ilhano_va
26.06.2024 01:55
Ýalñyz goýsa, ýaryñ ýedi ýat bolup,
Sowaýarmy içiñ, serpeñde şerap?
Hasratyñ paýlaşýañ ýanyma gelip,
Hamala, Kaýysdan hallaryñ harap.
Ömrüne şatlygy, söýgüni, bagty,
Gelende şol gözel getiren ýaly.
Çolarypdyr daşy aýralyk wagty,
Barja umydynam ýitiren ýaly.
Aýralyk,
Men ony tanaýan öñem,
Eziz Wälidämden edipdi jyda.
Jigilem soraýar:" Atamdyr, enem
nirde?.. Biz olary küýseýäs juda!"
Üç sany doganmyñ başynda hossar,
Aladasyn edýän çyrpynyp herýan.
Şowlulygam özün asmandan asýar,
Şir bolup, başymy dik tutup barýan.
Pelek ýykylaýsañ ýeñsäñden deper,
Söýere wagtam ýok, güzeran işden.
Kakasynyñ pulna şa bolsa köpler,
Jigimiñ ýylgyrşyn görýärin düýşde.
Yşk derdi öldürmez, heder edere,
Başyñ daşdan gaty, gelersiñ üstün.
Göreşsiz-sahnany taşlap gidere,
Durmuş saña çeper film däl, dostump
Süleyman Tekäyev
17
101
ilhano_va
25.06.2024 13:33
Sensiz daşym gysýar, içim hakynda,
Aýdybam durjak däl, niçik bolýanyn,
Duýgularym üşäp, buz ýaly doñýar,
Hawa şol ýaly,
Hat-da ähli barlyk üstüme gelip,
Dykjak ýaly meni ýeriñ teýine,
Hasrat, kine, gussa, gaýgy barysy,
Öýke guýup başlaýalar küýüme,
Töweregmi duman gurşaýar şohal,
Käbir zatlar ýüregimi pyçaklap,
Çagba guýýar ýaralarmyñ üstüne,
Senli ýatlamalañ için gyjyklap,
Arzuwlarmyñ ählijesin üýşürip,
Jygyllykda mugt satýar hyýallam,
Umydymy ýene gyra süýşürip,
Oýandym...
Baýram Bejidov
20
86
ilhano_va
24.06.2024 11:42
Ýazgydymy ýakyp, külün sowuryp,
Ýanyňa bararyn bir gün...
Sypatymy küýsän keşbiňe öwürip,
Ýanyňa bararyn bir gün...
Bozuk öýde abat gapyny açyp,
Mähriň siňen arak-şerapdan içip,
Mahluksypat ynsanlygymdan gaçyp,
Ýanyňa bararyn bir gün...
Aňşyrmaryn Arş nirde, Kürs nirde,
Ýüregmi agyrdýan duýgudan irdim.
Diýseňem: «Gyssanma, gowşara irdir».
Ýanyňa bararyn bir gün...
Utanarsyň didarymy gördügiň,
Saňa suwsap, teşne bolup ýördügim,
Gören düýşlerimi ýagşa ýorduryp,
Ýanyňa bararyn bir gün...
Gysganarsyň, gizläp nuruň, dideleň,
Ýüregim ýigrençde, kalbym kinede.
Meni ýalňyş ýazgydymdan ideme,
Ýanyňa bararyn bir gün...
Günälerim gülberimde haşlaýyp,
Ruhumy boşadyp, sowap başlaýyp,
Ahyrynda gargyş bilen da:şlanyp,
Ýanyňa bararyn bir gün...
Gurbanmyrat Saryyev
16
80
ilhano_va
23.06.2024 13:09
Men seni karzyna söýdüm,
Gitdiñ, köýmedimem sensiz,
Asla dolanmaryn öýdüp,
Kalbymda bir zady kemsiz,
Kemdiñ.
Bir-birege öwrenişip,
Söýgümikä öýdüpdiris,
Yşgyñ ýolunada ýetmän,
Gaty bärden gaýdypdyrys.
Giden günüñ:
Daşarda ýagyş çisñedi,
Ýüregmi ýelpedi tupan,
Gussa beýnimi çişledi,
Pikirlerem akan-dökän,
Sen geldiñ aklyma diñe,
Ýa-da çyn söýgi şolmykan?.
Indi:
Günler adaty geçip dur,
Güneşem, Aýam ýerinde,
Gökde bulutlar göçüp ýör,
Çünki senem ýok serimde.
Senem mensiz oñýan bolsañ,
Zyñman ujypsyz kinäñi,
Menem sensiz oñýan bolsam,
Bu duýga ,,söýgi" diýmäli...
Bu ýollaryñ soñy geler,
Soramaz gitjegiñ, däliñ,
Ýok söýmäýin, soñy ýene,
Birözümi äkiderler,
Ýa-da seniñ birözüñi,
Soñ neýlärin?.
Baýram Bejidov
19
100
ilhano_va
22.06.2024 20:07
Gözleň bulut deý buglanar,
Buz bolar ýüregiň we soň,
Ajy geplerden duzlanar,
Geň görer adamlar gülseň.
Dymar dünýe, damagyňa
Agyr halyny sygdyrar.
Basyp inçe damaryňa,
Peltäňe gülki damdyrar.
Bokurdagyň bogular hem
Iner gözleriňe ünji.
Özüň sabyrly duý, şol dem
Ýeňersiň dymyp ökünji.
Kyndyr umytly ýaşamak,
Günleriň sudury öçer,
Aglama, dolsa-da damak,
Gözýaşyň gymmaty gaçar.
Gülnar Geldimyradovna
12
51
ilhano_va
22.06.2024 13:40
Men "Sen" diýip, Ýerden üzdüm aýagmy,
Gör, "Sen" diýip, telwas etdim göge men.
Geldim, bir bilbilem, şeýdaýy göwnüm,
Gül küýsedi Aý üstünde gögeren.
Söz ýok!
Sözlüge sygmadym indi!
Bak, baryny aýan eder didelem.
Ahyrsoňy şa gyzyny aparýan
Gadym ertekileň garyp ýigdi men.
Men gedaý göwnüňe wysal dälmidim,
Hanlaryň tamasyn tala daňmyşam.
Bitaýam, binesip bolup gämiden,
Nuhuň tupanyndan aman galmyşam.
Bir jyndym,
Çüýşäni etdiň kül-owram,
Maňa Hakdan berlen paýymmydyň sen?!
Diýdiň:
- Sen şolmudyň?!
Atdym başymy.
Owaldan baryna taýynmydyň sen?!..
Merdan Baýat
16
81
ilhano_va
21.06.2024 11:26
Boýun egdim,
Gije ebşitläp tutdy ýakamdan,
Girdaba itekleýär garaňkylyk arkamdan.
Gysýar, berenok dem,
Ýaňakdan syrygýar nem.
Indi, kükregme urup aýtmaga ýok mejal, ýok sesim,
Gelýär pyşyrdap gürleşesim.
Ýöne dymýan,
Gözümi ýumýan.
Dymmak − ýalan sözlemek, tüýs wagtyka diýmegiň.
Sözler birin-birin sönýär ýadymdan,
“Ýalňyz galdym” diýmäge biri bolsa ýanymda.
Musa Ýusup
21
59