Çaga!
Seniň adyň tutulan wagty
Giňeýär dargursak, ýylgyrýar dertli.
Bir günde müň gama döz gelip bilýäs
Bir dem Seni bagtly etmekden ötri.
Seniň bar ýeriňde terdir dirilik,
Seniň ýok ýeriňde –
älemde meşhur
Beýik ymaratlar, piramidalar,
Ýüzläp şäher, bag, gül –
hemmesi merhum.
Kä öýleň töründe üç-dörtden bar Sen,
Kä öýlerde ondan-on dörtden-de bar.
Käbir öýler bolsa gije-gündizläp
Diläp-diläp, ýeke dyrnagyňa zar.
Ýöne gürrüň ol babatda barmaýar.
Häzirki gürrüňim başga zat hakda.
Ýüzläp-ýüzläp otly-otly ojakda,
Ýüzläp-ýüzläp süýtli-süýtli gujakda
Bägül ysly, kümüş gözli emmäni
Sokjap-sokjap gelýäň bir gün kemala,
Onsoň adymyza «Nämüçin?» dakyp,
Sen jogap agtarýaň müň bir sowala.
Emma meň gürrüňim bu hakda-da däl.
Meniň bu gürrüňim başga zat hakda.
Käte Seni adam etmekden ötri
Galýarys biz adamlykdan uzakda.
Ýarylmaly wagty ýarylmaly çiş,
Aýdylmaly wagty aýdylmaly söz
Käte Sen sebäpli bogazda galyp,
Iriňleýär bogaz,
Simleýär bogaz.
Ýalan zada – ýalan,
Ýamana – ýaman
Diýilmeli ýerde çekilip gyra,
«Çagalar bar!» diýip, dişimiz gysýas.
Hamala diýersiň, çagaňa görä
Namysa ýeňillik berilýän ýaly,
Teselli gözleýäs her bir delilden.
Seni il hatarna goşmaklyk üçin
Şeýdip öz-özümiz daşlaşýas ilden.
«Çagalar bar!» diýip,
öz pesligmiziň
Garamatyn atyp Seniň boýnuňa,
Dünýädäki iň mukaddes sözleri
Käte gurban edip durmuş oýnuna,
Adalat öňünde,
Ynsap öňünde,
Hakykat öňünde düşýäris ejiz.
Şeýdip pida edýäs adamçylygy
Ertir Seniň adam bolmagyň üçin.
Belki, Seniň adam bolmagyň üçin
Pida-da gerekdir. Ýöne ol juda
Gymmat düşýär. Onuň her döwri üçin
Döwrüň namysyny edýäris pida..
Kerim Gurbannepesow