Söýenimden soň
Goja zemin has giňäpdi durkundan
Aýam gözelleşdi öňki görkünden
Sarç duýgulam ejizledi gör kimden
Saňa boýun boldym söýenimden soň
Kalbyma çöküpdir gussaly daşlar
Hasratam diwaryn galdyryp başlar
Göwnüme Sensizlik ýürekde gyşlar
Tümmek guma çenli söýenimden soň
Käteler azaşyp pikirde pynhan
Aklymam gidäýýär ejizdä ynsan
Söýgi bar ýerinde gutarmaz nogsan
Bar zada kaýyldym söýenimden soň
Dert bolar öýtmedim söýlip söýmesi
Öň kalba çümmänsoň yşgyň naýzasy
Boldum ençeleriň Zehin daýzasy
Gojaltdym özümü söýenimden soň
Jylawladym gamçyladym kän päli
Bolşumdan üýtgedim däli men, däli
Gyza gelişmejek mätäçlik ýaly
Söýülmek isledim söýenimden soň
Zehin Çaryýewa