ilhano_va
27.12.2023 14:13
Bu dünýäden ýagşy adam ötende –
Gyýylýaryn bir ýyldyzyň ýitenne.
Ýitýär ýaş ýyldyzlar, garry ýyldyzlar.
Iň gerek ýyldyzlar,
Saýry ýyldyzlar.

Tirkeşip, tirkeşip, ýitýärler olar.
Arzuwlary bilen ötýärler olar.
Biz diriler bolsa hasrata çümüp,
Olaryň jesedin gaýdýarys gömüp.
Şo mahal
diňe bir jeset gömulmän.
Tonnalap, tonnalap arzuw gömülýär.

Bu gün gyýylýaryn
Ýene bir zada:
Olar bilen dem alyp bir dünýade,
Görsem-de jahanyň gündiz-gijesin,
Içsem-de durmuşyň ajy-süýjüsin,
Ýüregimde ýatan söýgimiň baryn
Olara dirikä gowşurmandyryn.
Olar çuň söýgimi bilmän gidipdir.
Iň uly algysyn alman gidipdir.

Ýatyr ýüregimde ummasyz söýgi,
Ony ýyl geçdikçe götermek görgi.
Sebäbi meňki däl, başgaňky olar.
Gowuşmaly kalba, gowuşmandyrlar.
Gerşimde birgiden
Amanat ýük bar.
Men – ölä bergidar,
Howply günäkär.

Kerim Gurbannepesow
28
27
ilhano_va
27.12.2023 00:55
Ýazýarlar: aý aýlanar, ýyllar dolanar.
Ölerin, owazym ýaňlanar doly.
(Hamala, bir zatlar ýazyp geçeniň
ýazany zamana galaýjak ýaly),

Ýazýarlar: düşeňzok şygyrlaryma,
Ýüz ýyl geçsin. Hany soňam göräli!
(Hamala, ýüz ýyldan soňky adamlar
öňkülerden akmak bolaýjak ýaly).

Ýazýarlar: şygyrlam — beýik perzentlem
Ölsem-de, uzaldar bu gysga ýoly.
(Hamala, wagt şygry duza gapgaryp,
Soň olary beýik edäýjek ýaly).

Näme ýazmaýarlar!
Hudaý saklasyn!
Bir goşga üç sany giň beýannama.
Ölmejek goşguly «Ertirki şahyr»,
A bu gün näme?

Gurbannazar Ezizow
27
48
ilhano_va
26.12.2023 21:49
Şowhunly öýleler boldy ikindi,
Biz birek-birege keseki, ýa:tdyk.
Geýilmän taşlanan köýnek deý inni,
Sen meniň kalbyma bereňok şatlyk.

Ýüregňi gyýmasyn inçejik gussa,
Nämä gerek bir-biregi örtemek?!
Käte kalbyň sojap, ýüregiň gyssa,
Şatlan, öz janyňу ýakanňa derek!

Ýatlamalar bermez sonsuz şatlygy,
Gaýta olar seni irizer basym.
Sen maňa bagty däl, hem betbagtlygy
Bereniň üçinem Taňryýalkasyn!

Ýaşa, ömür iki gezek ýaşalmaz,
Şat bol, gaýgy-gussa göwne kerepdir.
Ah bagtly bolmagy kimler başarmaz,
Bagtsyzlyga welin, gaýrat gerekdir...

Goçmyrat Orazberdiyew
24
59
ilhano_va
26.12.2023 18:25
Söýdüm çyn ýürekden, şo boldy bagtym,
Söýdüm bilbilleriň söýşi dek ýazy.
Kämillik ýaşyna ýetmedik wagtym,
Kämillik ýaşyna ýetmedik gyzy.

Misli maňa beren ýaly rugsadym,
Söýdi başga birin gül açan gözel,
Kämillik ýaşyndan geçen pursatym,
Kämillik ýaşyndan geçen şol gözel.

«Munuň günäkäri sen däl! — diýdiler —
Munuň günäkäri başlangyç duýgy —
Kämillik ýaşyna ýetmedik wagtyň,
Kämillik ýaşyna ýetmedik söýgi.

Söýgi öýlänçi däl, birden gelenok,
Söýgi ýyllar boýy jem bolýan duýgyň.»
...Onda neçün şindem takat berenok
Kämillik ýaşyna ýetmedik söýgim?

Gurbannazar Ezizow
24
50
ilhano_va
26.12.2023 13:24
Hemme bilýär — erki bolýar her kimiň.
Meniňem paýyma birisi düşdi.
Göwnüne degmezdim lälik erkimiň,
Şoň üçin aldy-da, daşyma geçdi.

Günäsizmi ýa-da günälimidi,
«Ýör» diýse, yzyna düşäýmelidi.
«Mün» diýse, säginmän münäýmelidi.
«Düş» diýse, säginmän düşäýmelidi.

Gijeki peýdasyz oturlyşyklar,
Maňyzsyz jedeller, manysyz sözler,
Edilýän gybatlar — «opurlyşyklar»,
Akyllysyraýan akylsyz gözler, —

Syzdym: bulaň bary gerekmez zatdy,
Peslikdigini-de örän berk syzdym.
Ýöne erkim weli, diýseň bezzatdy,
Erkim bardy, emma ýene erksizdim.

Syzdym şu erk bolsa ruhum, serimde,
Bu durmuş, bu wagtyň manysy bolmaz.
Ýazylmaz ýazyljak setirlerim-de,
Okap biljek dessanlarym okalmaz.

Munuň özi şum düýş görüp uklama,
Munuň özi diňe boşluga elter.
Agşamky haýp geçen minutlaryma,
Şeýdip başym ýaýkap ökünýän erte.

Emma agşam ýüregimde tirpildi,
Otyryn. Göz welin, şol penjirede.
Ine, barmak aýna kakýar; tyrkyldy,
Men gidýärin boş dünýäme ýene-de.

...Men ahyr oturyp hyýala batdym,
«Nätmeli? Bu lälik erki nätmeli?»
Az ýöräp, köp ýöräp bir pikre ýetdim:
Ony it ýenjenden beter ýençmeli!

Men ony tutdum-da, daňdym erige,
Soň erikden çygly çybyk kesindim,
«Ilkinji urgyny haýsy ýerine
Eçilsemkäm» diýip, esli kösendim.

Wagtym az bolsa-da, bolsa-da iş kän,
Bar işimi taşlap urdum men, urdum.
Urdukça urmaga açyldy işdäm,
Urdukça beýgeldi, güýjedi ruhum.

Ony tertip bilen alty gün saýdym.
Wagt bolupdyr hezil edinerçe-de
Özünden gidenne düşünip aýdyň,
Boşatdym bagyndan ýedilenjide.

Boşatdym özümi halymsyraýan
Erkimiň öňünde çöken duýgudan.
Manysyz bolsa-da manylsyraýan
Şowsuz oturşyklar, şowsuz söýgüden.

Salam berdim bu durmuşa täzeden,
Birden wagtym many bilen gaplandy,
Bir wagtlar garşy çyksam näz eden
Erkim urgularda mäkäm taplandy.

Eger günleň biri tozadyp çaňyn,
Bir boş dünýä çagyraýsa erkiňiz,
Erk tapyň siz şeýle erki daňmaga
Soňra taýak bilen beriň merkini.

Gurbannazar Ezizow
27
44
ilhano_va
26.12.2023 09:14
Guşlar bilen söhbet açdym
Men bakylyk barada.
Ine, şu ullakan zemin
Hemem şu asman arada.

Dostlaryma sarpa goýdum,
Elýetmez gyzlary söýdüm,
Baş ýalaňaç gezdim garda,
Ine, şu ullakan zemin
Hemem şu asman arada.

Ýok, gykuwlap däl-de, aglap
Geçeninde jiger daglap,
Düşündim men durnalara
Öz köňlümem ahy-zarda,
Ine, şu ullakan zemin
Hemem şu asman arada.

Her näme diýsegem, dostlar,
Göterilsin bu gün tostlar!
Çünki ýaşamaklyk hezil
Gan urýarka damarlarda,
Ine, şu ullakan zemin
Hemem şu asman arada.

Gussa batmak nämä derkar!
Şatlanmaga hakymyz bar.
Gam çekeris biz aňyrda,
Biz, entek diri ahyry
Ine, şu ullakan zemin
Hemem şu asman arada.

Ýöne ulurak bolalyň,
Uludan tälim alalyň,
Söz açsak näme barada,
Çünki, kiçi bolmak — günä
Ine, şu ullakan zemin
Hemem şu asman arada

Gurbannazar Ezizow
26
35
ilhano_va
26.12.2023 00:15
Çaga!
Seniň adyň tutulan wagty
Giňeýär dargursak, ýylgyrýar dertli.
Bir günde müň gama döz gelip bilýäs
Bir dem Seni bagtly etmekden ötri.

Seniň bar ýeriňde terdir dirilik,
Seniň ýok ýeriňde –
älemde meşhur
Beýik ymaratlar, piramidalar,
Ýüzläp şäher, bag, gül –
hemmesi merhum.

Kä öýleň töründe üç-dörtden bar Sen,
Kä öýlerde ondan-on dörtden-de bar.
Käbir öýler bolsa gije-gündizläp
Diläp-diläp, ýeke dyrnagyňa zar.

Ýöne gürrüň ol babatda barmaýar.
Häzirki gürrüňim başga zat hakda.
Ýüzläp-ýüzläp otly-otly ojakda,
Ýüzläp-ýüzläp süýtli-süýtli gujakda
Bägül ysly, kümüş gözli emmäni
Sokjap-sokjap gelýäň bir gün kemala,
Onsoň adymyza «Nämüçin?» dakyp,
Sen jogap agtarýaň müň bir sowala.

Emma meň gürrüňim bu hakda-da däl.
Meniň bu gürrüňim başga zat hakda.
Käte Seni adam etmekden ötri
Galýarys biz adamlykdan uzakda.

Ýarylmaly wagty ýarylmaly çiş,
Aýdylmaly wagty aýdylmaly söz
Käte Sen sebäpli bogazda galyp,
Iriňleýär bogaz,
Simleýär bogaz.
Ýalan zada – ýalan,
Ýamana – ýaman

Diýilmeli ýerde çekilip gyra,
«Çagalar bar!» diýip, dişimiz gysýas.
Hamala diýersiň, çagaňa görä
Namysa ýeňillik berilýän ýaly,
Teselli gözleýäs her bir delilden.
Seni il hatarna goşmaklyk üçin
Şeýdip öz-özümiz daşlaşýas ilden.

«Çagalar bar!» diýip,
öz pesligmiziň
Garamatyn atyp Seniň boýnuňa,
Dünýädäki iň mukaddes sözleri
Käte gurban edip durmuş oýnuna,
Adalat öňünde,
Ynsap öňünde,
Hakykat öňünde düşýäris ejiz.
Şeýdip pida edýäs adamçylygy
Ertir Seniň adam bolmagyň üçin.
Belki, Seniň adam bolmagyň üçin
Pida-da gerekdir. Ýöne ol juda
Gymmat düşýär. Onuň her döwri üçin
Döwrüň namysyny edýäris pida..

Kerim Gurbannepesow
22
30
ilhano_va
25.12.2023 22:43
Her Döwür
Bir döwür bolar ekeni.
Görmän geçiräýsem bir ajap filmi,
Nije günläp etmişime ökünip,
Gynanyp ýörenim düýn-öňňün dälmi?

Her döwür
Bir döwür bolar ekeni.
Otly ajap ýerden geçende durman,
«Wah, şu ýerde bir
aý gezsediň!» diýip,
Çekerdim men arman üstüne arman.

Her dowür
Bir dowür bolar ekeni.
Barman geçiräýsem bir duşuşygy,
Göýäki diýersiň, öz ellerimden
Baky uçuran dek söýgi guşumy,
Ökünip, ökünip,
Ol ökünçleriň
Ýetibilmezdim men aňry başyna.
...Her döwür bir
döwür bolar ekeni,
Bu gün başga ökünç geçýär daşyma.

Indi ençe ýyldyr,
Säherden turup,
Şapaga seredýän başymy ýaýkap,
Serçeleň sesine dişimi ýuwup,
Bilbilleň sesine agzymy çaýkap,
Ýapraklaň çygyny owuçlap içýän.
Şapagyň nuruny döwümläp iýýän.
«Eý, şahyr, şuň ýaly
ajap säherleň
Näçe müňün ýatyp geçirdiň?»
diýýän.

Görmedik filmleň ýene-de geler.
Görmedik ýerlerňem göräýse bolar.
Ardurja sypdyrlan ol duşuşyklar
Giç däl, olaryň-da bir zady bolar.

Emma aglap giden tylla säherler –
Siz nirede?
Jogap berenok olar...

Kerim Gurbannepesow
29
29
ilhano_va
25.12.2023 19:48
Tomus agşamydy. Asman tämizdi.
Jana tenekardy salkynjak şemal.
Asmanyň gözleri Ýeriň gözlerne
Göz gypyp, näz aýlap
berýärdi salam.

«Ol gözleň hersiniň öz ady bardyr»
Diýip, atalarmyz ýekeme-ýeke
Atlaryn sanardy, bizem diňlärdik.
Çagalyk ötegçi taýçanak eken.

Toýnaklaryn kakyp geçdi-de gitdi.
Düýn ýalydy weli – eýýäm ol taryh...)
Otyryn ýyldyzlaň adyny ýatlap:
«Zöhre», «Abdalgolak»,
«Ýedigen», «Myrryh».

Otyryn hemmesin ýatlajak bolup,
Gün bataly bäri asmanda gözüm.
Ne-hä tüsse bardy, ne-de bir bulut –
Süýt ýaly asmany synlamak hezil!

Otyryn belentden belende bakyp.
Üç sagatdyr gözüm zar boldy ýere.
Belentlikden ýaňa aýlandy kelläm.
Ýere bakdym weli düzeldi ýene.


Kerim Gurbannepesow
24
68
ilhano_va
25.12.2023 15:04
Näme diýse, şony diýsin özgeler,
Meniň bu meselä öz garaýşym bar:
Adam ýalňyşýarmy, diýmek, özgerer,
Diýmek, oňa soňra ösüş garaşýar!

Alym bolsun, işçi bolsun ýa aşyk,
Ýa-da meýdanlaryň häkimi daýhan,
Olar ýalňyşlyklaň üstünden aşyp,
Ýeňişi özüne çekerler hökman!

Olara duruw ýok. Olarda güýç bar,
Olar bulaşyp ýör maňlaý derine.
Otluçöpüň dänesi deý sürtülýär,
Olar şowsuzlyklaň kükürtlerine.

Durmuş Kiselýowyň «Algebrasy» däl,
Durmuş algebradan çylşyrymly has.
Onda ýalňyşmagam asyl günä däl, —
Çünki ýalňyşmazlyk üçin ýalňyşýas.

Bilýän ýalňyşmaýan adamlar-da bar,
Syn etseň, wagty hoş, gowy ýalydyr.
Emma, gör, termosa guýlan suw kimin,
Ne bir ýylaýandyr, ne sowaýandyr.

Ýalňyşýanlaň lapy keçdir elmydam,
Gynansa buzdur ol, begense — otdur.
Ýalňyşmasyn diýip başga bir adam,
Onuň ýalňyşmagy bilseň oňatdyr.

Ýer ýüzüne tohum sepiň, el ýetse,
Tohum sepip utulan ýok, utan bar.
Il-gün üçin sähelçe-de haýr etse,
Işiňizde ýalňyşmaga utanmaň!

Gurbannazar Ezizow
24
33