sözler Jeýms J.Silwestere degişlidir.Eminler toparynyň agzasy Aleksandr Puşnoý ikinji şert taýýarlanylanda, meseläniň has çylşyrymly bolndygyny aýtdy. Çünki eminler Liwanuryň ýokary tizlikde sanlary hasaplap, harplary ýerli-ýerinde goýup biljekdigine şübhelendiler, emma Liwanur käbir ýagdaýda kompýuterden hem çalt hasaplandygyny bellediler.

Eminleriň hemmesi türkmenistanly gatnaşyjynyň ukyplaryna ünsi çekdiler. Liwanur diňe bir bu meşhur şüweleňe gatnaşmak bilen çäklenmän, özüniň, sözüň doly manysynda täsin ukybynyň bardygyny hem subut etdi. Zalda oturan ejesi bolsa gözýaşlaryny saklap bilmedi.



Ýeri gelende aýtsak, Liwanur anzan neýro arifmetika ugry boyunça Türkmenistanyň hasaba alynan ilkinji milli rekordynyň eýesi. Oňa Halkara Memoriad bütündünýä zehin sportlary federasiýasy tarapyndan tassyklaýjy güwänama hem berildi. Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysynyň adamzat beýnisiniň işjeňliginiň mümkinçiliklerini synagdan geçirýän gepleşige ilkinji türkmenistanly bolup gatnaşmagy guwandyryjy ýagdaýdyr.Türkmenistanyň ilkinji milli rekordyna eýe bolan okuwçy gyzy «Kämil bilim» okuw merkeziniň anzan neýro arifmetika (Neuro Arithmetic) dersiniň mugallymy, bu dersiň Türkmenistan boyunça utgaşdyryjysy Döwletmyrat Durdymämmedow taýýarlady.
17
128
ilova
26.05.2024 17:46
(Durmuş hakykatlaryndan.)

Goñşularnyñ öýüne gelin bolan Gülöwser yaş çatynja wagty juda kyn günleri başdan geçiripdi. Onuň ýanýoldaşy biraz dereksizräk bolup, Gülöwseri hor-har günde saklapdy. Gülöwser häli-şindi ejelerne aglap, gelýärdi. Naýynjar halda \" Eje! Iýmäge çöregimiz ýok, kir ýuwmaga sodam ýok, içeri syryp-süpürmäge sübsämem ýok...\" diýip, aglamyşlar ýörerdi. Ejesi görgüli güýjüniň ýetdiginden gyzyna kömek edýärdi. Ýöne ýeke gezegem gyzyny ýanýoldaşyndan aýyrmagyň pikirini edenokdy. Hemişe gyzyna göwünlik berip gezerdi. Sabyrly hem şükürli bolmagy maslahat berip ýörerdi.
Ine-de aýlar geçdi, ýyllar geçdi. Enäniň yhlasy ýerine düşdi. Gülöwserleriň ojagyna Alla gülüp bakdy. Ýanýoldaşy dogry ýola gönelip, düzelmegiň ugruna girişdi. Hojalygyna üns berip başlady. Olaryň rysgaly oýanyp, özbaşdak jaýa göçdüler. Allanyň rehneti bilen, Gülöwser gyzyl söwdasyna girişdi. Onuň işi ugruna bolup, ökde gyzylçy söwdagär bolup oturyberdi. Onuň iki ogly, birem gyzjagazy bar. Alla olary nazarlardan gorasyn. Tüweleme. Oguljyklary orta mekdebi tamamlap, ýokary okuwa ýerleşdirdiler. Gülöwseriň bu bagtyna begenjimiň çägi ýok. Ýöne men bir zada haýran galýaryn. Gülöwserin garamaýak günde ýaşap yörenem ýap-ýaňy ýalydy. Onuň birzada hiç hili akyly çatmaýar. Ýagny Allatagala ynsanlara baýlygam, garyplygam synag üçin berýändigine . Gülöwseriň adamkärçiligi düýbünden üýtgäp oturyberdi. Ol beýigräkler bilen özüni gadyrly alyp baryp, pesräk ýaşaýanlar bilen iwaly gürleşesem gelenok ahyryn. Bu häsiýetine özüm diri şaýat bolup ýörün. Bir gün Gülöwseriň atasy öýi tarapda uly toý tutuldy. Şol toýda oňa meniň sy:nym oturdy. Toýa gelen märekä toý paý paýlananda, saýlap, seçip, ba:rly adamlara gowja sowgatlar paýlady. Pesiräk günde ýaşaýanlara bolsa ýönekeýje zatlar paýlap, özüniň adamlara bolan garaýşynyň nähilidigini mälim etdi.Bir günem Gülöwsere daýysynyň gyzy jaň etdi:
Ol jaňy aldy :
- Alo?
- Alo! Gülöwser gowmy ýagdaýlaryň?
- Gowy. Kim sen tanamadym?
-Men Gülkamar.
-Kim Gülkamar?
- Men seniň daýyň gyzy Gülkamar!
- Aýdyber Gülkamar keýpinemi?
- Sizden nika ýüzügiň bahasyny sorap, biläýjekdim?
-Aý menä bilemok. Bazara baryp bahalat-da göräý.
- Bor onda sag bol!-
diýip, daýysynyň gyzy Gülkamar telefony öçürdi. Bokurdagy dolup, gözüne ýaş ýaş aýlandy. Içinden öz-özüne sorag berdi. Gyzyl satyp ýörkä bahasyny bilmezmi heý? Men onuň bilmeýän zadynyny soramadym ahyryn. Ýa men ondan çörek ýa pul soramadym. Ýöneje satlyk zadynyň bahasyny soradym. Näme üçin äsgermezlik bilen jogap berdi? Gülöwseriň bu bolşy birnäçe günläp, Gülkamaryň içinden çykmady. Gülöwser Gülkamarda birnäçe yakymsyz duygularyň döremegine sebäp boldy. Netijede, Gülöwserin hondanbärsilik häsiýeti Gülkamaryň ýüreginde bitmejek tyg galdyrdy. Men durmuşda şular ýaly adamlary görenimde olaryn ýüzüne bakyp şeýle setirleri aýdasym gelýär:

Aýdypdyr köneler baýlyk hakynda
" Baýlyk el kiridir ýuwulsa gider!"
Bu jümläni doga edip dakyn-da,
Ulumsy häsiýetden boluň elheder!

Allanyň synagy düşendir başa
Eý dogan! Sen munda seresap ýaşa!
Beýik güne özüň ýetýänsiň öýdüp,
Döşüňi gaýşardyp, öwünme aşa!

Hany bir wagtky mätäç günleriň?
Gürläňde şony hem yatlap gürlegin
Ba:ý garyba şol bir durkuňy sakla!
Ýada salyp, Allaň hemmä birligin.
22
103
ilova
24.05.2024 14:29
1 nji bolum

Bir kiçiräjik owada, Ýadigär atly oğlan ýaşaýardy onuň ejesi, kakasy ýok mamasy bilen, Bawasy bardy, ol öýüniň işlerine ýagny mal ekinçilik owaň işlerine bir özü ýetişerdi kiçiräk mahallary mamasy çörek ýapsa, dürtüp bererdi, Ýadygär, ýigirmi iki ýaşady. Ol owasyndan Sülgün atly gyzy gowy görýädi oň bilen duşuşýardy, emma iň geň ýeri ony hiçkim bilenokdy, bir günü Ýadygär Sülgüniň mal örkläp ýören ýerine bardy, örü meýdan gömgök otlara gaplanandy, depelikdâki ýekeje agajyň aşagynda bolsa owaň söýüşýän oğlan gyzlary görüşýärdi, Ýadygär gaşlary galyň kirpikleri gür gapgara gözlü orta boýly hordan gelen ýüzlü, gara saçly ýigitdi, Sülgün bolsa inçe gaşly uly gözlü akja, gaty ýuwaşja utanjaň gyzdy, Ýadygär gölesini kakyp oturan Sülgüniň arkasyndan bardyda Salam diýip gulagyna gürledi Sülgün içini çekip daş töweregine garanjaklady, Ýadygär ýylgyryp hiç kim ýok anykladym ýaňy diýdi, Sülgün ýylgyryp aşak bakdy, Ýadygär bilen Sülgün gürleşip durkalar aňyrdan Sülgüniň ejesi göründü, Ýadygär ony görüp aljyrap Sülgünüň çaltjak, malynyň birini boşadyp eline aldyda gygyran boldy, ejesini gören Sülgün aşak bakyp duryberdi Ýadygär gaşlaryny çytyp gygyryp dur, onýança ejesi gelip, heyt oğlan, nämâ gygyrýaň meň gyzyma , Ýadygär" alyň malyňyzy pagta atyzmyza geçipdir boşap, gowjalap kakmalyda diýen boldy, ejesi gürläp bilmän, malyna alyp körekden doýan bolsaň saňa otam berjek däl dur güne kakylda diýip, malyna garganyp otsuz ýerä batly urup kakyp dur, Sülgün assa ýuwaşdan yzyna garap gidip barýan Ýadygäre ogryn seretdi Ýadygär, gözüni gypyp ýylgyryp ol ýerden gidip galdy, Sülgüniň ejesi Bagtygül gykylykçy gepe gidegen aýaldy, adamsy bolsa çenden aşa ynanjaňdy onuň ady Aman dy Sülgüniň oğlan jigleri ve agasy bardy, agasynyň ady Mälikdi. Bir günü olaryň owasynda toý boldy, gyzlar bilen geçip barýan Sülgün Ýadygäriň ýanyndaky oglanlaryň deňine ýakynladylar, oglanlaryň arasynda Seýran atly oğlan Ýadygäre şu Aman agaň gyzy gaty owadan diýdi Ýadygär hm menâ Sonany owadan diýip hasaplaýan seret ýörüşüne diýen boldy Seýran aý gaty horlaý özem sarpişik ondana Geýik owadan gara bolsada diýdi oğlanlaň içinde Serdar atly oğlan gara diýen gepine kahkahlap güldü deňinden geçip barýan gyzlar birme bir yzyna seredip towa kellesinde iş bar öýtýân diýişdiler Sülgün Ýadygäre ogryn seretdi Ýadygär gözlerini güldürüp bolgusyz gülen dosdunuň omzuna kakyp bildirmân Sülgüne seredýärdi mundan oğlanlar bihabardy. Ertesi günü ýenede Sülgün mallaryny tokmagy bilen kakyp eşeğini hem kakdy yzyna öwrülse Ýadygär dur Sülgün" Ýadygär gaty gorkuzýaň meni diýdi, Ýadygär" şeýlemi diýip eline seredip utanyp duran Sülgünüň maňlaýyna maňlaýy bilen çalaja süsüp goýberdi Sülgün wâk diýip maňalaýyny üç barmagy bilen sypalap Ýadygäre seretdi Ýadygär " gülüp agajyň saýasynda oturup gelsene diýdi Sülgün ýuwwaşjadan ýörâp baryp durdy Ýadygär elini uzadyp gel otyr diýdi Sülgün elini bermân ýok näme aýtjak diýip aşak bakyp dur, Ýadygär ýaňy söze başlapdam weli aňyrdan Sülgüniň kakasy göründü, Ýadygär ýerinden turup ana gerek bolsa diýip ýylgynlaryň arasyna özünü atyp gaçyp barýar gyz kakasyny görüp gorkunjyna olam yzyndan ylgady, Ýadygâr baryp atyny münen wagty yzyndan Sülgünüň gelýänini görüp sen nâme üçün gaýtdyň diýse Sülgün näme diýjegini bilmän haşgyp dur Ýadygär atyny batly çapdyryp atdan bilgeşleýin özünü zyňdy, At çapyp gaçyp gitdi. Ýadygär ýatan ýerinde bilgeşleýin omzuny çykardy Sülgün cyndanam ýykylyp galyp özüni bilmän ýatandyr öýdüp kakasyna gygyrdy, Sülgün" kakaaa goňşymyzy at ýykypdyr ýatyr bârik geliň diýip sesleri sandyraýardy, Kakasy bâri ylgap geçse gara dere batan oğlan eli gyşaryp durdy ýatan ýerinde iki ýana togolanjak bolýady, Sülgünem bärden ylgap baryp seretdi Ýadygär zordan demini alýady ol Sülgüne seredip şondada çalaja ýygyrýardy Sülgünin aňy gidip gözleriniň ýaşyny duruzup bilenok kakasy Sülgüniň ýüzüne seretmân bar ylga çagyr birini diýip gyzyna gygyrdy.
15
107