ilhano_va
23.06.2024 20:25
Umydym sönmäkä,
Dyza çöküp üfleýän,
Körär ýaly közüne.
Käte, bir umudy göterip ýörmek,
Agyr düşýär ýek özüme.

Torç bolan ynamymy,
Sarç göwnüme geňeşýän:
Bir gün deregine,
Ýapylan gapylaň,
Egniňe serpaý ýapylar.

Şeýdip nesýe alýan,
Bir döwüm şatlygy,
Geljekki gowy günleriň hasabyna ýazdyryp.
Goşgy ýazýan!

Musa Ýusup
13
61
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.