(Durmuş hakykatlaryndan.)
Goñşularnyñ öýüne gelin bolan Gülöwser yaş çatynja wagty juda kyn günleri başdan geçiripdi. Onuň ýanýoldaşy biraz dereksizräk bolup, Gülöwseri hor-har günde saklapdy. Gülöwser häli-şindi ejelerne aglap, gelýärdi. Naýynjar halda \" Eje! Iýmäge çöregimiz ýok, kir ýuwmaga sodam ýok, içeri syryp-süpürmäge sübsämem ýok...\" diýip, aglamyşlar ýörerdi. Ejesi görgüli güýjüniň ýetdiginden gyzyna kömek edýärdi. Ýöne ýeke gezegem gyzyny ýanýoldaşyndan aýyrmagyň pikirini edenokdy. Hemişe gyzyna göwünlik berip gezerdi. Sabyrly hem şükürli bolmagy maslahat berip ýörerdi.
Ine-de aýlar geçdi, ýyllar geçdi. Enäniň yhlasy ýerine düşdi. Gülöwserleriň ojagyna Alla gülüp bakdy. Ýanýoldaşy dogry ýola gönelip, düzelmegiň ugruna girişdi. Hojalygyna üns berip başlady. Olaryň rysgaly oýanyp, özbaşdak jaýa göçdüler. Allanyň rehneti bilen, Gülöwser gyzyl söwdasyna girişdi. Onuň işi ugruna bolup, ökde gyzylçy söwdagär bolup oturyberdi. Onuň iki ogly, birem gyzjagazy bar. Alla olary nazarlardan gorasyn. Tüweleme. Oguljyklary orta mekdebi tamamlap, ýokary okuwa ýerleşdirdiler. Gülöwseriň bu bagtyna begenjimiň çägi ýok. Ýöne men bir zada haýran galýaryn. Gülöwserin garamaýak günde ýaşap yörenem ýap-ýaňy ýalydy. Onuň birzada hiç hili akyly çatmaýar. Ýagny Allatagala ynsanlara baýlygam, garyplygam synag üçin berýändigine . Gülöwseriň adamkärçiligi düýbünden üýtgäp oturyberdi. Ol beýigräkler bilen özüni gadyrly alyp baryp, pesräk ýaşaýanlar bilen iwaly gürleşesem gelenok ahyryn. Bu häsiýetine özüm diri şaýat bolup ýörün. Bir gün Gülöwseriň atasy öýi tarapda uly toý tutuldy. Şol toýda oňa meniň sy:nym oturdy. Toýa gelen märekä toý paý paýlananda, saýlap, seçip, ba:rly adamlara gowja sowgatlar paýlady. Pesiräk günde ýaşaýanlara bolsa ýönekeýje zatlar paýlap, özüniň adamlara bolan garaýşynyň nähilidigini mälim etdi.Bir günem Gülöwsere daýysynyň gyzy jaň etdi:
Ol jaňy aldy :
- Alo?
- Alo! Gülöwser gowmy ýagdaýlaryň?
- Gowy. Kim sen tanamadym?
-Men Gülkamar.
-Kim Gülkamar?
- Men seniň daýyň gyzy Gülkamar!
- Aýdyber Gülkamar keýpinemi?
- Sizden nika ýüzügiň bahasyny sorap, biläýjekdim?
-Aý menä bilemok. Bazara baryp bahalat-da göräý.
- Bor onda sag bol!-
diýip, daýysynyň gyzy Gülkamar telefony öçürdi. Bokurdagy dolup, gözüne ýaş ýaş aýlandy. Içinden öz-özüne sorag berdi. Gyzyl satyp ýörkä bahasyny bilmezmi heý? Men onuň bilmeýän zadynyny soramadym ahyryn. Ýa men ondan çörek ýa pul soramadym. Ýöneje satlyk zadynyň bahasyny soradym. Näme üçin äsgermezlik bilen jogap berdi? Gülöwseriň bu bolşy birnäçe günläp, Gülkamaryň içinden çykmady. Gülöwser Gülkamarda birnäçe yakymsyz duygularyň döremegine sebäp boldy. Netijede, Gülöwserin hondanbärsilik häsiýeti Gülkamaryň ýüreginde bitmejek tyg galdyrdy. Men durmuşda şular ýaly adamlary görenimde olaryn ýüzüne bakyp şeýle setirleri aýdasym gelýär:
Aýdypdyr köneler baýlyk hakynda
" Baýlyk el kiridir ýuwulsa gider!"
Bu jümläni doga edip dakyn-da,
Ulumsy häsiýetden boluň elheder!
Allanyň synagy düşendir başa
Eý dogan! Sen munda seresap ýaşa!
Beýik güne özüň ýetýänsiň öýdüp,
Döşüňi gaýşardyp, öwünme aşa!
Hany bir wagtky mätäç günleriň?
Gürläňde şony hem yatlap gürlegin
Ba:ý garyba şol bir durkuňy sakla!
Ýada salyp, Allaň hemmä birligin.